,, Dostluk " goşgusy....
Oňat günde köpdür halyň, köpdür halyň sorajak,
Töweregiň deňi-duşdan doludyr.
Seňem juwan ýüregiňde gara duman-gussa ýok.
Ähli adamlaram oňat ýalydyr.
Ýöne birden, ýene birden kyn iş düşse başyňa,
Görmezlige salar salam diýýäniň.
Bulutly gün kölegäniň bizi taşlaýşy ýaly,
Bizi taşlar bile çörek iýýänmiz.
Käte şeýle, käte şeýle, käte şeýle bolýandyr,
Kim bilen ýola çykjagyňy bilip bolanok.
Käte ýola hak dost diýip, hak dost diýip çykanyň
Kyn gün üçin ýüreginde kuwwat ýok.
Gam çekme sen, gam çekme sen, gam çekme, ülpet,
Gamda galyp, özüň urma sen oda.
Ýüreginde şol kuwwaty,
Ýüreginde şol elýetmez päkligi,
Saklaýan adamlar kändir dünýäde.