PERIM...
19.12.2022 12:03
Sensiz oñmaryn.

Gyş geldi, Yşk diýen bir derde uçrap,.
Badymyñ gowşanyn biläýen ýaly
Uzak aýralygy depeläp, syçrap,
Köne dostum gaýdyp geläýen ýaly.

Hatalarmy ýuwmak üçin gar bilen,
Öz öñümde aklamaga özümi.
Döwüş gurap köräp duran nar bilen,
Sowatmaga ýüregimiñ közüni.

Aklyk bolup ýagyp dur ol alnyma,
Täzeden direlip dörärim ýaly.
Ýagyp dur ol, ak bolsun diýp ýoluma,
Doñup dur seresap ýörärim ýaly!

Ýüzümden däl, ýüzüme gar ýagyp dur
Gözden däl, gözüme düşýär tozgasy
Hem ýadyma düşýär ýaşan ömrümiñ
Sensiz geçen günlerinden özgesi

Synla gary, bu bir duranja joşgun
Seniñ ylham beren gözleriñ ýaly
Päk ol gursagymda gizlenen yşkym,
Hem aýdylman galan sözlerim ýaly

Odumyza özümizi ýakdyk biz
Kebelegiñ ömrün soñlaýşy ýaly
Sensiz oñman, güýzüñ sary yapraksyz
Gyşyñ bolsa garsyz oñmaýşy ýaly!

15
53
PERIM...
19 Dekabr 2022
❤️❤️❤️❤️❤️❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.