Paradise
28.04.2020 22:15
Gitseň, mendir sensizlikde üşeýän,
Sen dünýämiň sowulmajak ýazydyň,
Ýalňyşym däl, asyl seni söýmegim
Ýazgydymda ýazylmadyk ýazygym.

Gitseň, mendir haýbatyndan çyrpynyp,
Tolkunyn kenara okduran umman.
Ýa öz duýgularna erk edip bilmän
Dolanmaz dünýäsin ýitiren durnaň.

Gitseň, mendir hijranyňda hiňlenip,
Ýüreginde adyň gaýtalap urýan.
Binýady bitmedik yşgyn ýumuryp
Sen dälmi aýralyk diwaryn gurýan.

Gitseň, bir haýyşym, başarsaň eger,
Ýatlamalaň hakydamdan sogur, al.
Wiý, ýogsa-da gaýtaryp ber, birmahal
Biygtyýar ýüregimi ogurlan.

Gitseň gözleriňde görünmez gözũm,
Besdir, dilim sen hakyňda diýmezem.
Seň dünýäňde men ýok,
Dünýämde sen ýok,
Indi meni sensiz günler güýmesin...


Gözel Umarowa
48
231
ylham_gurbanaly
29 Aprel 2020
Indi meni sensiz gunler guýmesin....
L-minikkalpler
29 Aprel 2020
??????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.