Men seni söýüpdim pynhandan-pynhan,
Öz ýanymdan sena edip adyñy.
Ýeri,diñlemesem bolmaýarmydy
Şo-ol aýdymy,ahmyr siñen aýdymy.
Şol gün...
Seniñ adyñ tutup yigitleñ biri,
Hiñlendi bir täsin aýdym owaza.
Bu nähili bolýar,bu näm boldugy
Howpurgatdy howsalaly howala.
"Menä seni söýýän,sen meni söýýäñ!"-
Şuña meñzeş sözleri kàn ýenede...
Men şol pursat giñ dünýäni unutdym,
Şonuñ bilen seni-de.
Köre-kör bor eken söýende ynsan,
Bulaşdyrar eken ähli ölçegi.
Soñ gelýär aklyma...aýdymyñ saña
Atdaş biri hakda bolup biljegi.
Nireden bileýin?!
Günâkârmi men
Asyl,señ adyñda seniñ ýaly gyz
Giñ jahanda bardyr öýtmänim üçin...
Saña söýgi sözüm aýtmanym üçin...
Özümkiden özge söýgi barlygyn
Asyl-asla oýlamandym nädeýin?!
Sen meni bagyşla arzuwly söýgim,
Öt günâmi,ýazylmadyk täleýim...
Kakamyrat Rejepow