SÖHBET
Şowhunly köçede ýene ikimiz,
Gözlerňe garaýan, gürleýän assa.
Şu pursatlar men şeýle bir owadan,
Hem bagtly öňkä görä müň esse!
Seň ýanyňda aşa tolgunýanymy
Ýöreýşimden, dem alşymdan bilýärsiň.
Täze goşgym sandyrawuk ses bilen
Okap berýän, sen enaýy gülýärsiň.
Owadan ýodany syryp barýarys,
Diýýän: – Janym, men seni hiç ýitirmen.
Arzuwyň gujagna girip barýarys,
Arman... Ýene gussa, bendi pikirlem.
Wah, bilýän, sen menden alysda juda,
Ýöne günleň geçäýşinem synla-da.
Gör, meň em tapylmaz derdimem şu-da!
Bu aýralyk wagty bilen dynmada!
Ýene-de umytly duşuşyk belläp,
Barýan köçe bilen öz-özüm gürläp...
Gülşirin Hanowa