N.T.
N.T.
24.11.2021 21:23
,,Ayralyk"... Şu gün bir ýyl boldy seniň gidenňe, Umydym üzemok, garaşýan saňa! Neçüýn birje gezek habar almadyň? Mynasyp gördüňmi yşk derdin maňa😔😔😔 “Garaş maňa güýz🍂🍁 gelerin!” diýipdiň, Bir
N.T.
N.T.
22.11.2021 14:18
,, Ejem eken”... Etmişim ­kän,­ ötmüşem­ sen, ­çagalygmyň ­ýeňlesligni, Öwredipdiň­ has­ kiçikäm ­gyz­ görküniň­ agraslygny, On ­ýyl ­geýdiň­ bir­ geýeniň,­ maňa ­tikdiň­ köýnekligňi, Joralarma­
N.T.
N.T.
22.11.2021 09:29
Sen gelmersiñ... Durmuşymyz tötänlikmi durşuna – Säwlikmidir, söýgimizi har eden? Ýa ykbalmy? Bir pursatlyk duşuryp, Soňra, ömürboýy intizar eden… Aram-aram bu giň jahan dar bolýar, Ýürek ýuwdar
N.T.
22.11.2021 03:15
,,Erkegem aglar ekeni"...

Erkek ýüreklidir, şir ýaly mertdir,
Gaýduwsyz, merdana, özüne berkdir,
Ýöne durmuş öz diýenini etdir,
Ah çekip, erkegem aglar ekeni.

Çyn dosty bir gün duzyny depse,
Ýeňsesinden gizlin dönüklik etse,
Ähli hakykata gözi giç ýetse,
Gynanyp erkegem aglar ekeni.

Ilki sataşanda, ilkinji söýgä,
Söýen gyzy göwün beräýse özgä,
Arzuwyna duşman, çümäýse görgä,
Bagt üçin, erkegem aglar ekeni.

Döwleti bir günde elinden gitse,
Ýada hassa bolup kyn günde ýatsa,
Öňki abraýy hormaty ýitse,
Bildirmän, erkegem aglar ekeni.

Eger köýüp gitse, arzuw-hyýaly,
Ýasdykdaşy bolup çyksa günäli,
Biwepalyk etse, eger aýaly,
Çydap bilmän, erkek aglar ekeni.

Beter bolsa ýüreginiň awusy,
Ýüzün ýere çalsa eziz çagasy,
Kalbynda gaýnasa ary-namysy,
Ejizläp, erkegem aglar ekeni.

Geň görmezler şunda erkek aglasa,
Çykalgasyz ýürek bagryn daglasa,
Ýakynlarnyň birin ýere jaýlasa,
Gygyryp, erkegem aglar ekeni.

Kalbyndan çykarsa eger şeýtany,
Oýansa ýürekde onuň imany,
Geç günämi diýip ýatlap Allany,
Dileg edip, erkek aglar ekeni.


Awtory: Döwlet Berdigylyjow
8
95
N.T.
N.T.
21.11.2021 22:34
,,Dileg" - Kakamyrat Rejebow Her ýyly söz göwünlik däl, Aman diýmek ýeňilmek däl, Bu ýollarda ýeňil ýük däl, Gerden diledim, diledim. Ýyllar ötdi düzüm-düzüm, Derdin beren berdi dözüm, Köňül
N.T.
21.11.2021 22:24
Pederime...

Seret, ýene güýz gelipdir,
Durnalar göçüpdir, kaka!
Akrabyň bol ýel-ýagmyry,
Sepini açypdyr, kaka!

Lybasy tylla zerewşan,
Sypaty misli bir jenan,
Güýz durşuna sahypkyran,
Nuruny saçypdyr, kaka!

Güýzde doglandyň senem,
Barkaň, bagtlydym neneň,
Ýoklugyňda günleň, ynan,
Mazasy gaçypdyr, kaka!

Indi niçe güýzleri men,
Sensiz garşy alýan kileň,
Öwütleriň tekgäm bolan,
Günlerim geçipdir, kaka!

Baý, otarardyk pelsepe,
Diýrdiň: «Göwün berme gepe»,
Ýaran bolup, haýra-nepe,
Arş sary uçupdyň, kaka!

Gel, uklamda düýşlerime,
Oý-pikirme, huşlaryma,
Ynha, buýra saçlaryma
Ak tozga gaçypdyr, kaka!

Seret, ýene güýz gelipdir,
Durnalar göçüpdir, kaka!
Iň bolmanda düýşümde bir
Göwnümi açyp dur, kaka!


Awtory: Dursun Tekäýewa
9
134
N.T.
21.11.2021 22:19
,,Haýyşym" ...

Ýyldyrym çakdyryp göreçlerimde,
Aladaly gabat gelýäň ýygydan
Hemem gursagymy otlap goýberýäň.
(Bagtyň bolsun, geçmişimi ýylydan!)

Käte hal-ýagdaýyň sorasym gelýär,
Artyk zadam islämok-la men indi.
Sebäp, birçak boýun aldym söýginiň
Seň eýeli ýüregiňde sönenni.

Ýöne meň gursagym sowabermedi,
Gün-günden örç aldy tutaşan ataş.
Haýyşym: ünjüli görmäýin, dünýäm,
Maňa bagtdan dolup-daşýarkaň sataş!


Awtory: Sapa Hommadow
10
128
N.T.
20.11.2021 11:52
Mekdep dowurleriniñ gulkili yatlamalary ýadyña dushende yuzumizde gulki alamatynyñ emele gelendigini bilmän galýarys.Bu programmanyñ agzalarynyñ kopsi okuwy gutaranlar bolany un meñ aytjak bolyan zadyma dushunyandir.Hemmamiziñ bashymyzdan 16 ýasda passport alyşlyk dowri gecdi. Shol dowurde biz passport alanlardan näce adama meñzeýan ekeniñ dp soraşdyrýardk😁😁Sizde hem sheyle bolýardymy???Passportyñ soñky sahypasyndaky aşagynda ýazylýan sifrin Turkmenistan bça naçe adama meñzeýandigini aýdýandygyny hemmäñiz bilýansiñiz???Siz nace adama meñzeýan ekeniñiz😊😊Passport alan badyna passport nomerini,suratynygörýänler we,,,nace adama meñzeýan ekenim diýyanler" elleriñizi galdyryñ🙋‍♀️🙋‍♀️😁😁
9
226
N.T.
19.11.2021 22:09
Tasinlikler dunyasi

#1)Eger 111 111 111 sany edil özüne köpeltseň, onda şunuň ýaly täsin sanlar emele gelýär: 12 345 678 987 654 321 (sanlar tertip boýunça ilki ulalýar,soňra kiçelýär).


#2)Kosmosa uçan ýeke-täk är-aýal— amerikan astronawtlary Jen Dewis we Mark Li dagy boldy. Olar 1992-nji ýylyň 12-20-nji sentýabrynda kosmosda bolan «Endewer» kosmiki gäminiň ekipažynyň hataryna girdiler.

#3)Kelpezäniň dili onuň özünden iki esse uzyndyr.

#4)Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň her ikinjisi 40 ýaşyna
çenli millioner bolaryn diýip çaklaýar.

#5)Kosmiki gämi 10 minudyň dowamynda Ýeriň üstüniň 1 million inedördül kilometrini surata düşürip bilýär. Uçardan şonça meýdany surata düşürmek üçin 4 ýyl gerek bolar,geologlara we geograflara bu kär 80 ýyl iş bolardy.

#6)Adamlaryň 97 göterimi eline täze ruçka alanda, ilki bilen, öz adyny ýa familýasyny ýazýar.

#7)Beýik Hytaý diwaryny diwar kagyzlary bilen ýapmak üçin 15 840 000 sany kagyz düýrmegi gerek bo­lar.

#8)Garynjalar hiç wagt uklaýan däldirler.

#9)Suworowyň aýdan belli sözi asyl nusgasynda şeýle bolupdyr:
«Türgenleşikde agyr bolsa, söweşde ýeňil bolar».

#10)Dünýäde iñ kop ýaýran we iñ meşhur at - MUHAMMET
10
291
N.T.
18.11.2021 22:26
Salam👋çagalygynda herhili gyzykly oyunlar oýnap ulalan türkmen yaşlary. bu yazgymda türkmen matallaryny ýatlasym geldi.sizden hem haýyştym aklyñyza gelen matallary yazmagyňyz belki olary heniz eşitmedikler hem bolmagy mümkin:) Hemmämiziñ çagalykdan bilyän matallarymyzdan kabirleri:

#1.pessejik öyden gar ýagýar

#2.bir alaja ýüpim bar nira zyňsam ýetýär

#3.ýere urdym paltany agzy gyzyl haltany ýerden bir oglan çykdy uly iliň soltany

Dowamy bolsa sizden geler diyip umyt edýan.hany biliň onda😆😆😆
7
148