Paradise
23.09.2021 17:17
GÜÝZ GÜNÜDI...

Ýadyňdamy,
Güýz günüdi. Ikindi.
Saralan ýapraklar örtüpdi ýoly.
Şeýle bir howlukmaç gelýärdiň senem,
Göýä, garaşýanmy biläýen ýaly.

Gabadyma geldiň. Seslendim:
— Salam.
— Salam.
— Gowumysyň?
Bermediň jogap.
Şeýdip geçip gitdiň, men bolsa şonda
Dabanyňy öpen topraga togap
etdim öz ýanymdan,
rahatlyk tapdym,
Galpyldy aýryldy on iki süňňümden.
A soň ertir ýene sataşmak üçin
Hyýallaryň jümmüşine siňdim men…

Ençe ýyllardan soň ýene sataşdyk,
Belki, şonda ykbal utandyr meni.
Ine, häzir geçmiş gaýtalanyp dur,
Salamymy alman, utandyr meni!

Ýok, sen salam aldyň, saglyk soraşdyň,
(Gör-ä, ýene güýz gününiň öýlesi.)
Arman… gapdalyňda özge ýigit bar,
Başyňda-da täze gelniň öýmesi…

Sapa HOMMADOW.
53
136
Myhman Myhman
13 Noýabr 2022
Janyň sag bolsun. Gowy goşgy.
guli_
23 Sentýabr 2021
♥♥♥♥
Gülhan
23 Sentýabr 2021
Gynançly...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.