N.T.
21.11.2021 22:24
Pederime...

Seret, ýene güýz gelipdir,
Durnalar göçüpdir, kaka!
Akrabyň bol ýel-ýagmyry,
Sepini açypdyr, kaka!

Lybasy tylla zerewşan,
Sypaty misli bir jenan,
Güýz durşuna sahypkyran,
Nuruny saçypdyr, kaka!

Güýzde doglandyň senem,
Barkaň, bagtlydym neneň,
Ýoklugyňda günleň, ynan,
Mazasy gaçypdyr, kaka!

Indi niçe güýzleri men,
Sensiz garşy alýan kileň,
Öwütleriň tekgäm bolan,
Günlerim geçipdir, kaka!

Baý, otarardyk pelsepe,
Diýrdiň: «Göwün berme gepe»,
Ýaran bolup, haýra-nepe,
Arş sary uçupdyň, kaka!

Gel, uklamda düýşlerime,
Oý-pikirme, huşlaryma,
Ynha, buýra saçlaryma
Ak tozga gaçypdyr, kaka!

Seret, ýene güýz gelipdir,
Durnalar göçüpdir, kaka!
Iň bolmanda düýşümde bir
Göwnümi açyp dur, kaka!


Awtory: Dursun Tekäýewa
9
134
N.T.
22 Noýabr 2021
hanym,sps 😘mende hem kawagt açmaýar arasynda açyar yone
Melikee
22 Noýabr 2021
N.T.,ilkinji postuň mende görünmeýär.Ýöne ýazýanlaryň hemmeseini okaýan.
N.T.
22 Noýabr 2021
hanym,wayyy jana sag bol😚😚kaka hakda ilkinji postumdada goshgy paylasypdm okap gora halarsyñ
Melikee
22 Noýabr 2021
Meniň pikirimçe ejeler bilen deňeşdirilende kakalar hakda ýazylan goşgular az.👍Düýn agşam gelip hemme ýazanlaryňa basyp gitdim.
N.T.
21 Noýabr 2021
Banucıcek,uraaaa😇😇🤩🤩🤩🤩🥳🥳🥳🥳begendirdiñiz sps😘☺

Banucıcek,yene bir gosgy paylasdym ony nahili gorduñiz okap goruñ hany
N.T.
21 Noýabr 2021
Banucıcek,😔😔😪bor.Allajan imanyny bersin ejeñ doganlaryñ janlary sag bolsun esasy😊

Gosgy yaran bolsa begendim😇😍🤩 Like goyup dursañyz yene-de gosgylar paylaşaryn😉😁
Ovezova_
21 Noýabr 2021
İň bolmanda düýşümde bir gownumi açyp dur kaka!
N.T.
21 Noýabr 2021
Banucıcek,bagyşla yaralaryña duz sepmek niýetim yokdy😔😔otunç sorayan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.