Madmazella
07.04.2023 15:09
Durmuşyň iň oňat taraplarynyň biri hem adamyň idelmegidir. Näme üçin adam idelýär? Söýülýändigi hemde hormatlanýandygy üçin şeýle dälmi? İne, şunuň ýaly idelmek adamyň ýaşaýşynyň iň süýji şatlyklaryndan biridir. Tersine, hiç wagt idelip soralmasaň ol örän gynançly ýagdaýdyr.
İdelip soralmak hemişe gowy zatdyr, emma käwagt adamyň gözi gapyda galýar. Geljek adama hasrat bilen garaşyp duran wagtyňyz ýada myhmanyň ýoluna garaýan wagtyňyz boldumy? Adam syrkawlan wagty, şeýle duýga gaplanýar. Bir söýýänini, tanşyny başujunda görmek, güler ýüzi görmek, süýji söz eşitmek syrkawy dessine sagaldýar ahyry...
Käbir kiçijik dostlarymyň edýän işlerini eşitdim we örän tolgundym. Näme edýärmişler bilýäňizmi? Käbir hassahanalardaky zyýarat wagtlaryny sorap anyklaýarmyşlar. Birnäçe dost jemlenişip kiçijik sowgat alyp hassahana gidýärmişler. Kimi soramaga, bilýäňizmi? Hiç tanamaýan hassalaryny. Soralmaýan idelmeýän hassalary begendirýärmişler...
Häzirki günlerimizde adamkärçiligiň, wepanyň, dostlugyň örän seýrekländigini hemişe görýäris. Şunuň ýaly ýagdaýda kiçi dostlarymyň edýän işleri meni tolgundyrdy. Hakykatdanda ählimize aýratyn hem ýakyn garyndaşlaryny soramaýan adamlara, çuňňur manyly we taýsyz sapak berýärler.
30
175
Madmazella
19.03.2023 23:36
Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyň ýeňlesligini,
Öwredipdiň has kiçikäm gyz görküniň agraslygyny.
On ýyl geýdiň bir geýeniň maňa tikip köýnekligňi
Joralarma güjeňlärdim şonda aklym çatman eken
Bir gülenmi dünýä deňän görüp dursam ejem eken!
Günler geçýär göçüp barýar başymdaky çagalygam
Köpelýärdi durmuş hakda saňa berýän soragymam
Günler geçdi soň ýat boldy şol çägeli Garagumam
Talyp boldum men özüme diýipdimle bagty çeken
Ah bu bagty gije gündiz Hakdan dilän ejem eken!
Gara saçlaň aklygyna düşünmedim ilki bada
Jowrandyda ýürek şonda atygsady düşdi oda
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada
Maňa goýman günälermi bagry bilen süzüp çeken
İndi bilýän... Ejem eken!
Söýen ýigdim goýup gitdiň, ýat bolduk biz bir-birege
Men ýüregňe ýol salsamam gapy tapmadym girere
Alynmadyk myhman ýaly duýgym tazykdy bir ýere
Meň seni söýşümden beter, menem biri söýýär eken
Şol ynsanam ejem eken...
Men özümi ýalňyz duýýan şu märekäň arasynda
Ne alamat bu duýgulam, Taňryn özi gorasynda
Jandan geçip söýjek barmy?! Tapylarmy dyza çöken?!
Bagra basdy bir tanyş el, ol ýene meň ejem eken!
Jan beren sen şonsuzama ýene janyň gurban etjek,
Gynap bildim onsuzama, sen şondada günäm ötjek
Harlansada ilki söýgi, ynsan ýene söýjek eken
Bir ýiten soň tapdyrmajak ýekeje zat ejeň eken!
Gyssanyber däli köňlüm wagtyň şo bolşy tizlänok
Ah, bu durmuş ejeň däldä, ejizleseň ezizlänok
Hemme kişi bagt isleýär güzaby ýok, azaby ýok
Köp aýdardyň diňlemezdim, soňam boldum derde çöken
Awunybam arzyň aýtsaň ejeň seni diňlär eken!
Ýeňil işe tiz ýapyşdym, kynlarynam saňa goýdum
Şänik ýaryp maňzyn iýdim gabygynam saňa goýdum
Çaýlamana joraň gelse sen ýenede gyzyň öwdüň
Görä durmuş niçiksi zat ýörän ýoluň hile, gapan
Ýagşyň ýaýyp kemiň ýapýan ýekeje zat ejeň eken...
20
146
Madmazella
03.03.2023 08:32
Herkim birzat diýýä maňa daşymdan,
Kän külpetler geçdi geçirin başymdan.
Ötüp barýan indi ýigrimi bäşimden,
Çak boldy ýüregiňi maňa aç indi.
Perwana dek ençe gezdim daşyňda,
Senden başgaň pikiri ýok başymda.
Men ýigrimi bäş senem juwan ýaşyňda,
Ýürek seňki meň ýanymda gal indi.
Ýollar ýodalaram seň bilen ýagty,
Gözläp tapyp bolmaz ýitirlen bagty.
Öçüp barýa nury gözlermiň reňki,
Besdir meni bagt içine at indi.
Ýüregim syzlaýa janym jyzlaýa,
Her bakyşyň ajalymy yzlaýa.
Bagrym dilim-dilim sözleň duzlaýa,
Ýa meni ýak ýada göwnüm aç indi.
Durmuşda kän zatlar arzuw edilýär,
Kä zatlar üçin arzuwlaňdan geçilýär.
Ýakdyň ýetik indi maňa bes dünýä,
Men ýaşaýyn öz erkime goý indi.
Ýaralarma melhem gerek ajaýar,
Kysmatymda diňe ajy barmy ýa.
Düşünemok kalbym birine zarmy ýa,
Göwnümdäki ýan ýoldaşym bol indi.
Diňe sen derdime çäre tapjagam,
Diňe sen hasrata oda atjagam.
Men bir hassa bilmen nirde ýatjagym,
Ýagyş geçdi göwne ýagýa gar indi.
Ähli zatda parçalanýa ýüregim,
Alla meniň bu göwnüme diregim.
Haçan bagtly bolaryn hemmä soragym,
Sagym ýaman çepim ýagşy ýol indi.
Aýdogdyýew Çaryýar.
12
88
Madmazella
02.03.2023 08:46
Geňlik (hekaýa)
....Doglan wagtyndada ol gyza Geňlik diýip at dakdylar. "O ne beýle? Ese-boýa galansoň, adyndan utanaýsa nähili bor? Galyberse-de gyz maşgala iliň gözündäki adam..." diýenlerem tapyldy. Doglan badyna aglamasa. İki günläp gözüni açman ýatsa ejesiniň süýdüni emmän, çalaja tamşanan ýaly etse, eýsem ol çaga Geňlik bolman kim bolsun?! Üstesinede aşaky kentlewügünde iki dişi akjaryp görnüp dursa?! Elgaraz, Geňlik, geňlik yzyna geňlikler çykardy durdy. İrki döwürde aýallar çaga doglan badyna aglamasa, ony çümmükleýän ekenler. Gözüni açman ýatan bu çaga şol köne usuly ulanmagada gorkdular. Geňlik şeýdip üç ýaşady, soňra bäşine, onsoň alty...emma Geňlige dil bitibermedi. Diňe bilýäni "A-a-a...O-o-o" boldy. Demrindenmikä ýa kömründen diýseňem, ene-atasynyň on iki synasy sagdyn. Oňada, geň-taň galdylar.
...Ýigrimi ýaşa ýetdi. Adyndanam utanmady, syratyndanam. Bir günem Geňlik bezenip köçä çykdy. Başynda gyzyl ýaglyk, egninde çog keteni, uz basyp sülmüräp barýar. Dört örüm saçynam erkine goýberipdir. Dodaklara hozuň maňzyna meňzeş, goýungöz, gaşlary ýaý ýaly bolmasada gelşikli ýaňaklary bişmedik, bir tarapy gyzaran gyş almasy ýaly gyzaryp dur. Messan ýöreýşem şeýle bir üýtgeşik. Asyl seredip şol gözellikden doýmasaň nätjek! Geňligi gören öýlenmedik ýigitler "Bi kimkä?" diýip, gyzyň yzyna düşüpdiler. Golaý baryp, siňe seretseler, obadaşlary Geňlik. Gyzyň birkemsiz gözellerden däldigini bilselerem, Geňligiň kemini ýüzüne basmandyrlar, gaýta "Wah, ýaradaňda, şu iki barmak dilini gysgandyňmy?" diýip oýurganypdyrlar.
Şol gün agşam Geňlik birdenkä gyzdyrdy. Gyzgyny galdy, üsgürdi, asgyrdy... Gije gabaklaryny gyrpmady. Ejesi başujunda sary-sadylla boldy. Lukman çagyrdylar. Däri-derman berdiler. Geňlik aýňalyberenok. Göz degenmiş diýdiler. Ejesi indi köçä çykanyňy görmäýin, gyzym diýip käýinjiredi. Dodaklarynyň gymyldaýşyndan çen tutup, Geňlik ejesine düşünmedim diýen manyda ümledi. Ejesi goly bilen köçäni görkezip, barmagy bilen ol ýere gitmeli däl diýip düşündirdi. Kakasy muny görüp:" Öňä gürläp bilenok. Üstünden gülýäler diýdiň. Boýy ýetensoňam, beýdiýmäň näme keýwany?" diýdi. Ejesinden jogap bolmady. Şondan soň ony duldegşir goňşusynyň öýüne odur-budur zatlar üçin ugradaýmasalar, köçä çykarmadylar. Ese-boýa galansoň, Geňligiň gözelligi özüne kemis bolup göründi. Aýnada öz syratyna seredip, Geňlik geň galdy. Soňra oýurgandy:"İliňkiden niräm üýtgeşikmiş?..." Şondan soňa Geňligiň köçä çykmazlygam, del gözler üçin geň göründi.
Geňligiň bir goňşy gyzy bar. Ady Mahym. İkiside ýaşytdaş. Gyzlaryň ikisem bir günde— Geňlik daňdan, Mahym guşluk wagty doguldy. Kiçilikden bile oýnap, kowalaşyp ösdüler. Mahymyň gözelligem hiç neneň däldi. Tarypa mynasypdy, ýöne ol özüni Geňlikden bigörk hasaplaýardy. Saý-sebäp bilen Geňlik öýlerine geläýse, agalary oňa aňkaryp galýar. Mahym şondada bolmajysy bolýardy. Bu ýagdaýy, ol Geňligi agalaryndan gabanýandyr diýip düşündirsek dogry bolar, emma Mahym olara baranda Geňligiň agasy seredenog-a! Näme üçin beýle? Geňlige berilýän üns näme üçin ala-böle Mahyma berlenok?! Mahym geň gördi.
Mahymyň halaýany— Geňligiň agasy Şirgeldidi. Günler geçdi. Aýlar yzyna aýlar seplendi. Daşgynrak garyndaşlary "Ýitigimizi gözleýäs" diýip, Mahymy sorap geldiler. Gelen sawçylar "Ýitigimizi tapdyk hasap edip, ýigit bilen gyzy duşursak näder? Belki halaşyp, süýjeşip, ýaşaşyp giderler" diýip söz gatdylar. Soňky teklio göwne makul hasaplanyldy... Ýigit tuduň kölegesinde garaşyp durdy, ýöne Mahymdan derek ýok. Ol asyl Geňligi geň ýola taýýarlaýan eken. Onuň göwni Şirgeldide bolansoň, şol ýigidiň ýanyna özi gitmän, Geňligi ugratjak bolupdyr. Geňligem boýnuny ikiýana sypajakladyp per bererli däl. Garaz, ol ýigit garaşyp, sabyr käsesi dolup-daşyp, gazana guýubermeli bolansoň, öýlerine gidipdir. Mahym özüni ol ýigide dälde Şirgeldä mynasyp görýär.
Bir aý töweregi wagt geçmänkä, Geňligi kejebä mündürdilerde ötägitdiler. Nika gyýyldy. Ýigidem dymma eken. Eger-eger gep atmasaň gürlejek gümany ýok. Ýaşlar üm arkaly söhbet etdiler. Geňlik toýdan soň, durmuşyň nähili süýjüdigini duýdy, öňküsindem köp ýylgyrdy. Wagt geçdi. Günleriň bir güni Geňligi atasy öýüne gaýtardylar. Töre geçip oturmady. Sygyr sagdy, düýe sagdy. Sygyr saganda Geňligiň bolşuny bir görsediňiz! Janawar sygyr kakynmakdan geçen, Geňligi gelin lybasynda görýänine geň galýarmy nämemi, bäbenegini mölerdýär. Geňligem sagmana başlamazdan öňürti, sygry sypaň-sermeň edip köşeşdirýär. Janawar durandyr onsoň sülmüräp.
Birnäçe hepdeden soňra bolsa, Geňlik gaýynlaryna gaýdyp gitdi. Daň atdy. Gün ýaşdy. Ýene daň atdy, ýene gün ýaşdy... Şol atan daňlar bilen ýaşan günleriniň birinde Geňligiň ikiz perzendi dünýä indi. Ony welin geň görmediler. "Tüweleme, uzak ýaşasyn!" diýdiler.
Şirgeldem öýlendi. Onuň gulpagyny tasadyp üç ýaşly gyzjagazy ylgap ýör. Mahym bolsa atasy öýüniň törüni bezäp esli oturdy. "Geňligä süýji durmuşyň bally gününe batdy. Mahym näme üçin..." diýip, indi ony geň gördüler. Geňlik bir gün ekiz ogullaryny yzyna tirkäp, elindede alty aýlyk çagasy bilen atasy öýüne geldi. Mahym gele-gelmäne jorasyna gujagyny gerdi. Boýur-boýur ýaş dökdi. Geňligiň posalaklaryny ýekänme-ýekän maňlaýyna syldy... Ertesi Mahymlaryň öýüne iki sany saçakly aýal girip gitdi. Ana, ony welin geň görmediler...
Begenç Annaýew.
14
203
Madmazella
24.02.2023 17:33
Kalbymda galan gözler. (Şahyrana oýlanma)
Hawa, hasaplap görsem, ondan bäri 16 ýyl geçipdir. Sen ol wagtlar saçlaryň endigan daralan, garaýagyzdan syratly 23 ýaşly ýigitdiň. Men bolsa aýnaň öňünde bezenip ýadamaýan, özüne aşa göwni ýetýän 20 ýaşly ulugyzdym.
Kakam harby işgär bolandygy üçin biz belli bir ýerde oturymly ýaşamaýardyk. Siziň obaňyzada ýolumyza gyzgylt sary ýapraklaryny düşän güýz paslynda göçüp gelipdik. Gyşyň ahyrynda bolsa obaňyzdaky çagalar bagynda terbiýeçi bolup işe başlapdym. Özüm ýaly gyzlar bilen derrew öwrenişip gitdim. Men uly toparda işleýärdim. Dillije Aýbölegiň mähek ýaly gürrüňleri meni haýran galdyrýardy. Bir sapar men gyzlaryň ýanynda Aýbölegiň düşbüjedigi, ýaşyna görä bolmadyk akylly gürrüňleri tapýandygy barada aýtdym. Şonda seniň synpdaşyň, meniňem ýakyn joram Bahar: diýdi. "Kim oň agasy?" diýip soradym.
"Waýeý bu gyzy, günde şol Aýbölegi alyp gidýän oglan agasyda" diýdi. Men seni, seniň agraslyk bilen zordan salam berşiňi ýatladym.
—Onun agasy-ha gürleýäne meňzänok—diýdim.
—Merdan täzeden bäri düýpgöter özgerdi. Öňä gaty bälçikdi. Ulagynyňam gyzsyz wagty ýokdy.
—Dogrudanam,— diýip Ogulbossan gelneje gürrüňe goşuldy— Soňky wagtlar şol gaty akyllanypdyr, agasynyň çagalarynam bakja özi getirip äkidýär.
Şol gün öýlän Aýbölegi almana geleniňde, hat ýazyp, başagaýsyrap otursamam, gözümiň gytagyny senden aýramokdym. Maňa gözüň astyndan içgin içgin seredýändigiňi görüp, ýüregim gobsunyp giden ýaly boldy. Meniň üçin bar zat aýan boldy. Şoldur-da-şoldur seniň gelýändigiňi görsem, gizlenip başladym. Seniň jigiňi alanyňdan soňam gyzlar bilen gürleşen bolup, gözüňi töwerekden aýryp bilmeýşiňi heziller edip synlaýardym. Onsoňam saňa bolan üýtgeşik duýgymy hatda öz öňümdede boýun alasym gelmeýärdi. Şol ýyllar Gurban baýramy tomsuň yssy günlerine gabat gelipdi. Giçlik howa salkynlansoň gezelenje çykypdyk. Seniň meni görjek bolup haýyr- heläkdigiňi bilsemem, saňa duşmajak bolýardym. İki günläp meni görüp bilmediň welin, üçülenji güni gelnejeňi bize ýollapsyň. Men ýenede kesirlik etdim. Joralarym bilen bezenip, ýetişiksiz gündesiräp, daşardaky sekä keçe atynyp oturan ejemiň ýanynda dyz epen gelnejeň ýanynada barmadym. Ýöne seniňem yhlasyň aňyrdan eken. Şol gün giçlik sen uly ýoluň ýakasynda bizi sakladyň. Ulagyňdan düşüp gelşiňe ýylgyryp bize ýüzlendiň:
—Gyzlar ýörüň birsellem aýlanmaga gideliň!
Mürehediňe mähetdel ýaly, joralarym eýýäm ulagyňda otyrdylar. Men gedemlik etdim. Göni gözleriňe seretdim. Seredişim ýalam doňup galdym. Owadan gözleriňden mähir dökülip duran ýalydy. Mende gedemlikden nam nyşan galmady. Nädip ulagyňa münenimi bilmedim. Joralarym seniň dostuň bilen bireýýäm gürrüňe gyzypdylar. İçini görkezýän kiçijik aýnadan maňa garap goýberýärdiň. Menem özümi bagtyň çür depesine çykan ýaly duýýardym. Eger aşak seredäýsem, başym aýlanyp, şol belentlikden ýykylaýjak ýaly, gabaklarymy galdyrmagada mejalym ýetmän, doňan ýaly bolup oturdym. Eýýäm 3-4 hiňňildige baranam bolsak, uçup bilmeýändigimi bahanalap, ulagdanam düşmedim. Joralarym bolsa seniň bilen hiňňildik uçakdyklaryna begenip, ýyrş-da-ýyrş boluşlaryna, wagtyň birçene barandygyny aýdyp, dostuňy gyssaýardylar. Ýenede bir hiňňildige bardyk. Sen ulagdan düşmäge gyssanmadyň. Haýaljykdan ýöräp, meniň oturan tarapymdaky gapyny açdyň. Ýuwdundyň. Bugdaýreňkden görmegeý ýüzüň gyzaryp gitdi. Soňam mähir bilen adymy tutduňda, kesgitli:
— Haýyş edýän, diňe bir gezek meniň bilen hiňňildik uçaý— diýdiň welin, ol sözler meniň gulagyma müň sapar "söýýän" diýeniňdenem ýakymly eşidildi.
Biz biri birimiziň garşymyzda durup hiňňildik uçduk. Men daş töwerekdäki şagalaňy duýamokdym. Diňe ikimiz bulutlaryň üstünde gaýyp ýören ýalydyk. Saňa ýakyndan ýene bir gezek seredesim geldi. Ýöne meniň nazarym terezilenip duran eginleriňden ýokaryk geçmedi. Ýüzüňi görmek üçin ýokaryk seretmeli boljakdym. Soň güne garalan babyr bilekleriňi synladym. Meniň agyr iş görmedik ejizje ellerim seniň küdüň ýaly ýumruklaryň ýanynda gözede ilmeýärdi. Ýüzbe ýüz durup synlamsoň, ýüzümin boz ýaz bolýanyny duýýardym.
Şondan soň men seni görüp bilmedim. Gurbanlygyň yz ýany men işden çykdym. Sebäbi toýa taýynlanmalydym.
Hossarlarym menden bidin birzat eder öýdüp pikirem etmämsoň, yzly-yzyna gelýän sawçylara ünsem bermezdim. Ýöne kakamyň öz köne dostunyň habaryny alandygyny iş-işden geçensoň bilip galdym. Dünýä sygmadym. Senem biziňkileriň guda bolup ýörenligini eşidip, ur-tut hossarlaryňy iberipsiň. Ýöne siziňkiler ýüzüne urlan ýaly bolup yzyna dolanmaly boldular. Men ejeme çekine çekine size göwneýändigimi aýtdym. Şonda ejem "Kakaň beren sözüni alyp, lebzini ýuwdup bilmez. Senem kakaňy ýüzügara edip bagtly bolup bilmersiň" diýpdi.
Ýeri, şu sözlerden soň haýsy ulygyz öz mähribanlarynyň ýüzüne gelip biler. Maňa takdyryma kaýyl bolaýmakdan başga alaç ýokdy. Gaýynlarymyň sowgat getiren her dürli enaýy matalaram, gözüňi gamaşdyryp barýan gymmatbaha şaý-seplerem gözüme ilenokdy. Öýümizdäkileriň toýa taýýarlanyşy bolsa hut ýüregime düşüp barýardy. Men ganatlarynyň bardygy üçin islän ýerlerine uçup gidip bilýän guşlara gözüm gidýärdi. Şu zatlaryň baryny taşlap, edil şol guşlar ýaly uçup gidesim gelýärdi. Soň meniň toýum boldy.
Gelinkäm bir gün bukjamdan mawy gülli hanmahmalymy çykaryp geýdim. Şonda adamym mähir bilen ýylgyrdy-da:
—Bu köýnek saňa gaty gowy gelişdi. Ýüzüňde aý dogan ýaly boldy. Gözüm degmesin — diýdi.
Haýran galdym. Bu bolýan zatlary görsene. Bu meniň seniň bilen gurbanlyk aýlanan günüm geýen köýmegim ahyryn. Ýada seň söýgiň ýüzüme nur bolup çaýylaýdymyka?
Durmuşa çykanymdan ylaýyk 6 aý soňra seniňem toýuň boldy.
Joralarymyz bilen üýşenimizdr meniň gelnalyjym gelen wagty içigip-içigip aglandygymy, seniň bolsa öz toýuňda juda keýpsizdigiňi ýatlasalaram ol iki wakanyň biri-biri bilen baglanyşygynyň bardygyny gümanam edenokdylar. Seniň toýuňdan gaty köp wagt geçmänkä, kakamy başga welaýata işe bellediler. Şeýdibem, her sapar atam öýüme görme-görşe baranymda, seni daşyňdanam bolsa bir sapar görerin diýip eden umytlarym puç boldy.
Men öz günümden närazy bolmasamda seni hiç unudyp bilmedim.
Hawa, janym, seni ýitirenimden soň men söýginiň nämedigine, aýralygyň nämedigine düşündim. Sensiz ýaşan ýyllarymda söýgüsiz ýaşamagyň azapdygyna düşündim.
Bu gün gurbanlyk. Men dik aýnanyň öňünde saçymy darap oturşyma ýenede şol gurbanlygy hemde seni ýatladym. Ondan bäri 16 ýyl geçipdir. 16 gyş hem 16 ýaz maňa öz möhrini goýupdyr. Bugün maňa aýnadan 20 ýaşly ulugyz dälde, 36 ýaşlaryndaky saçlarynda ak tarlar görnüp ugran gelin gussaly gözleri bilen seredýärdi. Men aýnadan öz keşbimi synlap oturşyma tisginip gitdim. Bu wagtlar senem 40 ýaşap barýansyň. Eýsem sen häzir nähili bolduňkaň? Bir wagtky mähir dökülip duran gözleriň bugün aladaly bakýan bolmagy mümkin. Meni maýyl eden pälwan syratyň hem belki üýtgändir....
Soňy.
Awtory: Oraznabat Omarowa.
16
140
Madmazella
22.02.2023 14:14
Ýürekler ýaraly derman gözleýän,
Söýüp, söýemok diýip ýalan sözleýän.
Birnäçe iş etdim saňa bolmaýan,
Göwün nirde, Göwre nirde, Sen nirde.
Söýüpdirin sensizlikde ölmäni,
Unudupdyryn ýüregimden gülmäni.
Gözläp ýörün nirde meň ýarym hany,
Göwün nirde, Göwre nirde, Sen nirde.
Ýekelikde rahat duýýan özümi,
Diýjegim kän aýtmadym bar sözümi.
Öwürseňem menden sen ýüzüňi,
Göwün nirde, Göwre nirde, Sen nirde.
Ýanan jana şükür etýän şonnada,
Ýürek durdy düşünje bar mennede.
Düşün maňa akyl bolsa sennede,
Sen nirde, Men nirde, Bagt nirde.
Galypdyryn tümlügunde gijäniň,
Sensizligni bilsedim ýol bijämiň.
Ýaram bitmez haýyry ýok gijäniň,
Göwün nirde, Göwre nirde, Ýar nirde.
Madmazella
19
76