“Belki şeýle bolmak takdyrda bardyr”
Diýip, gara gözleriňi ýaşlama.
Takdyr biz ikimiz sygardan dardyr,
Takdyr däldir urulmaklyk daşlara.
Bagtyna öwrülýär adamyň erki,
Egrelip ösmegin, eý, meniň şaham.
Şor suwly käsäni saňa kim berdi
Süýjülik suwuna teşnekä dahan.
Gazlaryň sürüsi geçer sallanyp,
Ýellenen gabagyň ýelpär giderler.
Durmuşa wepaly bolanda anyk
Ysgynsyz pikirler selpär giderler.
Güýçli däl, akylly bolany üçin
Tebigat adama ynanýar şeksiz.
Tükenmez utanja goýarsyň meni
Ýazlaryň öňünden gözýaşly çyksaň.
Aý bize egnini deňlär ýene-de
Gör, kölüň üstüne ýyldyzlar ýagdy.
Ýaňy ýylgyranda garry ene deý
Agladyp ýörmegem bolarmy bagty?!
Men beýle takdyra bermerin seni,
Şatlykdan demimiz tutulsyn gitsin.
Döwülen küýze deý zyňarys ony,
Goý, bagtyň ornuna aglasyn ýatsyn.