Paradise
03.05.2020 22:25
GÜL GOWŞURAN GYZA

Sag bol eýjejik gyz ,özüňe derek,
Basaýyn bagryma beren güllerňi.
Ýöne indi diňe sen däl,hiç gyzam,
Gaýdyp berip bilmez geçen günlermi.

Berip bilmez hat-da ony, şu gözel
Ömri maňa peşgeş beren ejem-de.
Şonuň üçin awap gitýär ýüregim.
Gözel gyzlaň gapdalyndan geçemde.

Size öňde şatlyk-şowhun garaşýar,
Söýüň, söýdüriň hem göwün ýurdun.
Men bolsa hiç haçan gaýdyp gelmejek,
Ýaşlygymy taraşlap goşga öwürdim.

Arzuwlarňy, guwanjyňy, şatlygňy,
Lowlap duran al güllere öwür-de,
Getir uýam !
Men olary goýaýyn,
Öz ýaşlygmyň heýkeliniň öňünde...
55
437
gulshatayewa97
4 May 2020
Aglatjak bu...
Paradise
4 May 2020
Howa mena aglapdym su gosgyny bir synpdasym okanynda
gulshatayewa97
4 May 2020
Gutardyşda okamana gaty gowy eken... Birhili bolp gtdmäý...?
Gaýypguly
4 May 2020
Gowy goşgy eken manyly goşgy manysyna düşünseňiz sagbolun pradise
L-minikkalpler
4 May 2020
Hmmm bolya
Paradise
4 May 2020
Bilmedimda awtoryny okuwcy wagty 25nji mayda okalypdy su gosgy
L-minikkalpler
4 May 2020
Hakyky gowy gosgy yazary kim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.