Relax
09.05.2024 23:13

♣ Birnäçe adam jynaza namazyna gatnaşanda "soñky borjumyz amal edýäris" diýip öz-özlerine teselli bererler, emma olar ondan öñki borçlaryny ýerine ýetirmelidirem öýdenok...


♣ Gadymkylar "Ýagšy adamyñ ady agzalsa, sözüñ üstüne geler" diýipdirler. Men hemişe seniñ adyñy gaýtalap ýörsemem geleñok; diýmek sen gowy adam däl bolmaly.


♣ Öz güýçlüdigime meniñ özümem ynanýaryn, çünki güýçli bolmaga mejburdugym üçin güýçli boldum, öz islegim bilen däl...


♣ Beýik taryhçylaryñ biri şeýle diýipdir: "Taryhdan alynan iñ uly sapak ~ adamlaryñ taryhdan sapak almaýanlygyna düşünmekdir".


♣ Bolup geçýän zatlar biziñ islegimize görä, bolýan bolsa, hamala wakalary biziñ özümiz dolandyrýarysmyka diýip düşünýäris. Adam oglunyñ iñ uly hownuhoşluk pañkelleligi hem şunda! Emma wakalar biziñ isleglerimize gabat gelmese, ajy hakykat alnymyza gütüläp degýär...


♣ Indi ne-hä gelmek, ne-de gitmek durmuşyñ iñ agyr pursaty bolup bilmez, ýagny biziñ hiçimizem dünýä inerimize garaşmandyk, dogulanymyzdan bäri ölerimize garaşýarys.


♣ Durmuş bir synagdyr diýip düşünseñ, onuñ bilen hiç gidişme, adyñy ýaz-da bir gyra çekil. Belki synpyñdan ýykylmarsyñ, emma adyñ aşagynda ap-ak bir sahypa galdyrarsyñ.


♣ Ýalñyzlygymdan başga hiç hili ýakynymam ýok. Kämahal olam meni ýalñyz goýýa diýmeseñ...


♣ Sen ýok. Ýagyşam biderek ýagýar. Bilelikde ezilip bilemzok. Küýseglerimizem, aýralyklarymyzam biderek, aramyz diýseñ uzak. Bilelikde aglabam bilemzok...


♣ Siz üns berdiñizmi ýa bermediñiz, bilemok. Bizde wezipeli işgärleriñ ýüzi köplenç agyr, asyk bolýar. Halkyñ hyzmatyndaky adamyñ halka ýüzüni asan bolmasyna hiç düşünip bilemok...


♣ Ýaşlyk... Ýaşaýyşyñ tagamyny bilmänkä ýaşan we ýaşaýyşyñ hemişe şol başdaky ýaşaýşy ýaly dowam etjegune ynanan adamyñ ömrüniñ başky döwri..


♣ Gaýgy-hasratlarymyñ gymmatyna wagt geçdigiçe has gowy düşünýärin...


♣ "Meni çakmadyk ýylan müñ ýaşasyn" diýip ýaşadan ýylanlaryñyzyñ soñky pidasy özüñiz bolarsyñyz...


♣ Eýe bolup bilmedik bir zadyñ bar bolsa, ony ýeterlik islemändigiñ üçindir.


♣ Mundan öñküler nähili tamamlanan bolsalar, bulam şeýle tamamlanar. Tamamlana-tamamlana menem tamamlanaryn. Wessalam, iş tamam.


♣ Garyp-gasarlar ömürlerinde birje gezek ýeñillikden peýdalanarlar, olam ölenlerinden soñ. Meýdi dessine tabyda salnar we derrewem jaýlanar.


♣ Ynanç... Muña gowy düşünýän. Ynanjyña arka dur, eger gorkýan bolsañ, iñ bolmanda dymyp otur! Emma bu gün täze gelene ýaranjak bolup düýnki öwlüýä diýip oturan adamyña kesek oklama, ogry, haramzada diýme.


♣ Ha altyndan bolsun, ha demirden. Kapasa - kapasa bolar!

39
272
Relax
10 May 2024
@gulia_maksatmyradowna, bu turkmen agalan aydany bolmaly , bu yazylanlar turkmen agalar aytmadyk
gulia_maksatmyradowna
10 May 2024
2)Ýagşy ýigit aş üstüne ýaman ýigit gep üstüne" diýilýädimi
manolya
10 May 2024
Salam ,soňky postymy bildirişli edip beräýiň...hormatly admin !
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.