Madmazella
24.02.2023 17:33
Kalbymda galan gözler. (Şahyrana oýlanma)

Hawa, hasaplap görsem, ondan bäri 16 ýyl geçipdir. Sen ol wagtlar saçlaryň endigan daralan, garaýagyzdan syratly 23 ýaşly ýigitdiň. Men bolsa aýnaň öňünde bezenip ýadamaýan, özüne aşa göwni ýetýän 20 ýaşly ulugyzdym.
Kakam harby işgär bolandygy üçin biz belli bir ýerde oturymly ýaşamaýardyk. Siziň obaňyzada ýolumyza gyzgylt sary ýapraklaryny düşän güýz paslynda göçüp gelipdik. Gyşyň ahyrynda bolsa obaňyzdaky çagalar bagynda terbiýeçi bolup işe başlapdym. Özüm ýaly gyzlar bilen derrew öwrenişip gitdim. Men uly toparda işleýärdim. Dillije Aýbölegiň mähek ýaly gürrüňleri meni haýran galdyrýardy. Bir sapar men gyzlaryň ýanynda Aýbölegiň düşbüjedigi, ýaşyna görä bolmadyk akylly gürrüňleri tapýandygy barada aýtdym. Şonda seniň synpdaşyň, meniňem ýakyn joram Bahar: diýdi. "Kim oň agasy?" diýip soradym.
"Waýeý bu gyzy, günde şol Aýbölegi alyp gidýän oglan agasyda" diýdi. Men seni, seniň agraslyk bilen zordan salam berşiňi ýatladym.
—Onun agasy-ha gürleýäne meňzänok—diýdim.
—Merdan täzeden bäri düýpgöter özgerdi. Öňä gaty bälçikdi. Ulagynyňam gyzsyz wagty ýokdy.
—Dogrudanam,— diýip Ogulbossan gelneje gürrüňe goşuldy— Soňky wagtlar şol gaty akyllanypdyr, agasynyň çagalarynam bakja özi getirip äkidýär.
Şol gün öýlän Aýbölegi almana geleniňde, hat ýazyp, başagaýsyrap otursamam, gözümiň gytagyny senden aýramokdym. Maňa gözüň astyndan içgin içgin seredýändigiňi görüp, ýüregim gobsunyp giden ýaly boldy. Meniň üçin bar zat aýan boldy. Şoldur-da-şoldur seniň gelýändigiňi görsem, gizlenip başladym. Seniň jigiňi alanyňdan soňam gyzlar bilen gürleşen bolup, gözüňi töwerekden aýryp bilmeýşiňi heziller edip synlaýardym. Onsoňam saňa bolan üýtgeşik duýgymy hatda öz öňümdede boýun alasym gelmeýärdi. Şol ýyllar Gurban baýramy tomsuň yssy günlerine gabat gelipdi. Giçlik howa salkynlansoň gezelenje çykypdyk. Seniň meni görjek bolup haýyr- heläkdigiňi bilsemem, saňa duşmajak bolýardym. İki günläp meni görüp bilmediň welin, üçülenji güni gelnejeňi bize ýollapsyň. Men ýenede kesirlik etdim. Joralarym bilen bezenip, ýetişiksiz gündesiräp, daşardaky sekä keçe atynyp oturan ejemiň ýanynda dyz epen gelnejeň ýanynada barmadym. Ýöne seniňem yhlasyň aňyrdan eken. Şol gün giçlik sen uly ýoluň ýakasynda bizi sakladyň. Ulagyňdan düşüp gelşiňe ýylgyryp bize ýüzlendiň:
—Gyzlar ýörüň birsellem aýlanmaga gideliň!
Mürehediňe mähetdel ýaly, joralarym eýýäm ulagyňda otyrdylar. Men gedemlik etdim. Göni gözleriňe seretdim. Seredişim ýalam doňup galdym. Owadan gözleriňden mähir dökülip duran ýalydy. Mende gedemlikden nam nyşan galmady. Nädip ulagyňa münenimi bilmedim. Joralarym seniň dostuň bilen bireýýäm gürrüňe gyzypdylar. İçini görkezýän kiçijik aýnadan maňa garap goýberýärdiň. Menem özümi bagtyň çür depesine çykan ýaly duýýardym. Eger aşak seredäýsem, başym aýlanyp, şol belentlikden ýykylaýjak ýaly, gabaklarymy galdyrmagada mejalym ýetmän, doňan ýaly bolup oturdym. Eýýäm 3-4 hiňňildige baranam bolsak, uçup bilmeýändigimi bahanalap, ulagdanam düşmedim. Joralarym bolsa seniň bilen hiňňildik uçakdyklaryna begenip, ýyrş-da-ýyrş boluşlaryna, wagtyň birçene barandygyny aýdyp, dostuňy gyssaýardylar. Ýenede bir hiňňildige bardyk. Sen ulagdan düşmäge gyssanmadyň. Haýaljykdan ýöräp, meniň oturan tarapymdaky gapyny açdyň. Ýuwdundyň. Bugdaýreňkden görmegeý ýüzüň gyzaryp gitdi. Soňam mähir bilen adymy tutduňda, kesgitli:
— Haýyş edýän, diňe bir gezek meniň bilen hiňňildik uçaý— diýdiň welin, ol sözler meniň gulagyma müň sapar "söýýän" diýeniňdenem ýakymly eşidildi.
Biz biri birimiziň garşymyzda durup hiňňildik uçduk. Men daş töwerekdäki şagalaňy duýamokdym. Diňe ikimiz bulutlaryň üstünde gaýyp ýören ýalydyk. Saňa ýakyndan ýene bir gezek seredesim geldi. Ýöne meniň nazarym terezilenip duran eginleriňden ýokaryk geçmedi. Ýüzüňi görmek üçin ýokaryk seretmeli boljakdym. Soň güne garalan babyr bilekleriňi synladym. Meniň agyr iş görmedik ejizje ellerim seniň küdüň ýaly ýumruklaryň ýanynda gözede ilmeýärdi. Ýüzbe ýüz durup synlamsoň, ýüzümin boz ýaz bolýanyny duýýardym.
Şondan soň men seni görüp bilmedim. Gurbanlygyň yz ýany men işden çykdym. Sebäbi toýa taýynlanmalydym.
Hossarlarym menden bidin birzat eder öýdüp pikirem etmämsoň, yzly-yzyna gelýän sawçylara ünsem bermezdim. Ýöne kakamyň öz köne dostunyň habaryny alandygyny iş-işden geçensoň bilip galdym. Dünýä sygmadym. Senem biziňkileriň guda bolup ýörenligini eşidip, ur-tut hossarlaryňy iberipsiň. Ýöne siziňkiler ýüzüne urlan ýaly bolup yzyna dolanmaly boldular. Men ejeme çekine çekine size göwneýändigimi aýtdym. Şonda ejem "Kakaň beren sözüni alyp, lebzini ýuwdup bilmez. Senem kakaňy ýüzügara edip bagtly bolup bilmersiň" diýpdi.
Ýeri, şu sözlerden soň haýsy ulygyz öz mähribanlarynyň ýüzüne gelip biler. Maňa takdyryma kaýyl bolaýmakdan başga alaç ýokdy. Gaýynlarymyň sowgat getiren her dürli enaýy matalaram, gözüňi gamaşdyryp barýan gymmatbaha şaý-seplerem gözüme ilenokdy. Öýümizdäkileriň toýa taýýarlanyşy bolsa hut ýüregime düşüp barýardy. Men ganatlarynyň bardygy üçin islän ýerlerine uçup gidip bilýän guşlara gözüm gidýärdi. Şu zatlaryň baryny taşlap, edil şol guşlar ýaly uçup gidesim gelýärdi. Soň meniň toýum boldy.
Gelinkäm bir gün bukjamdan mawy gülli hanmahmalymy çykaryp geýdim. Şonda adamym mähir bilen ýylgyrdy-da:
—Bu köýnek saňa gaty gowy gelişdi. Ýüzüňde aý dogan ýaly boldy. Gözüm degmesin — diýdi.
Haýran galdym. Bu bolýan zatlary görsene. Bu meniň seniň bilen gurbanlyk aýlanan günüm geýen köýmegim ahyryn. Ýada seň söýgiň ýüzüme nur bolup çaýylaýdymyka?
Durmuşa çykanymdan ylaýyk 6 aý soňra seniňem toýuň boldy.
Joralarymyz bilen üýşenimizdr meniň gelnalyjym gelen wagty içigip-içigip aglandygymy, seniň bolsa öz toýuňda juda keýpsizdigiňi ýatlasalaram ol iki wakanyň biri-biri bilen baglanyşygynyň bardygyny gümanam edenokdylar. Seniň toýuňdan gaty köp wagt geçmänkä, kakamy başga welaýata işe bellediler. Şeýdibem, her sapar atam öýüme görme-görşe baranymda, seni daşyňdanam bolsa bir sapar görerin diýip eden umytlarym puç boldy.
Men öz günümden närazy bolmasamda seni hiç unudyp bilmedim.
Hawa, janym, seni ýitirenimden soň men söýginiň nämedigine, aýralygyň nämedigine düşündim. Sensiz ýaşan ýyllarymda söýgüsiz ýaşamagyň azapdygyna düşündim.
Bu gün gurbanlyk. Men dik aýnanyň öňünde saçymy darap oturşyma ýenede şol gurbanlygy hemde seni ýatladym. Ondan bäri 16 ýyl geçipdir. 16 gyş hem 16 ýaz maňa öz möhrini goýupdyr. Bugün maňa aýnadan 20 ýaşly ulugyz dälde, 36 ýaşlaryndaky saçlarynda ak tarlar görnüp ugran gelin gussaly gözleri bilen seredýärdi. Men aýnadan öz keşbimi synlap oturşyma tisginip gitdim. Bu wagtlar senem 40 ýaşap barýansyň. Eýsem sen häzir nähili bolduňkaň? Bir wagtky mähir dökülip duran gözleriň bugün aladaly bakýan bolmagy mümkin. Meni maýyl eden pälwan syratyň hem belki üýtgändir....
Soňy.

Awtory: Oraznabat Omarowa.
16
140
Sheýda
26 Fewral 2023
...🥺...
Madmazella
24 Fewral 2023
☘️☘️☘️,hovva
☘️☘️☘️
24 Fewral 2023
Hiç wagt hiç kim öz sõýeninden aýrylmasynda😔😔😔 örän gyzykly eken👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.