PERIM...
18.12.2022 10:21

PÄHIMLI SÖZLER

Gaharly wagtyň hiç kime jogap berme. Bagtly wagtyň söz berme.
***
Bilýäňmi, has gorkunç zat ýeke galmak däl. Bütin ömrüňi islemedik adamyň bilen geçirmek.
***
Käbir adamlaryň bagtyny ýazmak üçin galam bolup bilmeýän bolsaň, käbir adamlaryň gynançlaryny aýyrmak üçin gowy bir bozguç bolmaga synanyş.
***
Gadyryňyzy bilmeýän bolsa, ýoklugyňdan dadyrmak gerekdir.
***
Bizi durmuş däl, ondaky adamlar üýtgedýär.
***
Her kim entäk wagty geler diýip oýlanýar. Emma wagt diňe öňe gidýär.
***
Başgalaryny ýylatmak üçin özüňi ýakma. Barybir, gadyryň bilnenok!
***
Gämi suwda wagty batanok, suw gämide wagty batýar.
***
Dünýäde iň süýji duýgy, söýülmek we seniň barlygyň olary şat etmegidir.
***
Ýönekeý adamlar wagtyny geçirmegiň aladasynda bolar, üstünlikli adam ony peýdalanmagyň!
***
Dünýäde iň arzan zat – siz barada aýdylýan geplerdir. Gulak asmaň!
***
Hemişe agyr ýoly saýlaň, sebäbi ol ýolda size garşydaş çykmaz. Hemmeler ýeňil ýoluň gözleginde.
***
Diňle! Eger her zat görüşimiz ýaly bolsady, deňziň suwuny elimize alanymyzda suw gök bolardy.
***
Ertir uly gürlemek üçin bu gün dymmak gerek.
***
Durmuşyň manysyna düşünmek üçin, ilkibaşda adam arzuw edip başarmaly.
***
Tekepbirligiň ýeňiş gazanýan ýerinde, adamlar biri-birini ýitirýär.
***
Eger ýaralaryň agyrmazlygyny isleseňiz, olary gozgamagyňyzy bes ediň. Geçmiş bilen hem edil şolar ýaly.
18
66
PERIM...
19 Dekabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
PERIM...
19 Dekabr 2022
🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣Sen yazsan bolli sol
Atascaryyev
19 Dekabr 2022
Malades in sonundan yazaymaly ekenin hemnanize degisli diyip
Myhman Myhman
18 Dekabr 2022
Ertir uly gürlemek üçin bu gün dymmak gerek. Gaty dogry 👍
Marýam
18 Dekabr 2022
Dogry aýdylan sözler 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.