Lilia_
30.10.2023 14:46
"MEN DOK, ŞONDA-DA IÝESIM GELÝÄR": PSIHOLOG EMOSIONAL AÇLYGYŇ SEBÄBINI DÜŞÜNDIRÝÄR

Aşgazan doly, ýöne kelle aç — bu adamda stres geçirýän ýa-da geçirenden soňky wagtda ýüze çykýan emosional açlyk duýgusydyr. Psiholog Irina Biwzýuk «BelNowosti» portalyna beren interwýusynda fiziki açlyk bilen emosional açlygy tapawutlandyryp bilmeýän adamlaryň aşa iýmitlenmekden ejir çekýändiklerini aýdýar.

Eger adamyň dok wagtynda ýene-de nämedir bir zatlary iýesi gelýän bolsa, onda ol içgysma, ýalňyzlyk, gahar-gazap ýaly ýakymsyz duýgulary başdan geçirýändir. Şonuň üçinem, siz isläp-islemän, eliňizi biygtyýar şokolada uzadýan wagtyňyzda kalpda nähili duýgyny başdan geçirýändigiňizi öwrenjek boluň. Bu size ýakymsyz duýgynyň nämäniň esasynda dörändigini anyklamaga kömek eder. Sebäbi anyklanyňyzdan soň bolsa, emosional ýagdaýdan başga haýsy ýol bilen çykyp boljakdygy barada oýlanyň. Şeýtmek bilen, siz iýmitiň deregine öz halaýan güýmenjäňiz bilen meşgullanyp, aşa iýmekden halas bolup bilersiňiz.

Emosional açlygyň täsirine düşüp, aşa köp iýmek adamda utanç we müýnürgemek duýgusyny döredýär. Şol sebäpli-de, salgy berşimiz ýaly, bu gelşiksiz ýagdaýdan gutulmagyň alajyny gözläň. Ýogsa, aşa köp iýmegiň bedene berýän zyýany size uzagyndan hezil bermez.
44
53
gulshatayewa97
30 Oktýabr 2023
Dogry aýdylan içim gyssa, ýekesiresem, gaharym gelse bir zatlar iýesim gelip baslaýa. Şeýle nastrenýa gowy wagty dok bolýan iýesimem gelenok hiç zat😁
tmyigit76
30 Oktýabr 2023
Kelle däl de göz aç diýseň ýerne düşer
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.