— Oglanjyklaryň terbiýesinde köp ulanylýan «Sen erkek oglan ahyry, aglama!» diýmek, olaryň hakyky erkek kişi bolup ýetişmeginde oňaýsyzlyk döredýän esasy sebäpleriň biridir. Sebäbi öz duýgularyny gizläp saklamak, oglanjyklaryň ulalyp öýlenen, şeýle-de ata bolan wagtlarynda öz maşgalasy bilen umumy dil tapyp, olar bilen mähirli gatnaşyk saklamak meselesinde kynçylyk döredýär — diýip, ukrainaly psiholog Ýelena Adamowa gürrüň berýär.
Psiholog Adamowanyň pikiriçe, oglanjyklara aglamazlygy däl-de, adamyň güýjüniň nämededigini we ony haçan, nirede dogry ulanmalydygyny öwretmeli. Edil şonuň ýaly, duýgy meselesinde hem olara çynlakaý bolmagy öwretmek gerek.
— Oglan bolsun, ýa gyz bolsun, tapawudy ýok, eger çaga aglaýan bolsa, onda ol öz ene-atasyndan özüne gerek bolan mähir-söýgini soraýandyr. Bu asla erbet ýagdaý däl, tersine, gaýta gowy ýagdaý. Çagadan mähriňizi gysganmaň. Çünki ogluňyz ulalyp, adam çykandan soňra siz hem ondan mähir-söýgi islärsiňiz. Ana, şonda ol sizden öz mähribanlygyny gysganmaz — diýip, Adamowa aýratyn nygtaýar.