Seret, nähili gowy, bileje seniň bilen,
Garly köçäň ugrundan, ýaz ýasap demiň bilen,
Pyşyrdap söýgi hakda, ýat edip ýakyn-ýady,
Çak bilen şeýle görýän, men-ä bagt diýlen zady!
Ýylgyrsam, ýagty salsam tüme dönen göwnüňe,
Ömürlik ýoldaş bolup, ýetsek soňky öwrüme,
Gözleň maňa bakanda, kalpda köşk gursa jady,
Çak bilen şeýle görýän, men-ä bagt diýlen zady!
Sen bolmasaň, bolmasam, şu giň älem dar bolsa,
Çyn dostlaryň içinde meniň adym bar bolsa,
Meň derdimden seň derdiň, göwne görünse ajy,
Çak bilen şeýle görýän, men-ä bagt diýlen zady!
Çak bilen şeýle görýän, men-ä bagt diýlen zady!
Pyşyrdap söýgi hakda, ýat edip ýakyn-ýady,
Garly köçäň ugrundan, ýaz ýasap demiň bilen,
Seret, nähili gowy, bileje seniň bilen...