Men nämüçin seni beýle söýýärkäm?
Kalbymdaky gussalara deňänim!
Özümem şeýle bir haýrana galýan,
Göge ýetip gidýänine depämiň.
Üzülip gaçypdyr Arşyň gözünden,
Göz monjugy ýaly iri damjalar.
Hiç bilip bilemok onuň sebäbin,
Sen geleňde süýjäp gidýär ünjüler.
Men nämüçin seni beýle söýýärkäm?
Ýapraklar ýere däl, gaçýar döşüme.
Bilýäň-ä, ertesi toýberýärin men,
Eger agşam käbäm girse düýşüme.
Sarysähra, saryöýme, sary don...
Janyma şeýle bir hoş ýakýar bary.
Ykbal seni darap ýörmez gazaply,
Eger birçak köýen bolsa-da ary.
Men nämüçin seni beýle söýýärkäm?
Ruhumyzda barmyka ýa meňzeşlik?!
Şatlanyp bilmedim gussa çümeňde,
Birgujaga, bir ýürege ýerleşdik.
...Gussaňdanam şatlyk ýasajak borun,
Bu durmuşda ýaşap, döwran sürýärkäm.
Sözde jogabyny berip bilemok,
Güýzüm, seni neçüýn beýle söýýärkäm?!
Näme üçindir güýz paslyny beyleki pasyllardan has owadan goryan. Bagdan saralyp gaýdyan altyn reñkli yapraklar, asmandan damja damja bolup gaydyan guyz yagysy tebigata seyle bir gozellik eçilyar.....