Relax
02.06.2024 10:23


Dünýäni döreden Güýç aram-aram özi barada habar bermegi gowy görýär. Özem gönümel däl-de, bir tüýsli geň usulda. Aýdaly, asmanda guşlar donup galýar ýa-da iki sany gün peýda bolýar. Aý ikä bölünýär, käbir adamlara şol bir sanlar sataşýar, hiç bir kartada ýok şäherler peýda bolýar. Garaz dünýede örän geň zatlar kän bolup geçýär, bolup geçýän zatlaryň ählisi, biziň aňymyzda berkän materialistik dünýäň sütünlerini gowşadýar. Materialistik dünýä daş töwerekdäki ähli bolýan zatlary hökman düşündiräýmeli, şeýle dälmi? Eger düşündirip bilmese, diýmek ol ynamdan adamzada peýda ýok. Beýik Ýaradyjy bolsa aram aram örän ýeňiljek usulda material dünýäniň sütünlerini sarsdyrmagy gowy görýär, ýokarda agžalan ýaly ýeňiljek gudratlary görkezýär, adamlarda materýalistik dünýä şübhe dörär ýaly. Bu Hudaýyň häsiýeti, bu zatlardan gitjek ýeriň ýok. Ýöne, dünýäni dolandyrýan "gara güýçler", isle masonlar, ilýuminatlar ýa-da başga bir güýçler, internet atly ulgamy işe girizmäge mežbur boldular. Internet ähli ýerde elýeter bolar ýaly, wideo we foto kameraly telefonlary hem her bir adama elýeter bolar ýaly etmeli boldylar. Her bir adamy yzarlamak üçin bu çykgynsyz çäre, bu ýerde 2-nji waryýant ýok. Her bir adamyň eline kameraly telefon berip we internetde ähli zatlary paýlaşmaga mümkinçilik döredip, Garä güçler bir zatdan gorkdular. Häli şündi onda munda Hudaýyň görkezýän ownujak gudratlary bilen nähili bolmaly? Ol gudratlar hemişe bardy, ýöne indi ol gudratlary islendik adam telefona düşürip, başgalar bilen paýlaşyp biljekdi. Şeýle gudratlaryň ýeketäk düşündirişi bolsa, diňe Hudaýdy. Dogrusy 1999-njy ýylyň mart aýynyň 31-ne çenli şeýledi. Şol seneden soň ähli zat üýtgedi. Golliwud "Matrisa" atly çeper filmi surata düşürdi we şondan soň ähli zat üýtgedi. Ol çeper filimde biziň ýaşaýan dünýämiz kompýuter simulýasiýasy diýen pikir öňe sürülýär. "Matrisa" çeper filmi ýöne ýere 1999-njy ýylda peýda bolmady, ol film laýyk elektron enjamlaryň giňden ýaýramagynyň öň süresi ekranlara çykdy. "Matrisadan" soň, her dürli çaklamalar we teorýalar peýda bolup başlady, hamala bir adamzat, ähli şäherlerimiz we janly tebigatymyz bilen, örän uly kompýuter similýasiýada ýaşaýas. Daş-töwerekde bolýan Hudaýyň ownuk gudratlary bolsa, şol kompýuteriň ýalňyşlyklarynyň hasabyna ýazyldy. Biziň çyndan hem kompýuter simulýasyýasynda ýaşaýandygymyzy çyny bilen subut etmäge synanşýan adamlar diýseň kän. Iň bärkisi Ilon Mask atly artist hem şol tarapa ýykgynlyk edýänini aýtdy. Garaz Matrisa kulty adamlaryň aňynda örän berk urnady, özem pikir edip bilýän adamlaryň aňynda. Pikir etmeýän adamlara Hudaý öz gudratlaryny görkezenok. Bu ýerde bolsa gudraty başga akyma sürmek üçin "Matrisa" teoriýasy möwç alýar. Elbetde bu aldawlaryň barsy biziňki ýaly halklara nýetlenmändigi üçin, biz bu zatlarşan çetde. Ýöne ýewrupa halklary Matrisanyň ýesirligine düşdüler. Biziň merýalistik dünýämiziň sütünlerini sarsdyrýan islendik düşnüksiz zady, indi matrisaň ýalňyşlyklaryna ýazybermeli. Elbetde beýle işler ilki bilen Hudaýa garşy edilýär we adamzady iň esasy duşmany bolan iblissiz amala aşyryp bolmazdy. Duşman 2 dünýäde öz işini alyp barýar, biziň dünýämizde çöpçülikleýin habar beriş işleri Martisa temasyny gyzgyn ýagdaýda saklaýarlar, ony dogry akyma ugrukdyrýarlar. Pikirler dünýäsinde ýaşaýan şeýtanlar bolsa, gerekli wagt adamlaryň kellesine dogry pikirleri oklaýar. Praktikada bar zat şeýle işleýär: Bir adam internetde bir ýerde, ýa-da öz durmuşynda geň zadyň şaýady bolýar, mysal üçin aýdaly tutuş towuk ketek doňup galýar, hiç bir towuk gymyldanok. Şeýle zady synlan adamyň kellesine birinji geljek pikir, materýalistik paradigma ähli zady düşündirip bilenok, dünýede ýene bir güýç bar bolmaly? Ýöne 1999-njy ýylda çapa çykan Matrisa atly şeýtanyň çeper filmi öz işini etdi. Adatdan daşary islendik gudraty synlan adamyň iň birinji kellesine gelýän pikir? 

Bu Matrisa. Dogrusy pikirler dünýäsiniň öz hökümdary bar we pikirleri adamlaryň kellesine şol oklaýar, ýöne kellä pikir oklamak üçin, fiziki dünýäde döredilen obrazlar gerek. Obrazlary döretmekde iň öňde baryjy kärhana haýsy? Bildiňiz, "Disneý" kino kompanýasy. Ýeri gelende aýtsam, ruslaryň geçiren soraglarynyň esasynda, şu wagyda çenli durmuşa çykman galan garry gyzlaryň iň esasy sebäpleri, olaryň şazada garaşmagy bolup durýar. Şazadalaryň iň esasy ekspartýory bolsa, Disneý studiýaň multfilimleri. Garaz ýokarda agzalanlary bir sözleme jemlesem şeýle bolýar: 20-nji asyrdan başlap materialistik paradigmasy möwüç alýar. Beýik Ýaradyjy bolsa balans bolar ýaly materýalistik dünýäni puja çykarýan ownuk gudratlary görkezýär. Görkezeniniň zyýany ýok welin, ýöne XXI asyryň başyndan internetidi we kameraly enjamlary köpçülige elýeter etmek zerurlygy döreýär we köçülige ýaýrajak gudratlary bir zat edip materialistik paradigmaň çäginde adamlara düşündirmeli bolýar. Şu ýerde Matrisa ideýasy peýda bolýar.


Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, global mediýa, kinematografiýa we başga şoňa meňzeş ulgamlar, tutuşlaýyn duşmanyň elinde we diňe Hudaýa we adamzada garşy işleýär. Şol ýerde peýda bolen islendik önüm, hiç haçan ýöne ýere däl.


Rahman Zulfikarow

kitapcy

25
75
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.