N.T.
21.11.2021 22:34
,,Dileg" - Kakamyrat Rejebow


Her ýyly söz göwünlik däl,
Aman diýmek ýeňilmek däl,
Bu ýollarda ýeňil ýük däl,
Gerden diledim, diledim.

Ýyllar ötdi düzüm-düzüm,
Derdin beren berdi dözüm,
Köňül içre ýagşy sözüm
Dürden diledim, diledim.

Gül ömrüň öýlesi bilen,
Yşk geldi meýlisi bilen.
Aýybym kän… Söýgüsi bilen
Örten diledim, diledim.

Ýetmese Ýokardan ýardam,
Ne haraý ah bile zardan?!
Barysyny Biribardan –
Birden diledim, diledim.
9
79
N.T.
21 Noýabr 2021
Banucıcek,Onda Biribar dilegleriñ barsyny kabul eder hokman😊😊😉
N.T.
21 Noýabr 2021
Eger-de bu gunki goyan gosgularymy halan bolsañyz ertir hem ýene duygulandyrýan goshgulary hokman goyjakdyryn😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.