Paradise
08.01.2022 20:34
BARSAM ATAMÖÝMÜZE

Men henizem çaga-da,
Barsam atamöýmüze.
Soragym: "ejem nirde?.."
Barsam atamöýmüze.

Maňa meňzeş jigilermiň
Goşgulary güýmese
diýýän: "ýene bir şahyr,
dörär" atamöýmüzde.

Kakamyň dutar çalşy
Şeýle şirin görsene...
Şahyr, bagşy, sazanda
Barsy atamöýmüzde.

Ejemjanyň bişirýän,
Wah, unaşy diýsene.
Hasam lezzeti başga
Iýsem atamöýmizde.

Başga bir dünýä düşýän
Barsam atamöýmüze...
"...Dogdugymdan düşdügim"
Söýgim gaýyn öýümde....
54
151
Paradise
05.12.2021 14:53
■ Gyşa ýüzlenme

Men seni söýýärin eý owadan gyş,
Hemem ezizlejek enem mysaly.
Sen kalbyma çaýsaň bir şuglaly yşk,
Menem eräp dursam şemiň mysaly.

Ýyl paýawlap ýerler ýatyr saň-gaty,
Ýyl aýagy gyşyň başy dekabr.
Wagt duranok, şapak eräp, daň atyp,
Onsaň maňa gussa çekmek derkarmy.

Ömür geçse, ötägitsem ýel deýin,
Özge gapylary kakmasa ýeter.
Ýürekdeş dostuma sowgat elteýin,
Goý, ol bir begensin çagadan beter.

Gyňyr däl, mähirli, kiçigöwün gyş,
Dünýä aşyk bolup, asmandan gaýyp,
Ak gülli ýaýlada ýaza çalymdaş,
Ak garlaryň ýagyp durşam ajaýyp.
51
59
Paradise
30.11.2021 23:44
Seret, nähili gowy, bileje seniň bilen,
Garly köçäň ugrundan, ýaz ýasap demiň bilen,
Pyşyrdap söýgi hakda, ýat edip ýakyn-ýady,
Çak bilen şeýle görýän, men-ä bagt diýlen zady!

Ýylgyrsam, ýagty salsam tüme dönen göwnüňe,
Ömürlik ýoldaş bolup, ýetsek soňky öwrüme,
Gözleň maňa bakanda, kalpda köşk gursa jady,
Çak bilen şeýle görýän, men-ä bagt diýlen zady!

Sen bolmasaň, bolmasam, şu giň älem dar bolsa,
Çyn dostlaryň içinde meniň adym bar bolsa,
Meň derdimden seň derdiň, göwne görünse ajy,
Çak bilen şeýle görýän, men-ä bagt diýlen zady!

Çak bilen şeýle görýän, men-ä bagt diýlen zady!
Pyşyrdap söýgi hakda, ýat edip ýakyn-ýady,
Garly köçäň ugrundan, ýaz ýasap demiň bilen,
Seret, nähili gowy, bileje seniň bilen...
53
145
Paradise
Paradise
28.10.2021 18:05
Men nämüçin seni beýle söýýärkäm? Kalbymdaky gussalara deňänim! Özümem şeýle bir haýrana galýan, Göge ýetip gidýänine depämiň. Üzülip gaçypdyr Arşyň gözünden, Göz monjugy ýaly iri damjalar. Hiç bilip
Paradise
21.10.2021 11:02
ÝAGYŞ DIÑDI...

...Ýagyş diňdi.
Göçüp gitdi bulutlar,
Uzaklaşdy ýakyndaky gözýetim.
Şol pursat bar zatdan elimi çekip,
Men nämedir bir zatlary gözledim.

Nirädir bir ýere ýüzümi öwrüp,
Doňan kalby umyt bilen ýylada,
Aýgyt bilen ädim ädip gitdim men,
Kejir ýöwselligmi goýup gyrada.

Ruhum kapasadan boşandy şonda,
Göwräm birýan boldy, ýüregim birýan.
Juda aýdyň boldy ýöreýän ýolum,
Içimden ses geldi: "Sen bagta barýaň..."

Sapa HOMMADOW.
59
100
Paradise
20.10.2021 09:03
SÖHBET
Şowhunly köçede ýene ikimiz,
Gözlerňe garaýan, gürleýän assa.
Şu pursatlar men şeýle bir owadan,
Hem bagtly öňkä görä müň esse!

Seň ýanyňda aşa tolgunýanymy
Ýöreýşimden, dem alşymdan bilýärsiň.
Täze goşgym sandyrawuk ses bilen
Okap berýän, sen enaýy gülýärsiň.

Owadan ýodany syryp barýarys,
Diýýän: – Janym, men seni hiç ýitirmen.
Arzuwyň gujagna girip barýarys,
Arman... Ýene gussa, bendi pikirlem.

Wah, bilýän, sen menden alysda juda,
Ýöne günleň geçäýşinem synla-da.
Gör, meň em tapylmaz derdimem şu-da!
Bu aýralyk wagty bilen dynmada!

Ýene-de umytly duşuşyk belläp,
Barýan köçe bilen öz-özüm gürläp...

Gülşirin Hanowa
54
179
Paradise
Paradise
05.10.2021 19:29
Ýazmasy agyr duşen gosgy
Paradise
23.09.2021 17:17
GÜÝZ GÜNÜDI...

Ýadyňdamy,
Güýz günüdi. Ikindi.
Saralan ýapraklar örtüpdi ýoly.
Şeýle bir howlukmaç gelýärdiň senem,
Göýä, garaşýanmy biläýen ýaly.

Gabadyma geldiň. Seslendim:
— Salam.
— Salam.
— Gowumysyň?
Bermediň jogap.
Şeýdip geçip gitdiň, men bolsa şonda
Dabanyňy öpen topraga togap
etdim öz ýanymdan,
rahatlyk tapdym,
Galpyldy aýryldy on iki süňňümden.
A soň ertir ýene sataşmak üçin
Hyýallaryň jümmüşine siňdim men…

Ençe ýyllardan soň ýene sataşdyk,
Belki, şonda ykbal utandyr meni.
Ine, häzir geçmiş gaýtalanyp dur,
Salamymy alman, utandyr meni!

Ýok, sen salam aldyň, saglyk soraşdyň,
(Gör-ä, ýene güýz gününiň öýlesi.)
Arman… gapdalyňda özge ýigit bar,
Başyňda-da täze gelniň öýmesi…

Sapa HOMMADOW.
53
136
Paradise
14.09.2021 19:32
HAKYM BAR, BILÝÄN

Senden göwn etmäge hakym ýok, bilýän,
Ýöne nämüçindir ýüregim gyssa,
Ýa-da saý-sebäpden sygmasam dünýä,
Ilki seniň adyň serime gelýär.

Senden göwn etmäge hakym ýok, bilýän,
Ýöne bahar ýeli etmese täsir,
Ýa-da güller götermese göwnümi,
Seni ýatlamagym şeýlebir täsin.

Täsinlik däl, sen uzaldýaň ömrümi!
Senden göwn etmäge hakym ýok, bilýän.
Ýöne gussam bolsa ýüregmi dilýän,
Ýatdan çykyp barsa çynlakaý gülmäm.

Eger ertirime ynamym ýitse,
Nurana didaryň gözümden gitse,
Meniň öz ýanymdan çakym zor, bilýäň,
Senden göwn etmäge hakym bar, bilýän
49
137
Paradise
06.09.2021 19:25
Men seni söýüpdim pynhandan-pynhan,
Öz ýanymdan sena edip adyñy.
Ýeri,diñlemesem bolmaýarmydy
Şo-ol aýdymy,ahmyr siñen aýdymy.

Şol gün...
Seniñ adyñ tutup yigitleñ biri,
Hiñlendi bir täsin aýdym owaza.
Bu nähili bolýar,bu näm boldugy
Howpurgatdy howsalaly howala.

"Menä seni söýýän,sen meni söýýäñ!"-
Şuña meñzeş sözleri kàn ýenede...
Men şol pursat giñ dünýäni unutdym,
Şonuñ bilen seni-de.

Köre-kör bor eken söýende ynsan,
Bulaşdyrar eken ähli ölçegi.
Soñ gelýär aklyma...aýdymyñ saña
Atdaş biri hakda bolup biljegi.

Nireden bileýin?!
Günâkârmi men
Asyl,señ adyñda seniñ ýaly gyz
Giñ jahanda bardyr öýtmänim üçin...
Saña söýgi sözüm aýtmanym üçin...

Özümkiden özge söýgi barlygyn
Asyl-asla oýlamandym nädeýin?!
Sen meni bagyşla arzuwly söýgim,
Öt günâmi,ýazylmadyk täleýim...

Kakamyrat Rejepow
53
210