Lilia_
01.11.2023 17:35
Ilkinji kompýuterler

Häzirki döwürde adamzat öz iş sferasyny kompýutersiz göz öňüne getirip bilmeýär. Sebäbi kompýuter köp işi aňsat ýerine ýetirýär. Eýsem, ilkinji kompýuterleriň haçan döredilendigi we olaryň nähili aýratynlyklarynyň bardygy baradaky maglumatlar hemmäni gyzyklandyrýan bolsa gerek.

Ylymda ilkinji kompýuterleriň ikinji jahan urşundan soň ABŞ-da peýda bolandygy barada aýdylýar. Emma dünýäniň birnäçe döwletlerinde alymlar kompýutere meňzeş bolan gurluşlary döretmegiň üstünde birnäçe işleri alyp barypdyrlar. ABŞ-da döredilen ilkinji kompýuterler ENIAC (Electronic Numerical Integrator and Computer) diýlip atlandyrylypdyr, ýagny bu başgaça elektron hasaplaýyş maşynlary diýmekdir. Bu kompýuteri döretmek üçin 200 müň adam sagady sarp edilipdir. ENIAC kompýuteriniň agramy 30 tonna bolupdyr. Mundan başga-da Germaniýada nemes alymy Konrad Suze 1939-njy ýylda Z1 atly kompýuteri oýlap tapýar. Azrak wagt geçenden soň 1941-nji ýylda ol birneme kämilleşdirilen Z3 kompýuteri döreýär. Bu kompýuterler şol döwürlerde uçar gurluşygynda peýdalanylypdyr.

Russiýa döwletinde ilkinji kompýuter 1948-nji ýylda professor Lebedow tarapyndan döredilýär. Emma bu kompýuterleriň hiç birisi hem häzirki zaman kompýuterlerine meňzemeýär.
1968-nji ýylda sowet inženeri A.A.Gorohow tarapyndan ilkinji gezek ýady we enelik platasy bolan häzirki zaman kompýuterini döretmek ugrunda iş alnyp barylýar. Ýöne maddy serişdelere bolan çykdajylaryň köplügi zerarly onuň işi togtadylýar. Ilkinji häzirki zaman kompýuterleriniň haýsy ýylda döredileni barada takyk aýtmak mümkin däl. Sebäbi şol bir wagtyň özünde ilkinji häzirki zaman kompýuterini döretmek barada  dürli döwletlerde alymdyr höwesjeňler gyzyklanyp ugraýarlar. 1975-nji ýylda Altair 8800 atly häzirki zaman kompýuteri işe girizilýär. Onuň daşky keşbi aýratyn böleklerden ybarat bolan gurluşa meňzeş bolsa-da häsiýetleri häzirki zaman kompýuterlerine meňzeş bolupdyr.

1976-njy ýylda Apple I atly kompýuter meşhurlyga eýe bolýar. Onuň monitory bolmaýar. 1977-nji ýyldan başlap onuň monitorly görnüşi giňden ulanylyşa goýberlipdir. Şondan soň ähli işde kompýuterler has köp ulanylyp başlapdyr.
43
26
Lilia_
01.11.2023 11:01
Gözüň saglygyny goramaga degişli käbir maşklar

1-nji maşk — her 3-5 sekundyň dowamynda gözüňi ýumup, açmaly. Bu maşky jemi 6-8 gezek gaýtalamaly. Bu maşk gabaklaryň myşsalaryny berkidýär. Göz myşsalarynyň gowulaşmagyna ýardam berýär.

2-nji maşk —2-3 sekunt gönüdäki bir nokada seretmeli. Sag eliň barmagyny gözden 25-30 sm aralykda saklap, barmagyň ujuna seretmeli. Bu maşky 10-12 gezek gaýtalamaly. Ol ýakyn aralykdan görşi gowulandyrýar.

3-nji maşk — ilki sag eliňi, soňra çep eliňi gözden 35-40 sm aralykda saklap, başam barmagyňy sagdan çepe, çepden saga, ýokary-aşak hereket etdirmeli, gözleriň bilen barmagyň hereketlerini yzarlamaly. Maşky 5-6 gezek gaýtalamaly. Bu göz myşsalaryny berkidýär.

4-nji maşk — her eliň üç barmagy bilen gözüň gabaklaryny basmaly we aýyrmaly. Bu maşky 3-4 gezek gaýtalamaly. Ol gözleriň içindäki suwuklygyň aýlanyşygyny güýçlendirýär.

5-nji maşk — rahat oturyň we gözleriňizi ýumup, haýsydyr bir ýakymly pursady ýadyňyza salyň. Şol ýagdaýda gözleriňiz bilen tegelek, sekizlik, üçburçlyk şekilleri suratlandyryň. Bu maşk gözde we kelle beýnisinde ganaýlanyşy gowulandyrmaga ýardam edýär.
38
14
Lilia_
01.11.2023 03:50
Zägiñ peýdasy..!

Zäk — bu alýuminiý, kaliý, demir hem-de şonuň ýaly aşgarly metallaryň ikili kömürturşy duzy bolup, reňksiz kristal görnüşindedir.

Zäk ajy bolsa-da, tebipçilikdir lukmançylykda has irki döwürlerden bäri ulanylypdyr. Halk tebipçiliginde zäk agyz boşlugyndaky we bedendäki ýaralary bitiriji serişde, içgeçmäni, deridäki kesikleri we gijilewügi bejermekde melhem hökmünde belli bolupdyr. Belli alym lukman Abu Aly ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» kitabynda zägiň agyz we beýleki ýaralary bejermekde peýdalydygyny, köýdürilen zägiň bir bölegini, süýji buýan köküniň we zagpyranyň — hersiniň ýarty bölegini bal bilen garyp ýasalan kökejigi ulanmak bilen diş etinden we diş arasyndaky etlerden döreýän agyz porsamasyny aýryp bolýandygyny belleýär.

Türkmençilikde çaga çileden çykarylan wagtynda teniniň owadan bolmagy, derisiniň berkemegi, gözden-dilden goralmagy üçin onuň düşüriljek suwuna kümüş teňňeler bilen birlikde zäk hem goşulypdyr. Zergärlerimiz dürli şaý-sepleri ýasanlarynda zäk erginlerini peýdalanypdyrlar. Çeper elli gelin-gyzlarymyz dokmaçylykda zägi boýag üçin hem ulanypdyrlar. Boýalan zatlar reňk alar ýaly boýag erginine nahar duzy ýa-da zäk goşupdyrlar. Gowy reňk almagy, berk bolmagy üçin matany ýa ýüplügi zäk erginine ýatyrypdyrlar. Oňa ene-mamalarymyz «zäkleme» diýipdirler.

Zäk ýurdumyzda, esasan, Garabogaz kölünden, nahar duzy bilen birlikde gazylyp alynýar. Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gökçäge çöketligindäki duzly suwda hem zäk bar. Gadymdan bäri peýdalanylýan zäk saglyk, gözellik, senagat üçin ähmiýetli serişdedir.
44
40
Lilia_
31.10.2023 19:11
Muny bilýärdiňizmi?

• Adam beýnisniň kuwwaty 4 terebaýtdan ýokarydyr.

• Täze doglan çaga bir wagtyň özünde hem dem alyp, hem ýuwdunyp biler.

• Adamlaryň kellesi 29 dürli süňkden durýar.

• Adam asgyranda bedeniň ähli funksiýalary, hat-da ýüregi hem durýar.

• Bir adamyň beýnisi bir öýjükli telefondan has köp elektrik impulsyny döredýär.

• Ynsan ýüregi bütin ömrüniň dowamynda 182 million litr gan sorýar.

• Aýallaryň ýüregi erkekleriň ýüreginden has çalt urýar.

• Adam eden arzuwlarynyň 98%-ini ýatdan çykarýar.

• Adam bedenindäki gan damarlarynyň umumy uzynlygy 100,000 kilometre deňdir.

• Ýaz paslynda dem alyş derejesi güýz bilen deňeşdirilende ortaça 1/3  ýokarydyr.

• Adam bedeniniň ýylylygynyň 80%-i kelleden bölünýär.

• Suwsuzlyk duýusy  bedeniň agramynyň 1%-ine deň bolan suw ýitirilende ýüze çykýar. 5%-i ýitirilende adamyň huşundan gitmegine, 10%-den gowragyny ýitirmegi adamyň ölümine hem eltip biler.

• Adam bedeninde azyndan 700 ferment işleýär.

• 4 ýaşly çaga günde, ortaça 12000 söz aýdýar we 100 töweregi sorag berýär.

• Bakteriýalaryň ähli gärnüşleriniň diňe 1%-i adamlarda kesel döredýär.

• Ýer togalagynyň ähli adamlaryny toplap 1500m3  meýdana ýerleşdirip bolýar.

• Adamyň uklamagy üçin, ortaça 7 minut wagt gerekdir.

• Ýer ýüzündäki adamlaryň 11%-i çepbekeýlerdir.

• Ähli aýlaryň hasaby boýunça awgust aýy doguluşyň iň köp bolýan  aýydyr.

• Dünýädäki adamlaryň 8%-inde goşmaça gapyrgasy bar.

43
31
Lilia_
31.10.2023 13:45
Sanlaryn peýdasy..!

Sanlar gündelik durmuşymyzda mukdary we tertibi aňlatmak bilen bir hatarda halk arasynda belli düşünjeleri aňladyp hem gelýär. Türkmen halky käbir sanlary ýörite apalapdyr olary has üýtgeşik hasaplapdyr. Şeýle sanlara “üç, ýedi, dokuz, kyrk” ýaly sanlary mysal görkezmek bolar.

Nakyllarda hem aýtgylarda sanlaryň belli-belli many aňladyp ulanylýanlaryna duş gelmek bolýar. Meselem “Ýedi ölçäp bir kes”, “Tagan aýagy üç bolar, biri birine güýç bolar biri döwülse hiç bolar” , “Myhmanyňky üç gün üç günden soň göçgün”. Aýtgylardan “Ýigrimi bäşiň dälijesi”, “Elli iki aýtsaňam haýry ýok” ýaly aýtgylardaky sanlar bolsa özlerinde has giň manyny jemleýär. Ýigrimi bäş ýaşyň adamyň “men” diýen wagty bolýandygyny ýa-da gepe düşünmeze elli iki aýdanyňda hem ýagny bir ýylyň elli iki hepdesiniň her güni aýdanyňda hem haýry ýok ýaly manylary berýär. Şeýle-de başga dillerden geçen sanlar hem gündelik durmuşymyzda işjeň ulanylýar. Meselem hepde günleri parsça san atlaryndan emele gelen ýek-bir (ýeke), du-iki (dutar), si-üç, çar-dört (çar tarap, Çary dördünji çaga dakylýan at), penç-bäş (penje) ýaly tertipde dowam edýär.

Adaty sanamak üçin ulanýan sanlarymyz hakynda gyzykly maglumatlary bilmek we ony okuwçylara öwretmek geljekki türkmen dili mugallymynyň borjy bolup durýar. Çünki türkmen halky milliligine, geçmişine çuňňur hormat goýýan halkdyr.
43
22
Lilia_
31.10.2023 09:46
— Oglanjyklaryň terbiýesinde köp ulanylýan «Sen erkek oglan ahyry, aglama!» diýmek, olaryň hakyky erkek kişi bolup ýetişmeginde oňaýsyzlyk döredýän esasy sebäpleriň biridir. Sebäbi öz duýgularyny gizläp saklamak, oglanjyklaryň ulalyp öýlenen, şeýle-de ata bolan wagtlarynda öz maşgalasy bilen umumy dil tapyp, olar bilen mähirli gatnaşyk saklamak meselesinde kynçylyk döredýär — diýip, ukrainaly psiholog Ýelena Adamowa gürrüň berýär.

Psiholog Adamowanyň pikiriçe, oglanjyklara aglamazlygy däl-de, adamyň güýjüniň nämededigini we ony haçan, nirede dogry ulanmalydygyny öwretmeli. Edil şonuň ýaly, duýgy meselesinde hem olara çynlakaý bolmagy öwretmek gerek.

— Oglan bolsun, ýa gyz bolsun, tapawudy ýok, eger çaga aglaýan bolsa, onda ol öz ene-atasyndan özüne gerek bolan mähir-söýgini soraýandyr. Bu asla erbet ýagdaý däl, tersine, gaýta gowy ýagdaý. Çagadan mähriňizi gysganmaň. Çünki ogluňyz ulalyp, adam çykandan soňra siz hem ondan mähir-söýgi islärsiňiz. Ana, şonda ol sizden öz mähribanlygyny gysganmaz — diýip, Adamowa aýratyn nygtaýar.
46
91
Lilia_
31.10.2023 05:30
Raffleziýa ösümligi

Malakka ýarym adasynda, Sumatra, Ýawa, Kalimantan we Filippinler adalarynda duş gelinýän bu ösümligiň güli dünýäde iň uly gül hasaplanylýar.

Örän haýal ösýän bu ösümligiň ösüp, gunçalamagy üçin 3 ýyldan gowrak wagt gerek bolýar. Gunçasynyň doly ýetişip gül açmagy hem ýene-de bir ýyla çekýär. Raffleziýa gülüniň diametri 1 metre,agramy 10 kilograma çenli bolup bilýär. Onuň gülüniň açylan wagtynda  ýaýradýan ysy mör-möjekleri özüne çekýär we şonuň netijesinde gülüň tozanlanmagy bolup geçýär. Janly tebigatda raffleziýanyň 12 görnüşine duş gelmek mümkin.
43
48
Lilia_
31.10.2023 00:07
Muny bilmek gyzykly..!

- Tebigy gyzyl saçly adamlar, umumy ilatyň 1-2 göteriminde görülýär;

– Uçar heläkçiliginiň köpüsi uçuşdan üç minut soň ýa-da gonmazdan sekiz minut öň bolup geçýär;

– Jeki Çan we Brýus Li biri-biri bilen meýletin tutluşyk geçirdiler. Brýus Li ýeňiş gazandy;

– Pingwinler fiziki taýdan yza ýöräp bilmeýärler;

– Oksford uniwersiteti şeýle bir köne welin, haçan gurlandygyny hiç kim bilenok;

– «Lamborghini» şereketi başda diňe traktor öndürýärdi. Soňlugy bilen awtoulag önümçiligine başlady;

– 4 ýaşly çaga günde ortaça 400 sorag berýär;

– Gyzyl gan öýjüklerinden başga bedenimizdäki her bir öýjükde DNK bar;

– Alakalar öňünden çykan ähli zady iýip bilýärler. Hat-da beýleki alakalaryň jesedini hem iýýärler;

– Begamotlaryň süýdi aslynda gülgüne;

– Dünýädäki iň çalt haýwanlar: gury ýerde geçigaplaň sagatda 80-130 km, suwda istiforalar 110 km, howada laçynlar 380 km tizlige ýetip bilýärler;

– Geçirilen gözleglere görä, Awstraliýa her ýyl takmynan 7 santimetr demirgazyga hereket edýär. Awstraliýa Ýerdäki yklymlaryň arasynda iň çalt hereket edýän materik bolup durýar. 
42
57
Lilia_
30.10.2023 17:53
Tebigat barada bir oturanyňda görüp boljak 10 dokumental film..!

Adamlar köplenç ýagdaýlarda özlerine, üstünliklerine hem-de maddy mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berýärler, şeýdibem, netijede daşky dünýä hakda alada etmeýäris. Dokumental filmler — töweregimizdäki dünýä gözümizi giňden açyp syn etmäge, tebigatyň näzikligini duýmaga we Ýerdäki her bir janly-jandaryň gadyr-gymmatyna düşünmäge ajaýyp mümkinçilik berýär.

Tebigat barada söz açýan 10 sany dokumental filmi dykgatyňyza ýetirýäris:

«Planetany özgerden ýyl» (2021). Tebigat baradaky dokumental filmleri surata düşürijileriň öňdebaryjylaryndan biri, iňlis tebigatçysy Dewid Attenboro koronawirus çäklendirmelerinden mysal alyp, adamlaryň özlerini bialaçlyk bilen izolýasiýa etmeginiň tebigata we daşky gurşawa nähili täsir edendigini görkezdi. Bary-ýogy birnäçe aýyň dowamynda şäherlerde tüsseler gaýyp boldy, kitler biri-biri bilen «gepleşip» başladylar, sebäbi olara hemişe päsgel berip hyňlap duran deňiz gämileriniň gohy ýatdy.

«Ýeriň duzy» (2015). Nemes kinorežissýory Wim Wendersiň surata düşüren filmi döwrümiziň iň beýik fotožurnalisti Sebastýan Salgadonyň döredijiligi barada gürrüň berýär. Braziliýaly fotosuratçy 40 ýyllap dünýäni gezmek bilen, ýyllarboýy häzirki taryhdaky möhüm wakalara: açlyga, söweşlere, göçüp-gonmalara şaýat bolýar. Filmi surata düşürýän topar Sebastýan Salgado bilen bilelikde iň täsin, syrly ýerlere — Amazonyň ýüregine, Günbatar Papua jeňňelliklerine we Braziliýanyň Pantanal sebitiniň batgalaryna, Demirgazyk buzly ummanyndaky Wrangel adasyna baryp görýärler.

«Meniň mugallymym — osminog» (2020). Filmiň prodýuseri we baş gahrymany Kreýg Foster fridaýwing türgenleşigine çykan mahaly osminog bilen gabatlaşyp, onuň bilen gyzyklanyp başlaýar. Bir ýylyň dowamynda Foster urkaçy bolup çykan bu mollýuskany syn edip, şol bir wagtyň özünde osminoga ideg etmegiň onuň maşgalasyndaky gatnaşyklara nähili täsir edýändigi barada gürrüň berýär.

Osminogyň gysga wagtlyk ömri diňe bir maglumat beriji faktlardan däl, eýsem täsirli, iniňi tikenekledýän pursatlardan hem doly.

«Haýwanlar — hoşniýetli ynsanlar mysaly» (1974) — Günorta Afrikanyň ýabany tebigaty hakynda düşürilen komediýa äheňindäki film. Adamyň gözýeterinden uzaklarda ýaşaýan jandarlaryň gündelik durmuşy howpdan, gülkünç wakalardan, elhenç ýagdaýlardan doludyr... Umumylaşdyryp aýdanyňda, olaryň durmuşy hem edil adamlaryňky ýaly.

«Soňky ýolbarslar» (2011). 1950-nji ýyllarda Günorta we Merkezi Afrika sebitlerinde arslanlaryň sany takmynan 400 müň töweregidi. Filmiň surata düşürilen ýylynda — 2011-nji ýylda bolsa ýolbarslaryň jemi sany 30 müňe çenli diýen ýaly azaldy. Film surata düşürilenden 10 ýyl geçenden soň bolsa, afrikanyň «Gyzyl kitabyndaky» bu jandarlar ýene-de üç esse ýaly kemeldi.

Dokumental film taslamasynyň awtorlary — är-aýal Bewerli we Derek Žuberler ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň nähili kynçylyklaryna duçar bolandyklaryny, şeýle-de adamyň gyzyklanmasynyň nirelerden çykaryp biljekdigini görkezýärler.

«Soňky ýolbarslar» filminiň ady oňa has anyk düşündiriş berip dur — «haýwanat dünýäsiniň şalary» nätseler-de häzirki şertlerde ýaşamaga mejbur. Olary bu ýagdaýdan nädip halas edip bolar?

«Korallaryň gözleginde» (2017). Bu film koral rifleriň ýok bolmagynyň sebäplerine düşünmäge synanyşýan alymlar, daýwerler hem-de fotosuratçylar topary hakda. Korallaryň ýitip gitmek howpy häzirki wagtda global meseledir.

Soňky gözlegler häzirki temperaturanyň ýokarlanmagynyň 80 ýyldan soň planetada ýekeje koral rifiniň hem galmajakdygyna sebäp bolup biljekdigini görkezýär.

«Mikrokosmos» (1996). Fransuz dokumental filmi — 15 ýyllyk gözlegiň, 2 ýyllyk tehniki taýýarlygyň, 3 ýyllap surata düşürmegiň we 6 aýlyk redaktirlemäniň netijesidir. Haýalladylan we makro fotosurata düşüriş tomaşaçylary kiçijik jandarlar dünýäsine çümdürýär: okaraňygetirsüýtbereýin, ulitkalar, tomzaklar. Filmiň gahrymanlary üçin otlar — geçip bolmaýan gyrymsy, guş bolsa äpet ululykdaky haýwandyr.

Kinofilm «Tehniki ussatlyk üçin» Kan film festiwalynyň Gran Prisiniň ýeňijisi.

«Ýer: Bir ajaýyp gün» (2017). Filmiň sýužeti dürli jandarlaryň durmuşynyň bir gününi açyp görkezýär. Olaryň güni howply, gyzykly we täsir galdyryjy wakalardan hasyl bolýar.

«Gara delfin» (2013). 2010-njy ýylyň fewral aýynda Tilikum atly erkek delfin tälimçisi Dona Brançony öldürdi. Filmiň awtorlary ýesirlikdäki durmuşyň bu süýdemdirijilere nähili täsir edýändigini anyklamaga synanyşýarlar. Bu jandarlaryň aňynyň ýokary derejede ösendigi ylmy taýdan subut edilen. Olaryň ýady, duýgulary hem-de öz dili bar, olar özbaşyna sosial toparlar bolup ýaşaýarlar.

«Dinastiýalar» (2018) — britan serialy bolup, ejiz ýa-da ýitip barýan haýwanlaryň durmuşy barada bäş sany aýry-aýry wakany öz içine alýar: şimpanzeler, pingwinler, ýolbarslar, gaplaňlar we ýabany itler. Öz dinastiýasynyň geljegi üçin bu haýwanlar hem tebigy şertler bilen, hem-de beýleki haýwanlar bilen göreş alyp barmaly bolýarlar.
45
86
Lilia_
30.10.2023 14:46
"MEN DOK, ŞONDA-DA IÝESIM GELÝÄR": PSIHOLOG EMOSIONAL AÇLYGYŇ SEBÄBINI DÜŞÜNDIRÝÄR

Aşgazan doly, ýöne kelle aç — bu adamda stres geçirýän ýa-da geçirenden soňky wagtda ýüze çykýan emosional açlyk duýgusydyr. Psiholog Irina Biwzýuk «BelNowosti» portalyna beren interwýusynda fiziki açlyk bilen emosional açlygy tapawutlandyryp bilmeýän adamlaryň aşa iýmitlenmekden ejir çekýändiklerini aýdýar.

Eger adamyň dok wagtynda ýene-de nämedir bir zatlary iýesi gelýän bolsa, onda ol içgysma, ýalňyzlyk, gahar-gazap ýaly ýakymsyz duýgulary başdan geçirýändir. Şonuň üçinem, siz isläp-islemän, eliňizi biygtyýar şokolada uzadýan wagtyňyzda kalpda nähili duýgyny başdan geçirýändigiňizi öwrenjek boluň. Bu size ýakymsyz duýgynyň nämäniň esasynda dörändigini anyklamaga kömek eder. Sebäbi anyklanyňyzdan soň bolsa, emosional ýagdaýdan başga haýsy ýol bilen çykyp boljakdygy barada oýlanyň. Şeýtmek bilen, siz iýmitiň deregine öz halaýan güýmenjäňiz bilen meşgullanyp, aşa iýmekden halas bolup bilersiňiz.

Emosional açlygyň täsirine düşüp, aşa köp iýmek adamda utanç we müýnürgemek duýgusyny döredýär. Şol sebäpli-de, salgy berşimiz ýaly, bu gelşiksiz ýagdaýdan gutulmagyň alajyny gözläň. Ýogsa, aşa köp iýmegiň bedene berýän zyýany size uzagyndan hezil bermez.
44
53