N.T.
22.11.2021 09:29
Sen gelmersiñ...


Durmuşymyz tötänlikmi durşuna –
Säwlikmidir, söýgimizi har eden?
Ýa ykbalmy? Bir pursatlyk duşuryp,
Soňra, ömürboýy intizar eden…

Aram-aram bu giň jahan dar bolýar,
Ýürek ýuwdar agyrysyn, ynjanyň.
Besdir maňa bir ýerlerde bar bolsaň,
Nirede gezseň-de sag bolsun janyň!

Öten agşam seni gördüm düýşümde –
Ötüp barýaň, tutdurmaýaň, el bersem.
Şu güne çen garaşyplar düşündim,
Sen ertir hem, birigün hem gelmersiň.

Men-ä şonda geçen bolsam aýlanyp,
Ýa senem şol ýere gelmedik bolsaň –
Bolmasa-da bolmazdy bu aýralyk,
Biz şol gün sataşyp bilmedik bolsak…


Awtory: Annamuhammet Kirşen
10
92
guli_
22 Noýabr 2021
👏👏👏👍👍👍👍
Melikee
22 Noýabr 2021
N.T.,hawa.Öň okadym,şol okaýşym ýadymda galypdy.Manyly goşgy.💙
N.T.
22 Noýabr 2021
hanym,Cyndanmy🤗🤗 menem gaty gowy gordumda🥰😍
Melikee
22 Noýabr 2021
Şu goşguny gowy görüp duşman ýördüm.👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.