N.T.
14.11.2021 14:24
Goşgy:,, Görmeksiz gyz"

Ine, barýaň umydyňa büdüräp,
Egniň horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joşup-titiräp,
Tans edýär owadan gyzlary bile.

Hor ellerňi çykaraňok ýeňiňden,
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly.
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden,
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.

Undup bilmän görmeksizje doglanyň,
Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
Geçip barýan bir syratly oglanyň
Mylakatly söz aýdaryn isleýäň.

Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar:
Ýörite ýag bilen saçlaryn darap,
Olar wagtdanam ozup barýarlar,
Özlerniň owadan gyzlarna tarap.

Ah, horja gyz, horlugyňdan horlanýaň.
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede?
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar,
Seni öýe ugradanok biri-de.

Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip,
Owadan gülüşip ýüregňe düşýär.
Olar görmegini artdyrjak bolup,
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.

Öýe gelýäň. Gyýýar ýüregňi ünjiň,
Hasratdan çekilýär iki owurdyň.
Aglaýarsyň: «Ah, eje jan, nämüçin
Meni beýle betgelişik dogurdyň?»

Emma goňşy gelin — bir görmegeý dul
Atasyz ogluna günäli bakýar.
Hem seniň tersiňe,
Gussa-gam çekýär:
«Owadan dogulma,
Bagtly dogul!»

Aglama, gyz! Uýajygym, gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden,
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma.
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.

Käte şeýle bolýar: görkdür-görmek
Gidip otyr il içinde at alyp,
Ýöne, nämüçindir, tylla ýüzük dek
Ýolda,
Gum içinde galýar sadalyk.

Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek.
Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly.
Şeýle ýigitler bar, (olar bar entek)
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly!

Gurbannazar Ezizow.
9
236
N.T.
14 Noýabr 2021
Гульхан,okap gordum Banucıcek,dogrydanam gaty gyzykly

Heýkelçiň hünäri bolsady mende, Aýaman güýjümiň sähelçesin-de, Daş ýygnap, aýlanyp Ýeriň Şaryny, Men güle öwrerdim olaň baryny
Gülhan
14 Noýabr 2021
Daş gyz poemasyny okap gördünmi?
Melikee
14 Noýabr 2021
N.T.meniň goýan harplamdan sözlem düzüp bilmediňmi?😁
N.T.
14 Noýabr 2021
hanym,🤭🤭🤭
Melikee
14 Noýabr 2021
N.T.,wii gaharmy ol menä sygyryp durandyr öýdüpdirin 😄
N.T.
14 Noýabr 2021
Hemmeler esden bolsa gerek bu sozi👆Pikirleriñiz nahili shol aydylan dogry dp pikir edyarsiñizmi?!

hanym,😁😁nama gaharyñ geldi hanym
Melikee
14 Noýabr 2021
правилно 👏👍
N.T.
14 Noýabr 2021
Не родись красивым, а родись счастливым😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.