Giň dünýäde göreşmeli hemişe,
Dostluk üçin,söýgi üçin,il üçin.
Şemal deýin öwsüp gelip gidişe
Baş egmezek,keçjal goja bil üçin.
Dünýäň gözelligi, görki görmegi
Başyna bagt gonan ynsan bilendir.
Çünki ynsan dünýe üçin döremän,
Dünýe ynsan üçin döredilendir
Näçe dik tutsam-da juwan serimi,
Keramat öňünde başymy egýän.
Sebäp keramatdan boljak zat bolup,
Bolmajagyň bolup biljegin bilýän.
Mähir bilen göreçlerňiz dolduryp,
Söýüň siz hemişe birek biregi!
Dünýe-ýaşaýyşyň gözbaşy bolsa,
Söýgi hem dünýäniň ýalňyz diregi.
Güýz ýetip gelende ýaşyl ýapraklar
Şahalarda Gün nuruna saralýar.
Ýapraklar şahadan zemine gaçsa,
Şahalar hem ýapragyndan aýrylýar.
Durmuş hatar tutan kerwene meňzäp,
Ençelere bagtdyr,ençä duzakdyr.
Dünýede ebedi bir hakykat bar:
Ömür gysga,durmuş bolsa uzakdyr