Paradise
29.04.2020 20:16

Haýp, şat günleň geçişine sered-ä,
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz ýere kän
töhmet atyp oturma:ly ykbala.

Muny göre-göre gelýän durmuşam,
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam
Meňzemeýär ýelegine tawusyň.

Toýuň bolar şol sähetli senede,
Galman bilmez monjuklaryň düzülmän.
(Bolmajagna gözüm ýetýär, şoňa-da
ýüregim agyrýar, juda üzülýän.)

Meni ýakynyň saý. Özgäniň, ýadyň
Garşysynda çökermegin gerdeni.
Her niçik-de bolsa, begenýän zadym —
Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi.

Gaý-tupanyň güýji ýetmez ýykmaga,
Ynam bilen kürekleseň — gaýykdan.
Ýöne öňler alkyş aýdyp ykbala,
Bu günde hem köteklemek aýypdyr
42
395
gulshatayewa97
29 Aprel 2020
Ee gynançlylaý bu goşgy?
Suraý
29 Aprel 2020
Toýuň bolar şol sähetli senede ?
barlagcy
29 Aprel 2020
Ýypgyryşyñ gizlap bilýär derdiñi ynsanyñ gozleri gizlap bilmez ol dine hakykaty aydar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.