Madmazella
22.02.2023 14:14
Ýürekler ýaraly derman gözleýän,
Söýüp, söýemok diýip ýalan sözleýän.
Birnäçe iş etdim saňa bolmaýan,
Göwün nirde, Göwre nirde, Sen nirde.

Söýüpdirin sensizlikde ölmäni,
Unudupdyryn ýüregimden gülmäni.
Gözläp ýörün nirde meň ýarym hany,
Göwün nirde, Göwre nirde, Sen nirde.

Ýekelikde rahat duýýan özümi,
Diýjegim kän aýtmadym bar sözümi.
Öwürseňem menden sen ýüzüňi,
Göwün nirde, Göwre nirde, Sen nirde.

Ýanan jana şükür etýän şonnada,
Ýürek durdy düşünje bar mennede.
Düşün maňa akyl bolsa sennede,
Sen nirde, Men nirde, Bagt nirde.

Galypdyryn tümlügunde gijäniň,
Sensizligni bilsedim ýol bijämiň.
Ýaram bitmez haýyry ýok gijäniň,
Göwün nirde, Göwre nirde, Ýar nirde.



Madmazella
19
76
razyyewa
1 Oktýabr 2023
Berekella
yakup allabayew
22 Fewral 2023
Tüweleme👍👍👍👍👍👍
Perishdejik
22 Fewral 2023
Unudupdyryn ýüregimden gülmani.

Diýjegim kän aýtmadym bar sozumi👍🏻👏🏻👏🏻
Azik
22 Fewral 2023
Madmazella öziñ düzdüñmi goşgyny
Azik
22 Fewral 2023
Likee👍👍👍
Azik
22 Fewral 2023
Gowy goşgy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.