Owadan,syhangöý geplemani öwredýän we gözýetimiñi üýtgedip biläýjek hekaýa:
Nýu-Yorkorkdaky Bruklin köprüsinde bir kör dilegçi şahyryň ünsüni özüne çekýär.
Dilegçiniň boýnunda asylan bir kagyz bardy.
Şahyr dilegçiden her gün näçeräk gazanýandygyny soraýar.
Dilegçi sekiz dollar töweregi gazanýandygyny aýdýar. Soňra şahyr dilegçiniň boýnuna asylan kagyzy öwrüp, bir zat ýazýar.
“Men bu ýerde girdejiňi artdyrjak bir zat ýazdym. Bir hepde soň ýanyňa gelenimde, netijäni maňa aýdarsyň” diýýär we gidýär.
Şahyr bir hepde soň dilegçiniň ýanyna gelip, özüni tanatdy…
Dilegçi:
“Jenap, size öz minnetdarlygymy bildirip bilmedim. Bir hepdede gazanjym iki esse artdy. Gaty gyzyklandyrdyňyz welin, boýnumdaky kagyza näme ýazdyňyz?
Soňra şahyr ýylgyryp:
Seniň boýnuňda ilki: “Men kiçiligimden kör, maňa kömek ediň” diýip ýazylgy durdy. Men bolsa ony, “Basym bahar geler we men ýene-de gözel tebigaty görüp bilmerin” diýip üýtgetdim diýýär.
Esasy zat, aýdyljak zady iň oňat görnüşde beýan etmekdir. Elbetde ähli zady iň gowy şekilde düşündirip boljak bir ýol bar. Ony tapmaga, ulanmaga we gözýetimiňizi bu ugurda giňeltmäge synanyşyň!
Çeşme: www.thegeyik.com