PERIM...
21.12.2022 11:12

"Eje" diýip aglardym

Gidenimde senden juda uzaga,
"Kemim ýok" diýip seni biraz aldardym.
Seniñ beren ýyly mähriñi küýsäp,
Ýeke wagtym "Eje" diýip aglardym.

Gujagyñdan melhem geler her demde
Gözüme bakañda duýgum añlardyñ.
Seniñ bilen ruhym göge ýetende,
Ýere düşsem "Eje" diýip aglardym.

Şatlansam begenjim, gaýgymda gussam,
Aýtmak üçin derrew saña ylgardym.
"Oglum" diýen sözleriñi eşdemde,
Begenjimden "Eje" diýip aglardym.

Durmuş kynçylygyn ýüzüme ursa,
Şeýle bir ejizläp dözmän ýadardym.
Emma, Käbäm melek deý gülüp dursa,
"Geç günämi Eje" diýip aglardym.

Uly işiñ bir ujyna geçemde,
Pata berip ogşap meni ýollardyñ.
Şeýle bir duýgy bar bilseñ içimde,
Göz ýaş bilen "Eje" diýip aglardym.

Ýeke galan çagym ýaşarar gözüm,
Ýürekdäki gussam goşga baglardym.
Ýykylsam üstümi kakardym özüm,
Şonda-da men "Eje" diýip aglardym.

Jemşit Hajymämmedow .
22
63
PERIM...
21 Dekabr 2022
👍👍👍👍👍
dinim_yslam✨
21 Dekabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻.........
Marýam
21 Dekabr 2022
🥲👉👍👈....
Baslygyn ogly
21 Dekabr 2022
Gaty gowy goşgy👉👍👍👍👍😊👈
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.