PERIM...
21.12.2022 11:12

"Eje" diýip aglardym

Gidenimde senden juda uzaga,
"Kemim ýok" diýip seni biraz aldardym.
Seniñ beren ýyly mähriñi küýsäp,
Ýeke wagtym "Eje" diýip aglardym.

Gujagyñdan melhem geler her demde
Gözüme bakañda duýgum añlardyñ.
Seniñ bilen ruhym göge ýetende,
Ýere düşsem "Eje" diýip aglardym.

Şatlansam begenjim, gaýgymda gussam,
Aýtmak üçin derrew saña ylgardym.
"Oglum" diýen sözleriñi eşdemde,
Begenjimden "Eje" diýip aglardym.

Durmuş kynçylygyn ýüzüme ursa,
Şeýle bir ejizläp dözmän ýadardym.
Emma, Käbäm melek deý gülüp dursa,
"Geç günämi Eje" diýip aglardym.

Uly işiñ bir ujyna geçemde,
Pata berip ogşap meni ýollardyñ.
Şeýle bir duýgy bar bilseñ içimde,
Göz ýaş bilen "Eje" diýip aglardym.

Ýeke galan çagym ýaşarar gözüm,
Ýürekdäki gussam goşga baglardym.
Ýykylsam üstümi kakardym özüm,
Şonda-da men "Eje" diýip aglardym.

Jemşit Hajymämmedow .
22
63
PERIM...
20.12.2022 14:04

OÝLANDYRYJY PÄHIMLER

1. Ýoluň egriliginden gorkma, päliň egriliginden gork.

2. Ol ýoluna näler seretjekdi, arman garny oňa basjak ýerini görkezmedi.

3. Wezipesi ulaldygyça,adamyň halkyna hyzmat etmek mümkinçiligi köpelýär. A käte nähili bolýar? Onuň wezipesi beýgeldigiçe ,halkyň oňa hyzmat etmek aladasy köpelýär.

4. Göroglyny gowy görýänim hakykat. Ýöne ony öwjek bolsam... Bezirgen ýadyma düşýär.

5. Käte käbir adamlara " Ol mert,zor,nähili ýagdaýa düşse-de olaryň bir gezegem aglanyny gören ýok "— diýýärler.
Megerem olar aglamaýandyklary üçin däl-de, aglaýandygyny bildirmeýändikleri üçin zordurlar.

6 . Sen meni bagyşla,Eşek! Käbir deýýus adamlary saňa meňzedip men seniň mertebäňi peseldýärin.

7. Şalaryň halyna ýüregim awaýar. Şadyklaryna aşa gümra bolup,olar adamdyklaryny ýatdan çykarýarlar.

8. Hapa ýere kän barsaň,burnyň hem hapa öwrenişýär.

9. Iller "sen,sen" diýýän bolsa,saňa "men,men" diýmegiň ...
12
36
PERIM...
19.12.2022 12:03
Sensiz oñmaryn.

Gyş geldi, Yşk diýen bir derde uçrap,.
Badymyñ gowşanyn biläýen ýaly
Uzak aýralygy depeläp, syçrap,
Köne dostum gaýdyp geläýen ýaly.

Hatalarmy ýuwmak üçin gar bilen,
Öz öñümde aklamaga özümi.
Döwüş gurap köräp duran nar bilen,
Sowatmaga ýüregimiñ közüni.

Aklyk bolup ýagyp dur ol alnyma,
Täzeden direlip dörärim ýaly.
Ýagyp dur ol, ak bolsun diýp ýoluma,
Doñup dur seresap ýörärim ýaly!

Ýüzümden däl, ýüzüme gar ýagyp dur
Gözden däl, gözüme düşýär tozgasy
Hem ýadyma düşýär ýaşan ömrümiñ
Sensiz geçen günlerinden özgesi

Synla gary, bu bir duranja joşgun
Seniñ ylham beren gözleriñ ýaly
Päk ol gursagymda gizlenen yşkym,
Hem aýdylman galan sözlerim ýaly

Odumyza özümizi ýakdyk biz
Kebelegiñ ömrün soñlaýşy ýaly
Sensiz oñman, güýzüñ sary yapraksyz
Gyşyñ bolsa garsyz oñmaýşy ýaly!

15
53
PERIM...
18.12.2022 10:21

PÄHIMLI SÖZLER

Gaharly wagtyň hiç kime jogap berme. Bagtly wagtyň söz berme.
***
Bilýäňmi, has gorkunç zat ýeke galmak däl. Bütin ömrüňi islemedik adamyň bilen geçirmek.
***
Käbir adamlaryň bagtyny ýazmak üçin galam bolup bilmeýän bolsaň, käbir adamlaryň gynançlaryny aýyrmak üçin gowy bir bozguç bolmaga synanyş.
***
Gadyryňyzy bilmeýän bolsa, ýoklugyňdan dadyrmak gerekdir.
***
Bizi durmuş däl, ondaky adamlar üýtgedýär.
***
Her kim entäk wagty geler diýip oýlanýar. Emma wagt diňe öňe gidýär.
***
Başgalaryny ýylatmak üçin özüňi ýakma. Barybir, gadyryň bilnenok!
***
Gämi suwda wagty batanok, suw gämide wagty batýar.
***
Dünýäde iň süýji duýgy, söýülmek we seniň barlygyň olary şat etmegidir.
***
Ýönekeý adamlar wagtyny geçirmegiň aladasynda bolar, üstünlikli adam ony peýdalanmagyň!
***
Dünýäde iň arzan zat – siz barada aýdylýan geplerdir. Gulak asmaň!
***
Hemişe agyr ýoly saýlaň, sebäbi ol ýolda size garşydaş çykmaz. Hemmeler ýeňil ýoluň gözleginde.
***
Diňle! Eger her zat görüşimiz ýaly bolsady, deňziň suwuny elimize alanymyzda suw gök bolardy.
***
Ertir uly gürlemek üçin bu gün dymmak gerek.
***
Durmuşyň manysyna düşünmek üçin, ilkibaşda adam arzuw edip başarmaly.
***
Tekepbirligiň ýeňiş gazanýan ýerinde, adamlar biri-birini ýitirýär.
***
Eger ýaralaryň agyrmazlygyny isleseňiz, olary gozgamagyňyzy bes ediň. Geçmiş bilen hem edil şolar ýaly.
18
66
PERIM...
17.12.2022 12:22
Geinaljysy gelya..
Aglayar zenan.
Täze durnmuş gurya,aglayar zenan.
Dogurýa aglaýar,
Dogýa..aglaýar.
Begense-de gözi doly.aglaya.
Agy bilen ýeñjek bolýa,bar zady.
Namuçin aglaýa zenan?
Nämüçinka bagry dagiy?
Yazgydynda..ýalīyş barmy.
Ya-da, Yaradana arzy?
Aglamakmy onuñ terzi.
Namugin aglaýar zenarn?
Yukamyka ýa, ýüregi.
Yrgamyka, ýa diregi?
Ya,geljegne ynam ýokmy.
Ya,göryäni gara-akmy.
Namuçin aglayar zenan?
Agiamasyn zenan katby
Aglamasyn enelermiz.
Uyajyklam ezilmesin.
Olar Tañryï..ýaradany.
Hakdan UMYT...kesilmesin!
Hatda,gara garynjanyí
Ayak sesin duýan Ailam,
Heý görmezmi gözýaşlaryñ
Dilim-dilim, param-parça
Perişansyi..eýzenan.
Sen yerdäki PERIŞDESIN!
Güi Hakdan ..almalysyñ.
Sen ZENANSYŇ!
15
98
PERIM...
16.12.2022 13:39
“Söýdüm seni”.

“Söýdüm seni” diýmek ýeňil bolarly,.
Çalt söýüp bilýänler köpelip barýar
Oglan - gyzlar gahar edip geçmişe,
Yşky oýna deňäp, kütelip barýar.

Toba getirmäne çalyşýan ýaly,
Bir eýýam ykbalyn terk eden ýaryn.
Maksat bilip ýalançyda - ýalany,
Köpelipdir saýlan ‘oýunbaz’ kärin.

Içi başga, daşy başga kän indi,
Megerem ozaldan, ýetikdir olar.
Hakyky söýgüniň oýup gözlerin,
Şu günlere çenli ýetipdir olar.

Göterlerne garaşýan bir çagadyr,
Ýatandyr çyn söýgi, aglaýandyr zol.
Depip geçmek pişesidir nadanyň,
Söýgüni göterýän – ýürek, bagtly bol!
17
89
PERIM...
15.12.2022 11:58
Goy gunume äkit yalan söygiñi.
Öwezine goy òñküje yuregimi.
Goy,özüm tapayyn öz geregimi.
Hayys edyan paralama yuregimi.

Ynanypdym sana hemmeden beter
Indi ezyet berme öñkùleñ yeter
Basymdaky hasrat wagt gelse gecer
Dolanyp yzyna yakma yüregimi.

Az boldumy mana beren gamlaryn
Ya yùz bermedimi özge yarlaryn
Entegem barmyya aljak arlaryn
Hanjar urup sançdyñ yaş yüregimi.

Wah, biwepa nädip ynsabyn çatdy
Sen diyip yaş kalbym gam layyna batdy
Yalan sözleñ meni yşk oduna atdy
Yalan sözler bilen yakdyñ yüregimi!
⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️

Ozge biri sana diyayse janym,
Meni yatlap yuwashja guljegini bilyan
Gulagyna yaksada on nazik sesi
Öyden cykyp car yana gitjegin bilyan,

Adymy eshidaysen birden kocede,
Sen yzyna garap durjagyn bilyan,
Yuregin calt uryp gaygy gam basyp,
Keypsiz halda oye barjagyn bilyan,

Yone weli meni unutmajagyny,
Gecenleri yatlap yorjegin bilyan,
Birje gezek bagryna basaysam diyip,
Elmydama arzuwynda gezjegin bilyan,,,,,,,
⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️
14
51
PERIM...
14.12.2022 10:52
🌺🌺𝚙𝚎𝚛𝚒𝚖🌺🌺 (13.12.2022 15:38):
Doslar yaltanman okan...BOLAN WAKA

Howa men soygumem sheylerak tamamlandy...
Mahribanlarym siz men dushen gunume hic hacan hic bir gyz dushmesin men oz bashymdan geciren wakamy gurrun bereyin...
bu sheylerak bashlady...
Men bir oglan bn dos boldum ol oglan sheyle gowydy yone doslugyn sony soyga owrulyamish diyseler men ynanmazdym sebabi biz 7ay dosduk son hakykatdanam bizin doslugmyz soyga owruldi ol mana jan edip meni soyyanligini aytdy men bolsa ony nahili dos bolsamam onem gowy goryadim soz aydansonam gowy gordum karocim yuregim bn soydum.gun gecdi ay gecdi bizin soygumiz gujedi men onsuz durmushy gozonime getiremokdym her namazymda "Allajan meni soyen yarymdan...Soyen yarymy menden ayyrma" diyp dileg etyadim yone tersine dilegim bolmady bilmedim name un...gungunden men ona soygum men gozlemmi kor edipdi hicbir kishi men gozume gornenokdy dine mana sho bolsa hic zat gerekdal diyyadim men dine ozumde bolan harasatlary jorama gurrun beryadim joram beylede soyme bolarmy jorajan ynam yok buwatky oglanlara yuregini berme diyerdi a men yok hiczat gulagym eshtmezdi dine yylgyryp goyberyadim sebabi men ony gaty bek soyyadim howa ine sheyle soygi bn men durmushum dowam edip barayady yone gunlerin birinde gonshy oglanym meni onden gozastyna alyp yoren eken ol oyundakuleri ugradyp meni sorap gelipdirler...wah arman ejem men bu soygumden habarsyzdy ejem olan sozuni alypdyr sebabi on ejesi men ejemin gowy gatnashyan jorasydy. Ine men bolan zatlary soyenime aytdym...

🌺🌺𝚙𝚎𝚛𝚒𝚖🌺🌺 (13.12.2022 15:39):
Ezizim men seni naler soyyanimi senbir bilsedin gizumin guwanjy men sensiz hic durmushy goz onume getirip blmk men seni sheylebir soyyan welin hic yuregime erk edip blmk mahrubanum meni senden hickim ayyryp bilmez men seni soyyan men sen un janymy bermelem bolsa bererin ynanay Ezizim meni bashga beryaler men senden gecmerin olsem yerinki olmesem senki bolaryn mahribanm diydima ol dessine oyune ylgap ejesine ejejan janym ejem meni soyenimden ayrman kabam ejem bizi ayra salaman mana alyp berin shol gyzy diyip yalbarypdy emme oglanyn kakasy bu soyga narazydy sebabi men aslym Balkanly a ol bolsa teke oglany...ine mahribanlarym sheyle soygimi yakdylar men durmuahymy aldylar men onler ynanmayadym millet parazlyk ba diyseler ey Allam name un mana beyle synagy gorkezyan men name gunam baa men beyle zatlar dilemandimaa dileg etsen kabul ederin diyyana name un name un beyleee... men sheylebir erbet gune dushdum magribanlam size men aytjak zadym hic hacan soygin bar yerinde gorky bolmasyn soyeninizi bagtly etmek un jan edin ine men sheyle hormatlap sylap yuregimi berip soyen oglanym butun omrumi ynanan oglanym gorkak bolly ol oz kakasynyn sozlerini dinlap menden gecdii yok men dinleme diyip biljekdal yone nahilem bolsa ol on cagasa cagasynyn bagtyny islemeyan atadan sen nahili atan bagtyny islejek yok bolup bilmez ol gorkak soygiden gorkdyy towerekdakilerden gorkdyy basharmady basharmady men soygimi kemsitdi...ynanmarsynyz janlarym men sheylebir yalbardym oglana Inni meni sheydip tashlayjakmy meni name un soygimi yuregmi gynayan beytme meni bu gunumde name un name un beyle dymyan men sen un hemme zadymdan gecmane tayyn ahyryn men senki bolmasam ozganinkem bolman dine ozumi oldurerin ynanay men sensiz yashap bilmen mahribanm...diyip naler aglap yalbardym aol bolsa mana dine sen bagtly bol men sen dashyndan guwanp bagtly bolaryn diyyadi olsemem men oleyin diyyadi yooookk ol yalancy men soygimi harlady kemsitdi men soygimi sozunde durup bilmedi Gorkak...

AVTOR (Adyny bellemek islemedi)

Sony ...
25
299
PERIM...
13.12.2022 09:14
Birahat ruh 7nji bolumi

—M...m...m...Mergen,sen näme işleýäň bärde?
Mergen hahahaýlap güldi.Gülen wagty onuň agzyndan gan çykýardy.
—Aý,anteni sazlaşaýaýyn diýip gaýdyberdimläý-diýip Mergen ýene güldi.
—Ýöne sen ölüpdiňä Mergen!
—Hawa ölüpdim.Nähili ölenimem ýadyňdadyr belki hä?
Orazberdi çök düşüp aglamjyrap gürläp başlady:
—Mergen,ölümiňde meň günäm ýok.Ynanaý günäm ýok...Hemmesini Perhat etdi.Goluňy ýasap,peçadyňy ogurlanam şol,ýok edilen zatlary satyp esasy pulyny alanam şol...Mergeni ýok etmesek başlyga satar diýip,seni öldürenem Perhat...
Maňa şol günler pul zerurdy,şoň üçin Perhada kömekleşmeli boldym.Mergen ynanaý meň günäm ýok...-diýip Orazberdi aglamasyny güýçlendirdi.Mergen bolsa:
—Bolýa,bolýa.Gel antenaňy sazlaly.Men gowy edip sazlap bereýin-diýip hahaýlap gülip,anteniň kabelini ýolup aldyda,ony Orazberdiň boýnundan ildirdi...Ir bilen obanyň adamlary,kabel bilen özüni öýüniň üçeginden asan Orazberdiniň jesedini ýere düşürdiler.Inçe kabel boýuny üzere getiripdir...Uklapdyryn.Penjirämiň öňünde möjegiň uwlaýan sesine oýandym.Sagat 01:23.Bu töwereklerde möjek ýokdy.Ýöne penjirämiň öňündäki möjegiň uwwuldysy barha güýçlenýärdi.Ol ses menim etimden geçip,süňkimden geçip,ýüligime ýetdi.Çydamadym.Näçe gorkýanam bolsam daşaryk çykyp,penjiräniň ýanyna bardym.Ol ýerde,möjek ýokdy...Yzyma öwrülip,öýe girjek wagtym,arka tarapymdan biri "Şirhan möhletiň gutarandygyndan habaryň bardyra!" diýdi.Hawa,bu şol Mergeniň ruhydy.Gorkydan ýaňa sandyraklap yzyma öwrüldim. "Mergen,men tapjak boldym.Ýöne başa baranok.Ruh bilen gürleşýän diýip aýdyp ýörsemem il-gün näme diýer.Tapjak bolýan.Taparynam belki.." diýdim.Ruhuň ýüzünde göwni galmakmy,gaharmy peýda boldy.Gahar bilen "Ertir A....obasyna bar.Serdara düýn öldi.Ertirem şol obada Orazberdini jaýlarlar." diýdide gözden ýitdi.Orazberdi ölen bolsa onuň namazynda,dosty Perhadyň hökman boljakdygy hakda oýlanyp,ertesi güni men şol oba ugradym...Günortanrak baryp ýetdim.Uly ýolda,obanyň içine girmän,maşynymy gyrarakda goýup garaşmaga başladym...

Dowamy bar....


Birahat ruh 8nji bolumi

Birki sagatlardan,obanyň içinden bortynda kelleleri telpekli,tahýaly adamlar oturan "ГАЗ-53" çykyp gonamçylyga tarap ugrady.Onuň yzyndan iki sany ýeňil maşynam barýady.
Yzýany obanyň içinden adamlar toparlanyşyp dürli tarapa dargap ugradylar.Men olaryň içinde Perhat barmy ýa ýokmy anyklajak bolup,maşyndan düşüp,tigirleriň ýelini gören bolup adamlara seretdim.Perhada gözüm düşmedi.Men garaşmaly diýlen netijä geldim...
Gün öýleden agyp başlanda,obanyň içinden biri çykyp bärligine ýöräp gaýtdy.Golaý gelensoň men onuň Perhatdygyny tanadym.Meni taksistdir öýtdümi nämemi ýanyma gelip:
—Inim şähere gidýäňmi?-diýdi.Menem ony ýanyma alyp äkitmek üçin:
—Hawa agam,adamam ýok.Bir adam gelsede ugraýyn diýip durdym.Gideli,mün-diýdim.
Perhat gapdalyma mündi.Ugradyk...1-sagat ýaly ýol ýöränimizden soň,men şähere gidilýän ýoldan sowulyp öz etrabymyza tarap sürüp ugradym.Pehat ýüzüme geň galyp seredip:
—Inim aýlanma ýoldan gitjek bolýaňmy?-diýdi.
—Ýok!-diýip pert jogap berdim.
—Onda nirä barýas?
—Men seni biriniň ýanyna ertmeli.
—Menimi? Kimiň ýanyna? Näme üçin?
—Mergeniň ýanyna ertjek.Hol bir wagtky işdeş dosduň bara Mergen.Ana şoň ýanyna barýas häzir.Perhadyň ýüzi boz-ýaz boldy.Gürländä sesi sandyrap çykdy:
—Seň akylyň üýtgäpdir öýdýän,hä? Mergeniň ölenine 5-6- ýyl boldy...Sakla maşyny men düşjek.Nirä gitseň şoňa git onsaň-diýdi.
—Maşyna saklaýmaryn!-diýdimem welin,Perhat ýeňsämden tutdyda bat bilen kellämi rola urdy,burnym jaýdar degdi öýdýän,ganap başlady.

Dowamy bar....

[P
Birahat ruh 9njy bolumi (jemleyji bolum)

Maşyny saklap,saklamankam,Pehat düşüp gaçdy.Ýoluň aňyrysyna geçjek bolup ylgap barýakada,ortarada ýykyldy.Edil şol wagtam aňyrdan ýetip gelýän "Kamaza" gözüm düşdi.Perhadyň ýykylyp ýatan ýerine aralyk az galanyna seretmezden "kamaz" badyny gowşadanokdy.Perhadam ýerinden turjagam bolman,ýetip gelýän "kamaza" gözüni petredip ýatyrdy.

"Gaaaaççç...Perhat gaaaççç!" diýip gygyryp Perhada tarap ylgadym...Emma ýetişmedim "Kamaz" Perhadyň üstünden geçip gitdi.Oňa sereder ýaly bolmady,kamazyň tigri Perhadyň göwresini ikä bölüp geçipdir.Üstünden kamaz geçenem bolsa onuň gözleri açyk durdy...Oňa seredip durmakdan gorkdym.Aňyrrak baryp kamazam durdy.Onuň içinden Mergeniň ruhy çykdy.Ol bir Perhadyň ikä bölünen bedenine seredip:"Algy-bergimiz galmady Perhat!" diýdi.Soňam maňa seretdide:" Öýüňize bar Şirhan! Giç boldy alada edýändirler.Ýoluň ak bolsun!" diýdide gözden ýitdi.
Men bolup geçen işleri aklyma sygdyryp bilmän,ýuwaşjadan öýe gaýtdym...

Üç günden soň etrap merkezinde,bir çärede Dursunaýa duşdym.Çeper höwesjeňlerde tansçy eken...

SONY ....
14
125
PERIM...
12.12.2022 09:31
Birahat ruh
Gyşyň gelmegi bilen meniň gatnaýan sport mekdebi ýapyp,ony etrap merkeziniň çetindäki mekdebe geçirdiler.Täze geçen mekdebimiz öňkä seredende giňdi we ýylydy.Ýöne çetiräkdä bolansoň,agşamky türgenleşiklerden soň oba gaýtmak kynrak boljakdy.Türgenleşik tamamlanansoň,bile gatnaýan oglanlar bilen öýli öýimize gaýtdyk.Beýleki oglanlaryň öýi etrap merkezinde bolansoň,olar başga ýoldan gitdiler.Menem obamyza barýan uly ýola çykmak üçin,kiçiräk garaňky ýoldan ýöräp ugradym.Ýoluň ugrundaky ekin ekilýän meýdanlaryň ortasynda depelik bardy. Aýdyşlaryna görä şu depede,bir wagtky haýsydyr bir söweşde ölen şehitler ýatyr.Näçe gezek şu depäni aýyrjak bolup traktor getirselerem aýyrmak başartmandyr.Getiren traktorlary döwülip durypdyr.Ahyryn degmän goýupdyrlar...
Şu zatlar hakda oýlanyp,gorkulyrak pikirlenip gelýärkäm,yzymdan gelýän maşynyň pesiräk yşygyna gözüm düşdi.Köneräk 6-njy (žiguli) eken.Elimi galdyrdym,deňimde saklandy.Sürüji 50 ýaşlaryndaky adam eken.
—Salawmalekim! Agam Gumlydepe tarapa barýaňmy?
—Walekimsalam,edil Gumlydepähä baramok.Ýöne golaýladaýyn,mün-sürüji şeý diýensoň maşyna mündim,ugradyk.Sürüji söze başlady:
—Inim giçden soň bärlerde näme işleýäň?
—Türgenleşikden gelýän,sport mekdebe gatnaýan.
—Tüweleme,sporta höwesiň bolsa gowy.Ýöne giç bolanda şu ýerlerde bir özüň gezmejek bol.Gapdalyň şehitlik.Özüňem ýaş oglan.Ýene nemedip ýörme.Bizä indi arwah jynlara ynanylýan ýaşdan geçdik-diýip,sürüji ýylgyrdy.
—Ýokla,arwah jyn näme etsin maňa-diýsemem,ýüregimde birhili gorky peýda boldy.Sürüji bolsa bilgeşleýin gorkymy artdyrmakçy bolýan ýaly:
—5-6 ýyllykda şu taýda pagta zawotda işleýän bir oglany pyçaklap, öldürip taşlap gidenmişinler.Şol oglanyň birahat ruhy şu töwerekde aýlanýamyşynam diýýäler.Özümä görmedim ýöne görenler barmyş-diýip gürläp gelýärdi.Birdenem maşyny bir kemçilik tapdyda birki gezek silkinip tapba öçdi.Sürüjiniň muňa gahary gelip:


Birahat ruh 2nji bolum

—Şu maşyny alanyma 16 ýyl boldy.Şondan bäri çekiçlemedik günim ýok.Ýene bir zat tapdy bu-diýip,hüňürdäp maşyndan düşüp,hereketlendirijiniň o ýerini bu ýerini görüp başlady.Menem düşüp,maşynyň arka tarapyna geçdim.Daş töwerek tüm garaňkydy.Sürüjiniň ýaňky gürriňlerini ýatlap ýüregime gorky aralaşdy.Edil şol ruh garaňkylykdan çykyp ýanyma geläýjek ýaly bolup,töweregime seretdim.Birdenem sürüjiniň biri bilen gürleşýänini eşidip,gorky bilen maşynyň öň tarapyna bardym.25-30 ýaşlaryndaky ýigit sürüjä maşynyň döwülen ýerini oňarmaga kömekleşip durdy.Hiç zat diýmän maşynyň yzky oturgyjyna geçip oturdym.Birazdan sürüji maşyna münüp hereketlendirijini işledip gördide,ýaňky ýigide:
—Boljak ýaly özä,mün gideli-diýdi.Ýigit maşynyň öňüne mündi.
—Inim duşanyň gowy bolaýdy.Bolmasa bilmedim näçe durardym bärde-diýip,ýaşuly ýigitden göwnihoş söze başlady-Nirde ýaşaýaň ertip gaýdaýyn?
—Şehitligiň ýanynda-diýdi welin inim düýrügip gitdi.
—Şehitligiň ýanyndada adam ýaşaýamy näme?-diýip sürüji haýran galyp sorady.Ýigit:
— Men adam däl!-diýdi welin,sürüji batly barýan maşyny birden saklady.Maşynyň içinde güýçli sarsgyn bolup,tigiriň asfalta sürtilen sesi eşidildi...Seretsek maşynyň öňünde oturan ýigit ýokdy...Bize arwah-jynyň duşanyny ikimizem aňdyk...Sürüji ýolboýy bilýän aýat dogalaryny okap gaýtdy.Meni öýümize düşürip,"ýol kireý"diýip beren pulymam alman gitdi.Soň bu sürüjä hiç ýerde gabat gelmedim.Öýe gelensoňam esli wagt özüme gelmedim. Naharlanyp,ýatmaga ýerime geçdim.Birbada hiç uklap bilmedim.Internede giren boldum.Ahyryn ýatyp galypdyryn...Düýş gördim.Düýşimde şol maşynyň döwülen ýerinde ýeke özüm duranmyşym,ekinligiň içinde bolsa şol ruh "Maňa kömek et! Maňa kömek et!..." diýip gygyryp dur.Men oňa kömek etmek üçin ylgap ekinli meýdana girenimden batga batyp ýykylýan,batga meni özüne çekip başlaýar... Birdenem daş-töweregimi al-arwahlar alyp,"Ol indi biziňki! Şirhan biziňki!..." diýip gygyryşyp, heşelle kakyp başlaýalar...Hopugyp oýandym.Sagat 02:34.Turup hammama baryp,ýüzümi ýuwdym.Aýnada özümi gördüm.Ýüzümiň reňki gaçypdyr,gözüm gyzarypdyr.Suw alyp ýüzümi ýuwup aýna seretdim.Arkamda şol ýigit seredip durdy.Gorkyp yzyma seretdim,hiç kim ýok...Birdenem aýagyma gözüm düşdi. Dyzymdan aşagy ylaýdy.Pola seretsem, düşegimden hammama gelýänçä palçykly aýak yzlarym durdy.Gulagyma bolsa "Kömek et!...Maňa kömek et!...Kömek et maňa!...sesleri eşidilip başlady.Kellämi tutyp ýykyldym...


[Photo: 08
Birahat ruh 3nji bolum.

Irden meni agam oýardy.Görsem telewizor görülýän otagda ýatyryn.Agam:
—Uklajak wagtyň telewizory öçürip,otagyňa geçip,ýatmaly ekeniň-diýdi.Men bu otaga haçan,nädip girip ýatanym ýadyma düşmedi...Birdenem aýagymdaky palçyklar ýadyma düşüp,aýagyma seretdim,aýagymda hiç hili palçyk ýokdy.Çykyp seretsem poldada hiç hili yz ýokdy.Ýene türgenleşige bardym.Ýöne bu gün garaňky düşmänkä,tälimçiden rugsat alyp,obamyza gidýän iň soňky awtobusa münmäge ýetişdim.Awtobusyň içi hemişe bolyşy ýaly dykylyşykdy,adam köpdi.Düýnki maşynyň döwülen ýerine ýetenimizde meň gulagyma ýene "Maňa kömek et!...Kömek et!..." sesi eşidilip ugrady.Men hemmelere eşidilýämikä diýip awtobusdaky adamlary synladym.Ýok,olar parahatdy.Biriniň kömege çagyrýanyny eşitseler şunça adamdan biri seslenerdi ahyryn...Bu ses öýümize gelensoňam meni günime goýmady.Men naharymy çalak-çulak iýip,ukladyjy dermandan iki tabletka atdymda ýatmaga geçdim.Ses welin barha güýçlenýärdi.Edil gulagymyň düýbinde gygyryp duran ýalydy...Ahyryn derman täsirine uklap galypdyryn.Irde maşgala bolup çaý içip otyrkak agam maňa:
—Gijesi bilen ýatman näme etdiň? Girip-çykyp ýatmaga goýmadyň.Ýa sportsmenligiňi görkezjek bolup gijede ylgap ýörsüňmi? -diýip,hezil edip güldi.Agamyň bu sözi meni oýa batyrdy.Sebäbi gije men hiç ýerik çykamokdym...
—Ýokla,ýöne özüm ukym tutmady-diýen boldym. Agam sözüni dowam etdi:
—Şu gün günortanky reýs bilen men Aşgabada uçmaly.Bir aýlyk okuwa ugradýalar iş ýerden.Günortan meni aeroporda ertip gaýtda maşyny,türgenleşige gideňde müniber.Ýöne ýagyna-suwuna seredip mün,köçede gyzlary görüp dyzatjak bolup maşyny gynama...diýip agam her gezek maşyny berjek bolanda aýdýan "nesihatlaryna" başlady.Günortan agamy aeroporda ertip,türgenleşige geldim.Bu gün biraz arkaýynrakdym.Sebäbi düýn agşamdan bäri gulagyma hiç hili "Kömek et!!!" diýlen aýylganç ses eşidilmändi,hemem maşyn bar,ýolda pyýada ýörejek aladam ýok.


[Ph
Birahat ruh 4nji bolum

Türgenleşik tamamlanansoň,maşyna münüp öýe ugradym.Garaňky düşüp ugrapdy.Şol günki arwaha gabat gelen ýerimize golaýlanymda,tizräk geçmek üçin maşynyň tizligini öňkidenem artdyrdym.Maşynyň tizlik görkezijisi 140-a ýetende gapdalymda biriniň: "Ýuwaşyrak süriber Şirhan,öňüňdäki öwrümde agdarylarsyň ýogsam!" diýen sesine tisgindim.Seretsem şol günki ýigit gapdalymda otyr.Gorkup,aljyrap tormuza basdym.Batly barýan maşyn birden saklanymy ýokuş gördümi nämemi,erbet silkindi-de öçdi.Gapdalyma seretdim ýaňky arwah ýigit ýokdy.
"Gözüme görünäýdi öýdýän" diýip,maşyny işletjek boldym.Açaryny näçe towlasamam maşyndan ses-üýn ýok.Näme bolanyny bilmek üçin maşyndan düşüp,gapyny ýapanymam şoldy welin maşynyň dört gapysam ilindi,açaram içinde galdy.Meni erbet gorky basdy.Ýoldan geçýän ýekejede maşyn ýok...Birdenem pessaý öwsüp duran şemal güýçlenip başlady.Daş töwerekdenem "Maňa kömek et!...Kömek et maňa!...Sen kömek edäýmeli maňa kömek et!..." sesleri eşidilip başlady.Sesler şeýlebir aýylganç, şeýlebir güýçlidi,edil gulagymdan girip beýnimi iýip barýan ýalydy...Men bu seslere çydaman gygyryp başladym:"Meni günüme goý!...Günüme goý meni!...Men saňa näme etdim!..." birdenem hemme sesler kesildi,şemalamýatdy...Arkamdan kimdir biri:
—Sen maňa hiç zat etmediň Şirhan! -diýdi.Hawa,bu şol arwahyň sesidi.Men arkama öwrülmäge howlukmadym.Oňa çenli oň özi meň öňüme geçdi.Gorksamam oňa sowal berdim:
—Menden saňa näme gerek?
—Kömegiň gerek!
—Kömek? Nähili kömek?
—Men birahat! Meň birahatlygymyň sebäbem meni öldürenler hiç-hili jeza çekmän,arkaýyn ýaşap ýör.
—Men näme edip bilerin?
—Sen,meni öldürenleri tapyp şu ýere getirersiň.Meň olar bilen hasaplaşmaly zatlarym bar.
—Ýöne men olary tanamoga?!
—Serdar,Orazberdi,Perhat,meň adymam Mergendi.Sen şolary 3-günden soň şu ýere getiräýmeli.Bolmasa olara aýylganç ölüm garaşýar.
—Men olary nädip tapaýyn ahyr?
—Pagta zawotda işleýänlerden soraşdyr.Hemme zada düşünersiň.Meň wagtym boldy.Gitmeli.-diýdi-de ruh gözden ýitdi.
—Ýöne...men...nädip...-diýip onuň yzyndan sakawlap galdym...Indi öýe gaýtmalydy.Ýöne açary içinde galyp,gulplanan maşyny nädip öýe alyp gaýtjak???.Men pyýada ýöräbem bolsa, öýdäki ätiýaç açary alyp gaýdaýyn diýip ýöräp ugradym...Howa sowuk bolansoň elimi jübime sokdym.Birdenem elim jübimde nähilidir bir açara degdi."Bu nämäň açaryka?" diýip çykaryp gördim.Ol maşynyň açarydy.Ýöne ol maşynyň içinde galypdy ahyryn...Nädip ol jübime düşdikä?... Yzyma gaýdyp maşyna mündim," Ýa,pirim Hezreti Dawut (demiriň piri),özüňden medet!" diýip,açary towladym.Maşyn gül ýaly işläp durdy,ýuwaşjadan sürip öýe ugradym...
Ertesi gün,günortanrak etrabymyzdaky pagta arassalaýjy kärhana (il içinde aýdylyşy ýaly pagta zawot) bardym.BGN-daky garawulyň ýanyna girdim.Garawul 60-ýaşlaryndaky adamdy.Men ondan şu zawotda,5-6-ýyllykda işlän Mergen atly oglan barada soradym. Garawul maňa özüniň täzeräk işe geçendigini, köne işgarleri tanamaýandygyny,ýöne şu zawotda direktor bolup işläp,birki ýyllykda pensiýa çykan Kerim agany tanaýandygyny we gerek bolsa şonuň salgysyny berip biljekdigini aýtdy.Men garawuldan Kerim aganyň salgysyny alyp öýe gaýtdym.Kerim aga bilen gürleşip görmegi ertire goýdym.

Birahat ruh." 5-nji bölümi

Ertesi gün Kerim aga bilen görüşmek üçin,onuň obasyna tarap ýola düşdim.Sorap-idäp öýüni tapyp gapysyny kakdym.Gapyny 17-18 ýaşlaryndaky gözleri garaja,saçlary iki örülen gyz açdy:
—Salam,size kim gerek?-diýip utanjyrap,sorady.
—Salam,Kerim aga bilen gürleşmelidim,öýdemikä?
—Atammy? Atam Köneürgenje gidipdi.Ertir geläýmese.
—Şeýlemi,bolýa onda ertir geläýerin.
—Kim sorady diýeýin.
—Ýok,özüm geläýerin.
—Bolýa.
—Neme...siziň adyňyz kim?-diýip soranymda gyz öňkisindenem utanjyrady.
—Menmi...Dursunaý.
Başga wagt,başga ýerde duşan bolsam Dursunaý bilen köpüräk gürleşip durardymam welin...arman wagty däl bolansoň:
—Bor,sag boluň Dursunaý!-diýip,öýe gaýtdym...
Şeýdip ruhuň maňa möhlet beren 3 gününiň ikisi geçdi.Emma entegem tapmaly adamlarymdan uç tapylmady...Tapylaýjagam gümana...
Ertesi ýene Kerim aganyňka baryp,gapyny kakdym.Gapyny Dursunaý açmazmyka diýip durdym.Emma gapyny 40 ýaşlaryndaky erkek adam açdy.

Birahat ruh
(6-nji bölüm)
Men oň bilen salamlaşyp,Kerim aga bilen gürleşmelidigimi aýtdym.Kerim aga 70-e golaýlan ýaşuly eken.Oňa özümi Mergeniň ýegeni diýip tanyşdyrdym.Kerim aga pagta zawotda direktor bolan döwründe Mergen,Serdar,Orazberdi,Perhat atly oglanlar bilen işleşendigini olaryň biriniň hasapçy,biriniň tereziman,biriniň lobarnt ýaly wezipelerde işländiklerini,emma Mergeniň syrly ölüminden soň beýleki üçisiniňem etrapdan göçüp gidendiklerini gürriň berdi.
Ýenede Kerim aga maňa işgärler bolup umumy düşen suratlaryny görkezdi,Kerim agadan suratlar barada soraşdyryp,öz tapmaly adamlarymyň ýüz keşplerini ýatladym...Kerim aga bilen sag bollaşyp,öýe gaýtdym...Orazberdi dosty Serdaryň ölümine gaty gynandy.Jan ýaly klasdaşyny kimdir biri köprüden asyp gitse her kimem gynansa gerek.
Orazberdi dosdunyň namazyny sowuşyp,agşamara öýe geldi."Derdini kemeltmek" üçin ýolugra dükandan bir çüýşe akmämetden alyp gaýtdy.Nahar bilen ýaňky çüýşäni boşadansoň,telewizor görmegä başlady.Birdenem telewizoryň ekranynda "Нет сигнал" diýen ýazgy peýda boldy."Şaring açdym,näme açdym diýen bolup düýnki oglan ep-esli pula sokup gitdi öýtýän.Ýa antena bir zat bolaýdymyka?!" diýip.Daş çykyp,anteny sazlamak üçin üçege çykdy.Anteni eýläk-beýläk aýlap durka arkasyndan kimdir biri:
—Orazberdi,kömek gerekmi?-diýdi.Orazberdi tisginip arkasyna seretdi...Gözlerine ynanmajak boldy arkasynda Mergen durdy.(Dowamy bar)
17
146