,, Ejem eken”...
Etmişim kän, ötmüşem sen, çagalygmyň ýeňlesligni,
Öwredipdiň has kiçikäm gyz görküniň agraslygny,
On ýyl geýdiň bir geýeniň, maňa tikdiň köýnekligňi,
Joralarma güjeňlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deňän, görüp dursam, ejem eken.
Ýyllar göçýär, geçip barýar, başyňdaky çagalygam,
Köpelýändir durmuş hakda saňa berýän soragymam,
Günler geçdi, soň ýat boldy, şol çägeli Garagumam,
Talyp boldum, men özüme diýipdimle «Bagty çeken»,
Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän, ejem eken.
Gara saçlaň aklygyna, düşünmedim ilki bada,
Jowrandyda, ýürek şonda, atygsady, düşdi oda,
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada,
Maňa goýman ýazygymy, bagry bilen süzüp çeken,
Indi bilýän, ejem eken.
Men özümi ýalňyz duýdum şu märekäň arasynda,
Ne alamat, bu duýgulam, sakla özüň goragyňda,
Özüme zor salyp gelýän ýyly mähriň ideginde,
Jandan geçip söýjek barmy, tapylarmy dyza çöken?!
Bagra basdy bir tanyş el, ol ýene meň ejem eken.
Söýen ýigdim, goýup gitdiň, ýat bolduk biz bir-birege,
Men ýüregňe ýol salsamam, gapy tapmadym girere,
Alynmadyk myhman ýaly, duýgym tazykdy bir ýere,
Meň seni söýşümden beter, menem biri söýýär eken,
Şol ynsanam ejem eken.
Gyssanyber, däli köňlüm, wagtyň şol bolşy, tizlänok,
«Ah, bu durmuş ejeň däldä», ejizleseň, ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleýär, güzaby ýok, azaby ýok,
Köp aýdardyň, diňlemezdim, soňam boldum derde çöken,
Awunybam arzyň aýtsaň, ejeň seni diňlär eken.
Ýeňil işe tiz ýapyşdym, kynlaryny soňa goýdum,
Şänik ýaryp, maňzyn iýdim, gabygyny saňa goýdum,
Çaýlamaga joraň gelse, sen ýenede gyzyň öwdüň,
Görä, durmuş niçiksi zat, ýörän ýoluň hile-gapan,
Ýagşyň ýaýyp, aýbyň ýapjak, ilki bilen ejeň eken.
Awtory: Ogulnur Ataýewa.