N.T.
N.T.
16.11.2021 21:32
Iñ köp rekord goýan adam🙊🙊🙊 Ginnesiň Rekordlar kitabynda haýran galdyryjy adam kän, olaryň arasynda birnäçe rekord goýanlaram bar. Emma 1954-de Nýu Ýorkda doglan Ashrita Furman “iň köp Ginnesiň
N.T.
16.11.2021 17:58
Bu gun alyp baryjy bolup sizden sorag soramakçy😊Soraglarym:
#1) Eger-de eje kakañyz siziñ saylan kariñizi göwnemese, öz eje kakañyz un shol käriñizi taşlardyñyzmy?

#2)Durmushdaky iñ uly arzuwlaryñdan 3si ayt diyseler, haýsylary bolardy??

#3)Çaga wagtlaryñyz "ejeñi gowy gorýäñmi, ýogsa kakañy" dp soranlarynda name jp berýärdiñ?

#4)☝☝soragy hazir hem men sorasam jogaby ýene sheylemi?

#5)Maşgalañyzda adamlary gowy görşüñ bca tertip bn aýt.

#6)Seniñ pikiriñce ustunlik name?

#7)1ýylda 365 gun bar.Muny hemmamiz bilýaris.Ana shol 365 gunden haysy gun seniñ un has ýakyn?

#8)Duyn name nahar iýdiñ?(kabirinden soranymda oýlanshyp jp berýarler)Menem sheyle kawagt🤭🤭🤭

#9)Yokarky soraga☝☝oylanyshman jp berip bildiñmi🤨🤨dogryñy ayt.

#10)Adminiñ gowy hasiyetlerini ayt diyseler name aýdardyñyz??(D.S. agam begensin😁😁)
8
305
N.T.
14.11.2021 22:31
,, Dostluk " goşgusy....

Oňat günde köpdür halyň, köpdür halyň sorajak,
Töweregiň deňi-duşdan doludyr.
Seňem juwan ýüregiňde gara duman-gussa ýok.
Ähli adamlaram oňat ýalydyr.

Ýöne birden, ýene birden kyn iş düşse başyňa,
Görmezlige salar salam diýýäniň.
Bulutly gün kölegäniň bizi taşlaýşy ýaly,
Bizi taşlar bile çörek iýýänmiz.

Käte şeýle, käte şeýle, käte şeýle bolýandyr,
Kim bilen ýola çykjagyňy bilip bolanok.
Käte ýola hak dost diýip, hak dost diýip çykanyň
Kyn gün üçin ýüreginde kuwwat ýok.

Gam çekme sen, gam çekme sen, gam çekme, ülpet,
Gamda galyp, özüň urma sen oda.
Ýüreginde şol kuwwaty,
Ýüreginde şol elýetmez päkligi,
Saklaýan adamlar kändir dünýäde.
7
68
N.T.
14.11.2021 14:24
Goşgy:,, Görmeksiz gyz"

Ine, barýaň umydyňa büdüräp,
Egniň horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joşup-titiräp,
Tans edýär owadan gyzlary bile.

Hor ellerňi çykaraňok ýeňiňden,
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly.
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden,
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.

Undup bilmän görmeksizje doglanyň,
Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
Geçip barýan bir syratly oglanyň
Mylakatly söz aýdaryn isleýäň.

Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar:
Ýörite ýag bilen saçlaryn darap,
Olar wagtdanam ozup barýarlar,
Özlerniň owadan gyzlarna tarap.

Ah, horja gyz, horlugyňdan horlanýaň.
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede?
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar,
Seni öýe ugradanok biri-de.

Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip,
Owadan gülüşip ýüregňe düşýär.
Olar görmegini artdyrjak bolup,
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.

Öýe gelýäň. Gyýýar ýüregňi ünjiň,
Hasratdan çekilýär iki owurdyň.
Aglaýarsyň: «Ah, eje jan, nämüçin
Meni beýle betgelişik dogurdyň?»

Emma goňşy gelin — bir görmegeý dul
Atasyz ogluna günäli bakýar.
Hem seniň tersiňe,
Gussa-gam çekýär:
«Owadan dogulma,
Bagtly dogul!»

Aglama, gyz! Uýajygym, gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden,
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma.
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.

Käte şeýle bolýar: görkdür-görmek
Gidip otyr il içinde at alyp,
Ýöne, nämüçindir, tylla ýüzük dek
Ýolda,
Gum içinde galýar sadalyk.

Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek.
Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly.
Şeýle ýigitler bar, (olar bar entek)
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly!

Gurbannazar Ezizow.
9
236
N.T.
13.11.2021 09:41
#Aslynda, ýürek döşümiziň çep tarapynda ýerleşmeýär. Iki öýkenimiziň arasynda sähel çep tarapda ýerleşýär. Ýürekde özbaşdak elektrik impulsy emele gelýänligi üçin ol bedeniň daşynda hem işläp bilýär. Ýöne ýü­ regiň işlemegi üçin koronar gan aýlanyşygy wajypdyr. Saz ýa-da aýdym diňlän wagtymyzda az wagtdan soň ýüregimiziň ritmi diňleýän sazymyzyň ýa-da aý­ dymymyzyň ritmi bilen sazlanyşýar. Ýürek 1 minutda takmynan 72 gezek urýar. 1 günde 100 000 gezek ursa, 65 ýaşda 2 500 000 000 gezek urýar. Ýürek 1 minutda takmynan 5‒30 litr gany aýlaýar. Bir günde takmynan 10000 litr gany aýlaýan bolsa, ömrüň dowamynda takmynan 176 000 000 litr gany öz üstünden geçirýär. Ganyň 24 sagatda damarlarymyzdan geçýän aralygy takmynan 97 000 km deňdir. Diňe gök-önümleri iýýän adamlarda ýürek keseli bilen kesellemek howpy 19% azalýar. Düwünçegiň ilkinji ýürek urgusy 4 hepdelik wagtyndan başlanýar. Täze doglan çagalaryň bedeninde jemi 200 ml gan bolýar. Ýürek gözüň buýnuzly perdesinden başga ähli beden öýjüklerini (75 trillion) gan bilen üpjün edýär. Ýag dokumanyň arasyndan köp mukdarda kapilýar damarjyklary geçýär. Diýmek artykmaç agram üçin ýürek goşmaça iş etmeli bolýar. Zenanlaryň ýüreginiň takmynan agramy 240 gr, erkek adamlaryň ýü­ reginiň takmynan agramy 310 gr. Muňa garamazdan aýallaryň ýüregi erkekleriňkiden çalt urýar. 1 minutda aýallarda 78, erkeklerde 72 gezek urýar. Gan aýlanyş ulgamyndaky kislorodyň 20%-i beýni üçin sarp edil­ ýär. Ganyň ýürekden çykyp ýene yzyna gaýdyp gelmesi üçin 25 sekunt wagt gerek. Gök kitleriň ýüregi iň uly ýürekdir. Onuň agramy 680 kg. Kitleriň ýüregi 1 minutda 9 gezek urýar.
9
535
N.T.
N.T.
12.11.2021 21:27
Iñ owadan gül🌹🌷⚘ hekaýasy... Bir wagtlar bir şäherde owadan bir gyz ýaşaýardy. Bu gyz şeýle bir owadan welin, uzak şäherlerden we ýurtlardan gaty baý, örän görmegeý, asylly ýigitler ony görmäge
N.T.
11.11.2021 23:03
Geñ galdyryjy yol hereketiniñ kanunlary:

Dünýäniň dürli ýurtlarynda gaty geň we garaşylmajak kanunlar bar, şolara ýol hereketi kanunlary hem degişli. Ine ýol hereketi bilen baglanyşykly käbir geň kanunlar:

1️⃣San Fransiskoda maşyn eýelerine ulanylan içki eşikleri bilen maşyn süpürmek, arassalamak gadagan. Göz öňüne getirip görüň ol kanun nädip, näme sebäpden ýola goýuldyka?

2️⃣Kanun – sessizlik: Şweýsariýada maşynyň gapysyny gaty ýapmak düýbünden gadagan.

3️⃣Bu kanun samsyk-ha däl, ýöne beýle zadyň kanun bolmagyna gerekçilik bardymy? – Alabama ştatynda sürüjilere gözlerini baglamak (blindfold dakmak) gadagan.

4️⃣Arizonanyň Glendale şäherinde maşyny yza sürmek bolmaýar.

5️⃣Tsitsero şäherinde hepdäniň dynç güni köpçülikleýin köçelerinde sykylyk çalsaňyz sizi polisiýa saklar.

6️⃣Awstraliýada öz ulagyňyzyň bagažynda ot daşamak bolmaýar, ýöne taksi bilen bolsa näçe aljak diýseň alybermeli.

7️⃣Oklahoma ştatynda maşyn sürüp barýarkaň komiks okamak gadagan.

8️⃣Massaçusets ştatynyň Milford şäherinde maşynlaryň penjirelerinden seretmek bolmaýar.

9️⃣Jasper Geýtsde (Kanada) kanun boýunça maşyny paýtun ýa-da atlardan çalt sürmek bolmaýar.
Çeşme: www.bmw.com
6
363
N.T.
11.11.2021 22:22
Logiki soraglar❓❓❓

1. Bir adam sürjilik haty (Prawasy) öýünde galýar we ol ýoluda gapma-garşy tarapa (Protiw) hereket edýär . Ony gören Milisiýa ol adamy saklanok. Näme üçin?

2. Näme üçin. Maşynlara nomer dakylýar?

3. näme üçin.Lukmanlar operasiýalarda ellik geýýär?

4. Akwariýumda 7 sany balyk bar olaryň 3-sanysy çöküp gitdi 1-sanysy öldi 2-sanysy ýüzüp ýör.Sorag akwariýumda näçe balyk galdy?

5. Kellesi Demirgazyga bakyp duran atyň guýrygy nire bakýar?

6. Köpürden üç adam geçýär olardan birnji adam köpüri görýär we köpüriň üstinden aýagy bilen basyp geçýär, ikinji adam köpüri görýär, emma köpüri basman geçýär üçinji adam köpüri görmeýär ony aýagy bilen basmaýar, emma geçýar. Sorag olar kimler?

7. Aýagy, kellesi,gulagy sygyra meňzeýän haýwan?
7
516
N.T.
N.T.
10.11.2021 09:42
Owadan,syhangöý geplemani öwredýän we gözýetimiñi üýtgedip biläýjek hekaýa: Nýu-Yorkorkdaky Bruklin köprüsinde bir kör dilegçi şahyryň ünsüni özüne çekýär. Dilegçiniň boýnunda asylan bir kagyz bardy.
N.T.
N.T.
09.11.2021 09:52
Manyly sözler.... -Nirä barjakdygyny bilmeýän deňizçä hiç bir ýel kömek edip bilmez. -Hiç kim elleri jübüsinde üstünlige ýetmedi. -Daşy deşýän suwuň güýji däl-de, dowamlylygy. -Boş wagt ÿokdur,