N.T.
24.11.2021 21:23
,,Ayralyk"...

Şu gün bir ýyl boldy seniň gidenňe,
Umydym üzemok, garaşýan saňa!
Neçüýn birje gezek habar almadyň?
Mynasyp gördüňmi yşk derdin maňa😔😔😔

“Garaş maňa güýz🍂🍁 gelerin!” diýipdiň,
Bir ýyl geçdi, emma güýz sensiz geldi.
Gulagma pyşyrdap güýzüň ýelleri,
Diýdi: “Umydyň üz! Ýaryň gelmedi!”

Gün geçdikçe barýan senden sowaşyp,
Aňda galdy şol aýralyk pursatlar.
Öňümden çykanda seniň suratyň,
Ody🔥 tutaşdyrdy ýalňyz gursakda.💘

Ykbalymy saňa baglamak üçin,
Söýüp ýalňyşmadym, ökünerim ýaly.
Söýgüňden ýadygär gam-gussa goýduň,
Indi şatlygym ýok öňküler ýaly.

Ynan ýeriň tutup bilmez hiçbiri,
Özgäni söýmegiň tapman mydaryn.
Kyn hem bolsa durmuş maňa öwreder,
Aýralyk derdine biraz çydaryn.😔😔😔
11
187
Gussam
29 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
N.T.
24 Noýabr 2021
Banucıcek,bolya sag boluñ onda😘🤗

Гульхан,guyz gecjek gecjek bp dur oza ol gelmese😔😔😆😆
Gülhan
24 Noýabr 2021
Emma güýz sensiz geçdi...
N.T.
24 Noýabr 2021
Banucıcek,taze yazyan gosgyñy okaryn tazejesini ýyljagy bilen diyyan
N.T.
24 Noýabr 2021
Banucıcek,gynansak agzalaryñ önki postlaryny acyp bolmqyar mende yone zyyany yok tazesini okaryn gayta🤗🤗😊

Banucıcek,KöWsEr,suratymyz dp goshgy hem paylashypdm oña baha bermediñiz😔😔
N.T.
24 Noýabr 2021
Banucıcek,shumatjyk sen aydanyñdan soñ bildim😁gaty diyipdirler ussatlar😀yok okamadym hacan paylashdyñyz

KöWsEr,cyda cyda ol guyz gelerin diydi ahyryn☝☝😅😅Nastr gowy hazir yaman gorme degisip otyryn.Duynden bari post paylashyp bilemokdm indi paylashyp bilyan bugun yatyp bilmerin men😅😅
N.T.
24 Noýabr 2021
Banucıcek,sag boluñ shey diyseñiz has gowy goshgylaryñ gozlegine cykýanda elime fanarigimi alyp😆😆Myrat Mollan bir prikolynda ejem eliñ cyraly gozle diydi diýyara🤭🤭🤭😅
N.T.
24 Noýabr 2021
Banucıcek,🤗🤗😘

Yene bir goshy paylashdm nahili gorduñiz
N.T.
24 Noýabr 2021
Banucıcek,garash garash ertir barjakdyryn😄😄
N.T.
24 Noýabr 2021
Hemmanize gic yagshy ahyry post paylashyp bildim😊Goshgyny nahili gorduniz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.