Durmuşyň iň oňat taraplarynyň biri hem adamyň idelmegidir. Näme üçin adam idelýär? Söýülýändigi hemde hormatlanýandygy üçin şeýle dälmi? İne, şunuň ýaly idelmek adamyň ýaşaýşynyň iň süýji şatlyklaryndan biridir. Tersine, hiç wagt idelip soralmasaň ol örän gynançly ýagdaýdyr.
İdelip soralmak hemişe gowy zatdyr, emma käwagt adamyň gözi gapyda galýar. Geljek adama hasrat bilen garaşyp duran wagtyňyz ýada myhmanyň ýoluna garaýan wagtyňyz boldumy? Adam syrkawlan wagty, şeýle duýga gaplanýar. Bir söýýänini, tanşyny başujunda görmek, güler ýüzi görmek, süýji söz eşitmek syrkawy dessine sagaldýar ahyry...
Käbir kiçijik dostlarymyň edýän işlerini eşitdim we örän tolgundym. Näme edýärmişler bilýäňizmi? Käbir hassahanalardaky zyýarat wagtlaryny sorap anyklaýarmyşlar. Birnäçe dost jemlenişip kiçijik sowgat alyp hassahana gidýärmişler. Kimi soramaga, bilýäňizmi? Hiç tanamaýan hassalaryny. Soralmaýan idelmeýän hassalary begendirýärmişler...
Häzirki günlerimizde adamkärçiligiň, wepanyň, dostlugyň örän seýrekländigini hemişe görýäris. Şunuň ýaly ýagdaýda kiçi dostlarymyň edýän işleri meni tolgundyrdy. Hakykatdanda ählimize aýratyn hem ýakyn garyndaşlaryny soramaýan adamlara, çuňňur manyly we taýsyz sapak berýärler.