PERIM...
13.12.2022 09:14
Birahat ruh 7nji bolumi

—M...m...m...Mergen,sen näme işleýäň bärde?
Mergen hahahaýlap güldi.Gülen wagty onuň agzyndan gan çykýardy.
—Aý,anteni sazlaşaýaýyn diýip gaýdyberdimläý-diýip Mergen ýene güldi.
—Ýöne sen ölüpdiňä Mergen!
—Hawa ölüpdim.Nähili ölenimem ýadyňdadyr belki hä?
Orazberdi çök düşüp aglamjyrap gürläp başlady:
—Mergen,ölümiňde meň günäm ýok.Ynanaý günäm ýok...Hemmesini Perhat etdi.Goluňy ýasap,peçadyňy ogurlanam şol,ýok edilen zatlary satyp esasy pulyny alanam şol...Mergeni ýok etmesek başlyga satar diýip,seni öldürenem Perhat...
Maňa şol günler pul zerurdy,şoň üçin Perhada kömekleşmeli boldym.Mergen ynanaý meň günäm ýok...-diýip Orazberdi aglamasyny güýçlendirdi.Mergen bolsa:
—Bolýa,bolýa.Gel antenaňy sazlaly.Men gowy edip sazlap bereýin-diýip hahaýlap gülip,anteniň kabelini ýolup aldyda,ony Orazberdiň boýnundan ildirdi...Ir bilen obanyň adamlary,kabel bilen özüni öýüniň üçeginden asan Orazberdiniň jesedini ýere düşürdiler.Inçe kabel boýuny üzere getiripdir...Uklapdyryn.Penjirämiň öňünde möjegiň uwlaýan sesine oýandym.Sagat 01:23.Bu töwereklerde möjek ýokdy.Ýöne penjirämiň öňündäki möjegiň uwwuldysy barha güýçlenýärdi.Ol ses menim etimden geçip,süňkimden geçip,ýüligime ýetdi.Çydamadym.Näçe gorkýanam bolsam daşaryk çykyp,penjiräniň ýanyna bardym.Ol ýerde,möjek ýokdy...Yzyma öwrülip,öýe girjek wagtym,arka tarapymdan biri "Şirhan möhletiň gutarandygyndan habaryň bardyra!" diýdi.Hawa,bu şol Mergeniň ruhydy.Gorkydan ýaňa sandyraklap yzyma öwrüldim. "Mergen,men tapjak boldym.Ýöne başa baranok.Ruh bilen gürleşýän diýip aýdyp ýörsemem il-gün näme diýer.Tapjak bolýan.Taparynam belki.." diýdim.Ruhuň ýüzünde göwni galmakmy,gaharmy peýda boldy.Gahar bilen "Ertir A....obasyna bar.Serdara düýn öldi.Ertirem şol obada Orazberdini jaýlarlar." diýdide gözden ýitdi.Orazberdi ölen bolsa onuň namazynda,dosty Perhadyň hökman boljakdygy hakda oýlanyp,ertesi güni men şol oba ugradym...Günortanrak baryp ýetdim.Uly ýolda,obanyň içine girmän,maşynymy gyrarakda goýup garaşmaga başladym...

Dowamy bar....


Birahat ruh 8nji bolumi

Birki sagatlardan,obanyň içinden bortynda kelleleri telpekli,tahýaly adamlar oturan "ГАЗ-53" çykyp gonamçylyga tarap ugrady.Onuň yzyndan iki sany ýeňil maşynam barýady.
Yzýany obanyň içinden adamlar toparlanyşyp dürli tarapa dargap ugradylar.Men olaryň içinde Perhat barmy ýa ýokmy anyklajak bolup,maşyndan düşüp,tigirleriň ýelini gören bolup adamlara seretdim.Perhada gözüm düşmedi.Men garaşmaly diýlen netijä geldim...
Gün öýleden agyp başlanda,obanyň içinden biri çykyp bärligine ýöräp gaýtdy.Golaý gelensoň men onuň Perhatdygyny tanadym.Meni taksistdir öýtdümi nämemi ýanyma gelip:
—Inim şähere gidýäňmi?-diýdi.Menem ony ýanyma alyp äkitmek üçin:
—Hawa agam,adamam ýok.Bir adam gelsede ugraýyn diýip durdym.Gideli,mün-diýdim.
Perhat gapdalyma mündi.Ugradyk...1-sagat ýaly ýol ýöränimizden soň,men şähere gidilýän ýoldan sowulyp öz etrabymyza tarap sürüp ugradym.Pehat ýüzüme geň galyp seredip:
—Inim aýlanma ýoldan gitjek bolýaňmy?-diýdi.
—Ýok!-diýip pert jogap berdim.
—Onda nirä barýas?
—Men seni biriniň ýanyna ertmeli.
—Menimi? Kimiň ýanyna? Näme üçin?
—Mergeniň ýanyna ertjek.Hol bir wagtky işdeş dosduň bara Mergen.Ana şoň ýanyna barýas häzir.Perhadyň ýüzi boz-ýaz boldy.Gürländä sesi sandyrap çykdy:
—Seň akylyň üýtgäpdir öýdýän,hä? Mergeniň ölenine 5-6- ýyl boldy...Sakla maşyny men düşjek.Nirä gitseň şoňa git onsaň-diýdi.
—Maşyna saklaýmaryn!-diýdimem welin,Perhat ýeňsämden tutdyda bat bilen kellämi rola urdy,burnym jaýdar degdi öýdýän,ganap başlady.

Dowamy bar....

[P
Birahat ruh 9njy bolumi (jemleyji bolum)

Maşyny saklap,saklamankam,Pehat düşüp gaçdy.Ýoluň aňyrysyna geçjek bolup ylgap barýakada,ortarada ýykyldy.Edil şol wagtam aňyrdan ýetip gelýän "Kamaza" gözüm düşdi.Perhadyň ýykylyp ýatan ýerine aralyk az galanyna seretmezden "kamaz" badyny gowşadanokdy.Perhadam ýerinden turjagam bolman,ýetip gelýän "kamaza" gözüni petredip ýatyrdy.

"Gaaaaççç...Perhat gaaaççç!" diýip gygyryp Perhada tarap ylgadym...Emma ýetişmedim "Kamaz" Perhadyň üstünden geçip gitdi.Oňa sereder ýaly bolmady,kamazyň tigri Perhadyň göwresini ikä bölüp geçipdir.Üstünden kamaz geçenem bolsa onuň gözleri açyk durdy...Oňa seredip durmakdan gorkdym.Aňyrrak baryp kamazam durdy.Onuň içinden Mergeniň ruhy çykdy.Ol bir Perhadyň ikä bölünen bedenine seredip:"Algy-bergimiz galmady Perhat!" diýdi.Soňam maňa seretdide:" Öýüňize bar Şirhan! Giç boldy alada edýändirler.Ýoluň ak bolsun!" diýdide gözden ýitdi.
Men bolup geçen işleri aklyma sygdyryp bilmän,ýuwaşjadan öýe gaýtdym...

Üç günden soň etrap merkezinde,bir çärede Dursunaýa duşdym.Çeper höwesjeňlerde tansçy eken...

SONY ....
14
125
beyby
2 Yanwar 2024
@PERIM..., jan yene yzy kan bolsun
hanmyradow
2 Yanwar 2024
Salam dogan jeset ogrysy dp hekaya bardy eger barbolsa goyayynda
Maýa06
14 Dekabr 2022
PERIM...,gaty hezil ekeni 🥰😍
PERIM...
13 Dekabr 2022
Dream nesip bolsa.
PERIM...
13 Dekabr 2022
Nesip bolsa ertir goyaryn❤️⭐️⭐️⭐️⭐️⭐️
Myhman Myhman
13 Dekabr 2022
Gaty gyzykly👍
Perizat💚💙
13 Dekabr 2022
Yene suna manzes gyzykly hekayalardan goyay😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.