PERIM...
16.12.2022 13:39
“Söýdüm seni”.

“Söýdüm seni” diýmek ýeňil bolarly,.
Çalt söýüp bilýänler köpelip barýar
Oglan - gyzlar gahar edip geçmişe,
Yşky oýna deňäp, kütelip barýar.

Toba getirmäne çalyşýan ýaly,
Bir eýýam ykbalyn terk eden ýaryn.
Maksat bilip ýalançyda - ýalany,
Köpelipdir saýlan ‘oýunbaz’ kärin.

Içi başga, daşy başga kän indi,
Megerem ozaldan, ýetikdir olar.
Hakyky söýgüniň oýup gözlerin,
Şu günlere çenli ýetipdir olar.

Göterlerne garaşýan bir çagadyr,
Ýatandyr çyn söýgi, aglaýandyr zol.
Depip geçmek pişesidir nadanyň,
Söýgüni göterýän – ýürek, bagtly bol!
17
89
Myhman Myhman
19 Dekabr 2022
Boljak
PERIM...
19 Dekabr 2022
Yekelik hovva govy aslynda
Olka
16 Dekabr 2022
Gowy goşgy eken 👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.