Paradise
04.05.2020 22:09
Giň dünýäde göreşmeli hemişe,
Dostluk üçin,söýgi üçin,il üçin.
Şemal deýin öwsüp gelip gidişe
Baş egmezek,keçjal goja bil üçin.

Dünýäň gözelligi, görki görmegi
Başyna bagt gonan ynsan bilendir.
Çünki ynsan dünýe üçin döremän,
Dünýe ynsan üçin döredilendir

Näçe dik tutsam-da juwan serimi,
Keramat öňünde başymy egýän.
Sebäp keramatdan boljak zat bolup,
Bolmajagyň bolup biljegin bilýän.

Mähir bilen göreçlerňiz dolduryp,
Söýüň siz hemişe birek biregi!
Dünýe-ýaşaýyşyň gözbaşy bolsa,
Söýgi hem dünýäniň ýalňyz diregi.

Güýz ýetip gelende ýaşyl ýapraklar
Şahalarda Gün nuruna saralýar.
Ýapraklar şahadan zemine gaçsa,
Şahalar hem ýapragyndan aýrylýar.

Durmuş hatar tutan kerwene meňzäp,
Ençelere bagtdyr,ençä duzakdyr.
Dünýede ebedi bir hakykat bar:
Ömür gysga,durmuş bolsa uzakdyr
54
384
Paradise
03.05.2020 22:25
GÜL GOWŞURAN GYZA

Sag bol eýjejik gyz ,özüňe derek,
Basaýyn bagryma beren güllerňi.
Ýöne indi diňe sen däl,hiç gyzam,
Gaýdyp berip bilmez geçen günlermi.

Berip bilmez hat-da ony, şu gözel
Ömri maňa peşgeş beren ejem-de.
Şonuň üçin awap gitýär ýüregim.
Gözel gyzlaň gapdalyndan geçemde.

Size öňde şatlyk-şowhun garaşýar,
Söýüň, söýdüriň hem göwün ýurdun.
Men bolsa hiç haçan gaýdyp gelmejek,
Ýaşlygymy taraşlap goşga öwürdim.

Arzuwlarňy, guwanjyňy, şatlygňy,
Lowlap duran al güllere öwür-de,
Getir uýam !
Men olary goýaýyn,
Öz ýaşlygmyň heýkeliniň öňünde...
55
437
Paradise
02.05.2020 22:57
Ýaz bolup gitgin!

Heniz ösüp durka ömür daragtyň
Bir gün sawçy gelip açylar bagtyň,
Şeýdip toý kürtesin atynan wagtyň
Assa ýuwaş ýöräp uz bolup gitgin!

Ornaşyp törüňe daňansoň öýme,
Hasratlaň içinde örtenip köýme,
Mähriban ýaryňy ýalandan söýme,
Çyn söýgüň içinde köz bolup gitgin!

Namysyň päk bolsun getirme ysnat,
Abyraý tapdyrmaz ol örän gyt zat,
Imandan daş düşme nebsiňi gyssap,
Baýlygy terk edip az bolup gitgin!

Gürläniň sözläniň ýalan bolmasyn,
Päliň hem niýetiň ýaman bolmasyn,
Allajan arzuwlaň solan bolmasyn,
Göwünleň küýsegi saz bolup gitgin!

Hak berip bagtyňy bagtyýar bolsaň,
Şondan zyýat munda näme bar onsoň,
Durmuş kemçiligem düzeler soň,soň
Ýürekleň töründe ýaz bolup gitgin!
61
338
Paradise
02.05.2020 16:37
Çagadan öwrenmeli...
Belki-de ýalňyşýandyryn,ýöne özüm-ä şu pikirde. Biziň entek öwrenmeli zatlarymyz köp. Onda-da çagalardan. Çagalar biziň köpümizden kämil meselem çagalara kiçijik sowgat berenimizde olar sowgadyn kiçiligine ýa-da ulylygyna seredenoklar biz olaryñ şol beren sowgadymyza diriñ-diriñ bökjekläp duruşyny görýas.
Biz bolsa...Allatagallanyň bize beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys.
”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin pes ýaşaýanlara seredemzok? Göwniýetmezçilikdenmi? Islendik adam baýap ugrasa tumşugy asmana salam berip ugraýar we diňe özünden
ýokardakylary görýär.Peslere seredesem gelenok.Ine bar mesele şonda.Yada bolmasa bagyşlamak çagalar uzak gaty görüşenok. Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm gülüşip,oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler. Biz näme? Iki-üç ýyllap gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar.Ýüregmizde şol öňki kineleri göterip ýörüs.Soňam şol kineler ýürege agram salyp ýürek agyrydan ejir çekýäris. Alla adamlaryň günäsini bagyşlaýar,biz
başaramzok, hat-da biziñ özümiz bagyşla diýmegi kiçilik bilýäs .Ilki bilen begenmegi, bagyşlamagy başarmaly ana şonda durmuşymyza reňk goşulyp, gözelleşip ugrar.
59
681
Paradise
01.05.2020 18:53
Giç gelen ýaz ýaly garagöz ykbal,
Meni beren gözlegiňden ynjama.
Uludan dem alyp, göwnüňi ýykman,
Nazaryňa dözmegimden ynjama.

Bir gonan bagyňdan uçup gitme kyn,
Köňülden köňüle göçüp gitme kyn,
Bolsa-da pyşyrdap aýtmaga ýakyn,
Eşitmedik sözleriňden ynjama.

Şol gün ýaprak ýagdy, saralyp ýagdy,
Şemal ne dälidi, ne-de bir sagdy,
Saňa heser bilen bakmaly wagty
Gabak örten gözlerimden ynjama.

Ýürekdeş ýagyşlar inende sessiz,
Saňa bagtly günler hemaýat etsin,
Ömrümde bir gezek mähirden tesdim,
Öz göwnümi ezmegimden ynjama.

Sen bir eziz serwi — başlary galyk,
Eh, owadan owa, çyglanma, çalyk,
Meniň aýdylmadyk sözlerim bolup,
Damja gaçsa, gözleriňden ynjama.
52
352
Paradise
30.04.2020 14:01
“Belki şeýle bolmak takdyrda bardyr”
Diýip, gara gözleriňi ýaşlama.
Takdyr biz ikimiz sygardan dardyr,
Takdyr däldir urulmaklyk daşlara.

Bagtyna öwrülýär adamyň erki,
Egrelip ösmegin, eý, meniň şaham.
Şor suwly käsäni saňa kim berdi
Süýjülik suwuna teşnekä dahan.

Gazlaryň sürüsi geçer sallanyp,
Ýellenen gabagyň ýelpär giderler.
Durmuşa wepaly bolanda anyk
Ysgynsyz pikirler selpär giderler.

Güýçli däl, akylly bolany üçin
Tebigat adama ynanýar şeksiz.
Tükenmez utanja goýarsyň meni
Ýazlaryň öňünden gözýaşly çyksaň.

Aý bize egnini deňlär ýene-de
Gör, kölüň üstüne ýyldyzlar ýagdy.
Ýaňy ýylgyranda garry ene deý
Agladyp ýörmegem bolarmy bagty?!

Men beýle takdyra bermerin seni,
Şatlykdan demimiz tutulsyn gitsin.
Döwülen küýze deý zyňarys ony,
Goý, bagtyň ornuna aglasyn ýatsyn.
51
418
Paradise
30.04.2020 00:05
Barýar ýol ugrundan çala yranyp,
Gözleri gussaly, umydy ýarsan.
Bilmän barýar öz göwnüne ýaranyp,
Ejirden dişleri dökülen arslan.

Barýar lirikanyň diri heýkeli,
Dünýäni bir söze satyp barýar ol.
Gör, hem-ä rowaýat, hemem erteki,
Hem mukam deý yraň atyp barýar ol.

Onuň bar uýady içýän şeraby,
Onuň bar aýyby yşky dälmidir. .
Onuň bar ýazygy dilde kelamy,
Onuň bar azygy goşgy dälmidir.

Şygryýet şiri ol, lirikaň neri,
Ýetişen çynar ol başynda çeşmäň.
Şahyr bolup bormy sämetmän seri,
Goşgy ýazyp bormy özüňden geçmän?

Şygyr atly keramata ynanyp,
Öz akjak derýasyn gazyp barýar ol.
Ýanýodada çalajadan yranyp,
Iň uly eserin ýazyp barýar ol.
45
200
Paradise
29.04.2020 23:59

Bilmese bir-birek haly ýeñledip,
Aýdylmadyk sözler ar alsa senden.
Ýagşyñ owazyny hüwdä meñzedip,
Hemaýat gözleýäñ guşuñ sesinden.

Käte göwnüñ ýaly öýüñem sowuk,
ýöne birden bir söz ýagtyldýar törüñ,
Onsoñ, biz gussany daş kimin owup,
Şol ýeke söz bilen ýylanyp ýörüs.

Elimiz giñedi, dokundy zaman,
Eger aç bar bolsa, sözüñ ajydyr.
Söz – adamyñ öz-özüne çydaman,
Ahyr bir gün açyş eden zadydyr
44
190
Paradise
29.04.2020 20:16

Haýp, şat günleň geçişine sered-ä,
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz ýere kän
töhmet atyp oturma:ly ykbala.

Muny göre-göre gelýän durmuşam,
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam
Meňzemeýär ýelegine tawusyň.

Toýuň bolar şol sähetli senede,
Galman bilmez monjuklaryň düzülmän.
(Bolmajagna gözüm ýetýär, şoňa-da
ýüregim agyrýar, juda üzülýän.)

Meni ýakynyň saý. Özgäniň, ýadyň
Garşysynda çökermegin gerdeni.
Her niçik-de bolsa, begenýän zadym —
Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi.

Gaý-tupanyň güýji ýetmez ýykmaga,
Ynam bilen kürekleseň — gaýykdan.
Ýöne öňler alkyş aýdyp ykbala,
Bu günde hem köteklemek aýypdyr
42
395
Paradise
28.04.2020 22:15
Gitseň, mendir sensizlikde üşeýän,
Sen dünýämiň sowulmajak ýazydyň,
Ýalňyşym däl, asyl seni söýmegim
Ýazgydymda ýazylmadyk ýazygym.

Gitseň, mendir haýbatyndan çyrpynyp,
Tolkunyn kenara okduran umman.
Ýa öz duýgularna erk edip bilmän
Dolanmaz dünýäsin ýitiren durnaň.

Gitseň, mendir hijranyňda hiňlenip,
Ýüreginde adyň gaýtalap urýan.
Binýady bitmedik yşgyn ýumuryp
Sen dälmi aýralyk diwaryn gurýan.

Gitseň, bir haýyşym, başarsaň eger,
Ýatlamalaň hakydamdan sogur, al.
Wiý, ýogsa-da gaýtaryp ber, birmahal
Biygtyýar ýüregimi ogurlan.

Gitseň gözleriňde görünmez gözũm,
Besdir, dilim sen hakyňda diýmezem.
Seň dünýäňde men ýok,
Dünýämde sen ýok,
Indi meni sensiz günler güýmesin...


Gözel Umarowa
48
231