Iñ owadan gül🌹🌷⚘ hekaýasy...
Bir wagtlar bir şäherde owadan bir gyz ýaşaýardy. Bu gyz şeýle bir owadan welin, uzak şäherlerden we ýurtlardan gaty baý, örän görmegeý, asylly ýigitler ony görmäge gelerdi. Bu gyzyň iň halaýan zady owadan gül bakjasyna eýe bolmak.
Ýei gelende aýtsak, şol bir şäherde ýaşaýan we bu gyza aşyk bolan bir ýaş ýigit hem bu gyzy isleýärdi. Emma gyz ony ret etdi. Köp ýyl geçdi. Bu ýigidimiz şäheri terk etdi. Täze durmuş gurup, başga şäherde ýaşaýşyny dowam etdirdi. Günleriň birinde ol ozal ýaşan owadan kiçijik şäherine dolanyp geldi. Ýurduň iň owadan gül bakjasy bolan bu şäheri küýseýärdi. Ol öňünden çykan bir gojadan ozal aşyk bolan gyzy barada sorady. Goja ileridäki gül bakjasy bolan bir jaýy görkezip, gyzyň eýýäm durmuşa çykandygyny aýtdy. Ýigidimiz bolsa bir wagtlar hemme kişini ret eden bu owadan gyzyň adamsy hakda gaty gyzyklanyp başlady.
Soňra bolsa gyzyň öýüniň golaýynda gizlenip öýe syn edip başlady başlady we adamsynyň öýden çykandygyny gördi… Gyzyň adamsy semiz, kel we betnyşan adamdy, we gaty bir baý adam däldi. Soňra bu ýigit gyzyň öýüne baryp gapysyny kakdy we özüni tanatdy. Gyzdan näme üçin beýle adama durmuşa çykandygyny sorady. Gyz bolsa arkasyndaky gül bakjasyndan iň owadan gül saýlasa jogap berjekdigini aýtdy.
Soňra bu ýigit bakjanyň bir ujyndan girip iň owadan gülüň gözlegine düşdi. Birden birnäçe owadan sary gül gördi. Oňa tarap egilip otyrka, ullakan gülgüne gül birneme ünsüni özüne çekdi … Oňa elini uzatsa, öňde ajaýyp gyzyl bägül gördi. Soň görüp otursa bakjanyň soňuna gelipdir we eli boş dolanmajak bolup eline gelen bir güli alyp gyzyň ýanyna geldi. Gyz ýigidiň iň owadan güli getirmegine garaşyp otyrka, oglanyň elinde ýapraklary guran, solan güli gördi. Şondan soň gyz oglana ýüzlenip: “Gördüňmi? Elmydama iň gowsyny saýlaýançaň ömrüň geçýär we sen iň erbedine razy bolmaly bolýarsyň…”
Şonuň üçin ýaşlyk eliňden gitmänkä bar bolan zatlardan kanagatlanmagy başarmaly. Ýatdan çykarmaň! Iň owadan gül elmydama ýanyňyzdaky güldür…
Çeşme: motivasyonatolyesi.com