Geňlik (hekaýa)
....Doglan wagtyndada ol gyza Geňlik diýip at dakdylar. "O ne beýle? Ese-boýa galansoň, adyndan utanaýsa nähili bor? Galyberse-de gyz maşgala iliň gözündäki adam..." diýenlerem tapyldy. Doglan badyna aglamasa. İki günläp gözüni açman ýatsa ejesiniň süýdüni emmän, çalaja tamşanan ýaly etse, eýsem ol çaga Geňlik bolman kim bolsun?! Üstesinede aşaky kentlewügünde iki dişi akjaryp görnüp dursa?! Elgaraz, Geňlik, geňlik yzyna geňlikler çykardy durdy. İrki döwürde aýallar çaga doglan badyna aglamasa, ony çümmükleýän ekenler. Gözüni açman ýatan bu çaga şol köne usuly ulanmagada gorkdular. Geňlik şeýdip üç ýaşady, soňra bäşine, onsoň alty...emma Geňlige dil bitibermedi. Diňe bilýäni "A-a-a...O-o-o" boldy. Demrindenmikä ýa kömründen diýseňem, ene-atasynyň on iki synasy sagdyn. Oňada, geň-taň galdylar.
...Ýigrimi ýaşa ýetdi. Adyndanam utanmady, syratyndanam. Bir günem Geňlik bezenip köçä çykdy. Başynda gyzyl ýaglyk, egninde çog keteni, uz basyp sülmüräp barýar. Dört örüm saçynam erkine goýberipdir. Dodaklara hozuň maňzyna meňzeş, goýungöz, gaşlary ýaý ýaly bolmasada gelşikli ýaňaklary bişmedik, bir tarapy gyzaran gyş almasy ýaly gyzaryp dur. Messan ýöreýşem şeýle bir üýtgeşik. Asyl seredip şol gözellikden doýmasaň nätjek! Geňligi gören öýlenmedik ýigitler "Bi kimkä?" diýip, gyzyň yzyna düşüpdiler. Golaý baryp, siňe seretseler, obadaşlary Geňlik. Gyzyň birkemsiz gözellerden däldigini bilselerem, Geňligiň kemini ýüzüne basmandyrlar, gaýta "Wah, ýaradaňda, şu iki barmak dilini gysgandyňmy?" diýip oýurganypdyrlar.
Şol gün agşam Geňlik birdenkä gyzdyrdy. Gyzgyny galdy, üsgürdi, asgyrdy... Gije gabaklaryny gyrpmady. Ejesi başujunda sary-sadylla boldy. Lukman çagyrdylar. Däri-derman berdiler. Geňlik aýňalyberenok. Göz degenmiş diýdiler. Ejesi indi köçä çykanyňy görmäýin, gyzym diýip käýinjiredi. Dodaklarynyň gymyldaýşyndan çen tutup, Geňlik ejesine düşünmedim diýen manyda ümledi. Ejesi goly bilen köçäni görkezip, barmagy bilen ol ýere gitmeli däl diýip düşündirdi. Kakasy muny görüp:" Öňä gürläp bilenok. Üstünden gülýäler diýdiň. Boýy ýetensoňam, beýdiýmäň näme keýwany?" diýdi. Ejesinden jogap bolmady. Şondan soň ony duldegşir goňşusynyň öýüne odur-budur zatlar üçin ugradaýmasalar, köçä çykarmadylar. Ese-boýa galansoň, Geňligiň gözelligi özüne kemis bolup göründi. Aýnada öz syratyna seredip, Geňlik geň galdy. Soňra oýurgandy:"İliňkiden niräm üýtgeşikmiş?..." Şondan soňa Geňligiň köçä çykmazlygam, del gözler üçin geň göründi.
Geňligiň bir goňşy gyzy bar. Ady Mahym. İkiside ýaşytdaş. Gyzlaryň ikisem bir günde— Geňlik daňdan, Mahym guşluk wagty doguldy. Kiçilikden bile oýnap, kowalaşyp ösdüler. Mahymyň gözelligem hiç neneň däldi. Tarypa mynasypdy, ýöne ol özüni Geňlikden bigörk hasaplaýardy. Saý-sebäp bilen Geňlik öýlerine geläýse, agalary oňa aňkaryp galýar. Mahym şondada bolmajysy bolýardy. Bu ýagdaýy, ol Geňligi agalaryndan gabanýandyr diýip düşündirsek dogry bolar, emma Mahym olara baranda Geňligiň agasy seredenog-a! Näme üçin beýle? Geňlige berilýän üns näme üçin ala-böle Mahyma berlenok?! Mahym geň gördi.
Mahymyň halaýany— Geňligiň agasy Şirgeldidi. Günler geçdi. Aýlar yzyna aýlar seplendi. Daşgynrak garyndaşlary "Ýitigimizi gözleýäs" diýip, Mahymy sorap geldiler. Gelen sawçylar "Ýitigimizi tapdyk hasap edip, ýigit bilen gyzy duşursak näder? Belki halaşyp, süýjeşip, ýaşaşyp giderler" diýip söz gatdylar. Soňky teklio göwne makul hasaplanyldy... Ýigit tuduň kölegesinde garaşyp durdy, ýöne Mahymdan derek ýok. Ol asyl Geňligi geň ýola taýýarlaýan eken. Onuň göwni Şirgeldide bolansoň, şol ýigidiň ýanyna özi gitmän, Geňligi ugratjak bolupdyr. Geňligem boýnuny ikiýana sypajakladyp per bererli däl. Garaz, ol ýigit garaşyp, sabyr käsesi dolup-daşyp, gazana guýubermeli bolansoň, öýlerine gidipdir. Mahym özüni ol ýigide dälde Şirgeldä mynasyp görýär.
Bir aý töweregi wagt geçmänkä, Geňligi kejebä mündürdilerde ötägitdiler. Nika gyýyldy. Ýigidem dymma eken. Eger-eger gep atmasaň gürlejek gümany ýok. Ýaşlar üm arkaly söhbet etdiler. Geňlik toýdan soň, durmuşyň nähili süýjüdigini duýdy, öňküsindem köp ýylgyrdy. Wagt geçdi. Günleriň bir güni Geňligi atasy öýüne gaýtardylar. Töre geçip oturmady. Sygyr sagdy, düýe sagdy. Sygyr saganda Geňligiň bolşuny bir görsediňiz! Janawar sygyr kakynmakdan geçen, Geňligi gelin lybasynda görýänine geň galýarmy nämemi, bäbenegini mölerdýär. Geňligem sagmana başlamazdan öňürti, sygry sypaň-sermeň edip köşeşdirýär. Janawar durandyr onsoň sülmüräp.
Birnäçe hepdeden soňra bolsa, Geňlik gaýynlaryna gaýdyp gitdi. Daň atdy. Gün ýaşdy. Ýene daň atdy, ýene gün ýaşdy... Şol atan daňlar bilen ýaşan günleriniň birinde Geňligiň ikiz perzendi dünýä indi. Ony welin geň görmediler. "Tüweleme, uzak ýaşasyn!" diýdiler.
Şirgeldem öýlendi. Onuň gulpagyny tasadyp üç ýaşly gyzjagazy ylgap ýör. Mahym bolsa atasy öýüniň törüni bezäp esli oturdy. "Geňligä süýji durmuşyň bally gününe batdy. Mahym näme üçin..." diýip, indi ony geň gördüler. Geňlik bir gün ekiz ogullaryny yzyna tirkäp, elindede alty aýlyk çagasy bilen atasy öýüne geldi. Mahym gele-gelmäne jorasyna gujagyny gerdi. Boýur-boýur ýaş dökdi. Geňligiň posalaklaryny ýekänme-ýekän maňlaýyna syldy... Ertesi Mahymlaryň öýüne iki sany saçakly aýal girip gitdi. Ana, ony welin geň görmediler...
Begenç Annaýew.