Madmazella
06.04.2023 23:39
Bir bakyşda...

Bir bakyşda söýgi döräp bilermi?!
Aslynda bu sowal ýaşlaryň köpüsini gyzyklandyrýan bolsa gerek. Heniz talyp mahalymyz bizem ýoldaşlarymyz bilen bir bakyşda söýginiň döräp biljekdigi ýa bilmejekdigi hakynda çendan jedelleşerdik. Şonda kimlerä söýginiň bir bakyşda döremegi akyla sygjak zat däl diýerdi, kimlerem söýgä akylyň usuly bilen çemeleşmek dogry bolmaz ol duýgynyň önümi diýip durmuş wakalaryndan gürrüň bererdi.
Geliň häzirlikçe bir bakyşda söýginiň döremegi mümkinmi diyen sowaly bir bakyşda dostlugyň döremegi mümkinmi diýen sowal bilen çalşalyň. Sebäbi meniň pikirimçe söýgi diýen düşünje bilen dostluk diýen düsünje bir birine gaty ýakyn. Dostlugam edil söýginiňki ýaly jogapkärçiligi wepalylygy sabyrlylygy talap edýär. Dostluk hiç wagt bir bakyşda döremeýär. Aýdaly men täzelikde okuwa ýa işe girdim. Bile okamaly, işlemeli deň duşlarymyň biri bilen derrew jynymyz alyşdy. Täze tanşymyň özüni alyp barşy gepi sözi maňa ýarady. Men dessine ol meniň ömürlik dostum bolar diýip bilerinmi?! Elbetde ýok. Biziň ýegre dost bolmagymyz üçin entek salym gerek, biziň birek birege ynam edip bilmegimiz üçin belki kän kynçylyklary egin egne berip ýeňmegimiz gerek. Könelerimiz dost kyn günde tanalýar diýmänmidirler. Diýmek dost durmuşyň hem şatlykly hem külpetli günlerinde synagdan geçmeli. Toýuňy toýlaşyp ýasyňy sowuşmaly. Ata babalarymyz bir gören tanyş iki gören garyndaş diýipdir. Näme üçin olar bir gören dost diýäýmändirler? Hatda iki gören dostam diýmändirler.
Käte munuň tersine bolýar. İlki göräýenimizde kän bir ünsümizi çekmedik kişimiz soňlugy bilen ýakyn dostumyza öwrülýär. Söýgüdede edil şu ýagdaý. Ýigitdir gyzyň ilkinji duşuşygyndaky sulhlarynyň alyşmagynada söýgi diýip bolmaz. Ýogsa ilkinji gezekdäki sulhy alyşmalaryň söýgä ýazyp gidýän gezekleri hem az bolanok.
Ýadyma düşýär maryly tanyşlarymyzyň ogly öýümiziň ýakynyndaky harby bölümde gulluk edeninde biz bilen goňşurak oturýan bir gyz bilen tanyş boldy. Çendan rugsada çykanynda bize myhmançylyga gelip onuň bilen uzak-uzak telefonda hem gürleşerdi. Aram-aram gepleşmänem gezerdiler. Göräýmäge bularyň arasyndaky gatnaşyk beýle bir şowly tamamlanar diýdirmeýärdi. Ýogsa olar tüýs biri-biri üçin ýaradylan diýilýänidi. Men tanşymyň ogluna Eger soňunda durup bilmejek bolsaň gaty ysnyşmakaňyz bellisini ediň diýdim.
Olaryň söýgüsi çyn eken. Tizara goňşymyza sawçy ugradyp tanşymyz gelin edindi. İndi olaryň ýyl-ýyldan berkeýän söýgüsini hormat sylagyny göz öňüne tutup men şeýle netijä geldim— ýigitdir gyzyň arasyndaky söýgi bir bakyşda döräpdirmi ýa müň gezekki bakyşlardan soň döräpdirmi tapawudy ýok esasy zat söýgi ýarym ýolda galmasyn!

M.Berdiýew
23
253
Tayler
3 Sentýabr 2024
👍
senorita
7 Aprel 2023
„Adam bir bakyşda aşyk bolup biler, emma diñe tanaýan adamyñy sõýũp bolýar” diýen setirleri okapdym 👍
okayjy
7 Aprel 2023
Madmazella, 👌🙂
Madmazella
7 Aprel 2023
okayjy,görmän söýmek barada gürrüň gidenok
okayjy
7 Aprel 2023
Görmän söýip bolarmy...😶🤔
Miss_Minnosh❤️
7 Aprel 2023
👍👍👍👍👍👍👍👍
Güljagaz♡♡♡
6 Aprel 2023
Like.....👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.