♣ Gaý-tupan hernäçe öwüsse-de, çarlak söýgüli deñzinden el üzmez.
♣ Bir ýazyjynyñ iñ uly tragediýasy ~ ölüminden soñ yzynda galan zatlary, tamamlanmadyk ýazgylaryny onuñ özünden başga hiç kimiñ ýazyp bilmejegidir.
♣ Seni ejeñ ýaly söýjek we kakañ ýaly gamyñy iýjek ýokdur. Şonuñ üçin hiç kim seniñ ýanyñda söýgiden söz açmasyn.
♣ Ýoldaşymyza, dostlarymyza akyl bermek bize mahsusdyr. Akyl bermekden çäksiz lezzet alýarys. Öñümizden biri biri çykýar welin, derhal oña akyl berjek bolup dert-azara galýarys. Akyl bermek babatda biziñ ýaly jomart adamlar barmyka?!.
♣ Tanyş-biliş, deñ-duş, dost-ýar, hakyky dost... Her adamyñ tanyş-bilşi köpdür, ýöne deñ-duşy azdyr. Dost-ýary ondanam azdyr. Hakyky dosty bolsa, dost-ýardanan azdyr...
♣ Hormatlanýan bir syýasatçymyzyñ iş otagyna girdim. Ol kitaba gümra bolup durdy. "Näme okaýarsyñyz, halypa?" diýip soradym welin, "Demokratiýanyñ tepbedini okaýaryn!" diýip jogap berdi.
♣ Seniñ barlygyñda ýalñyzlykdan has beter ýalñyzlyga düşdüm. Haýyş edýärin, meni öz-özüm bilen goý...
♣ Adam içinde ýaşap ýörkä pursatlaryñ pursatdygyny bilmeýär.
♣ Adam diñe aýdýan zatlaryndan däl-de, dymýan zatlaryndanam jogapkärdir.
♣ Käbir adamlar öwünmeli zatlaryndan utanarlar, utanmaly zatlary bilenem öwünerler...
♣ Bir gün bu ýurduñ ýañajygna bir posa, başujuna-da bir bellik goýup başymy alyp giderin...
♣ Özüñ bilýäñ: günäleri ýazýan perişde çepde oturýar. Megerem ýüregiñ çepdeligem şonuñ üçindir?!. Belki-de, söýgi başdan geçirýän iñ uly günämizdir...
♣ Dünýäniñ öñünde bergidar bolup ölmeli boldum. Eýse bu dünýä bergidar bolup ölmeýän barmy näme? Diñe bergili däl, dünýäden algyly bolubam ölýänler bar...
♣ Erkek adam añsat-añsat aglaýan däldir. Eger aglaýan bolsa, onda onuñ gözýaşynda ýalanyñ zerresi-de ýokdur.
♣ Adamyñ nirede garny doýsa, şol ýeri-de watan ekeni.
♣ "Hiç kime ynanamok" diýen zat ýok, wagtynda "Oña ynanandygym üçin indi hiç kime ynanamok" diýsek dogry bolar.
♣ Ulalan adamlar bilen olaryñ öz çagalyklarynyñ arasynda belki müñ, belki-de iki müñ ýyllyk wagt bardyr. Şonuñ üçinem biz ulalanlar öz çagalygymyzy unudýarys.
♣ Adam dara-direde iñ bolmajak zatlary-da añyna aýlap ýetişýär.
♣ Ne öliniñ, ne-de gideniñ yzyndan gepi ediler. Çünki yzynda galan üçin ölen bilen gideniñ tapawudy bolmaz.
♣ Dünýäde iñ erbet zat - adamyñ iñ soñky ýapyşalgasy bolan adalata we hukuga bolan ynamyny ýitirmegidir.
♣ Gorkamok diýýänler başgalaryñ öñünde ýalan sözleýärler, ýa-da özlerine ýalan sözläp öz-özlerini ynandyrýarlar, ýa-da özleri-de bilmän adam däldiklerini aýdýarlar.
♣ Üşeýän bolsañ onda ýylylyk ýokdur, garañkylyk bar bolsa onda ýagtylyk ýokdur. Eger hemme ýer garañkylyk bolup, senem üşeýän bolsañ, onda OL ýokdur.
♣ Käte birini şeýle bir küýsärsiñ welin... Hatda küýselen kişi öz ýoklugyndan utanar.
♣ Adam ýaly erbet mahluk ýok... Bagtyny başgalardan-a gysganýar, başyna bir betbagtlyk inse welin, başgalar bilen paýlaşasy gelýär...