Geñ galdyryjy yol hereketiniñ kanunlary:
Dünýäniň dürli ýurtlarynda gaty geň we garaşylmajak kanunlar bar, şolara ýol hereketi kanunlary hem degişli. Ine ýol hereketi bilen baglanyşykly käbir geň kanunlar:
1️⃣San Fransiskoda maşyn eýelerine ulanylan içki eşikleri bilen maşyn süpürmek, arassalamak gadagan. Göz öňüne getirip görüň ol kanun nädip, näme sebäpden ýola goýuldyka?
2️⃣Kanun – sessizlik: Şweýsariýada maşynyň gapysyny gaty ýapmak düýbünden gadagan.
3️⃣Bu kanun samsyk-ha däl, ýöne beýle zadyň kanun bolmagyna gerekçilik bardymy? – Alabama ştatynda sürüjilere gözlerini baglamak (blindfold dakmak) gadagan.
4️⃣Arizonanyň Glendale şäherinde maşyny yza sürmek bolmaýar.
5️⃣Tsitsero şäherinde hepdäniň dynç güni köpçülikleýin köçelerinde sykylyk çalsaňyz sizi polisiýa saklar.
6️⃣Awstraliýada öz ulagyňyzyň bagažynda ot daşamak bolmaýar, ýöne taksi bilen bolsa näçe aljak diýseň alybermeli.
7️⃣Oklahoma ştatynda maşyn sürüp barýarkaň komiks okamak gadagan.
8️⃣Massaçusets ştatynyň Milford şäherinde maşynlaryň penjirelerinden seretmek bolmaýar.
9️⃣Jasper Geýtsde (Kanada) kanun boýunça maşyny paýtun ýa-da atlardan çalt sürmek bolmaýar.
Çeşme: www.bmw.com