Lilia_
Lilia_
11.05.2023 14:00
Başarjaňlygyň we dostlugyň syry Ol ýaşdygyna garamazdan, il arasynda ökde tikinçi hökmünde tanalýardy. Gün-güzeranyny aýlamak üçin ýekeje tikin enjamy bilen kiçijik dükanynda gije-gündiz zähmet
Lilia_
Lilia_
11.05.2023 05:52
Ýagşylyk ediň!!
Lilia_
11.05.2023 00:39
IŇ GARRY IT

Bobbi atly it dünýäniň iň garry iti diýlip ykrar edildi. Şeýle-de Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasyna görä, itleriň arasynda iň ýokary ýaş boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Bobbi 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda dünýä indi. 2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda 30 ýyl 268 gün ýaşady. Ol bütin ömrüne Leiria şäheriniň Konkeýros obasynda Kostanyň maşgalasynda ýaşaýar. Rekord eýesi öý haýwanlaryny goraýan Rafeýro do Alentežu tohumynyň arassa wekili. Bu itler ortaça 12-14 ýyl ýaşaýarlar.

IŇ ULY GÄMI GURLUŞYKÇT ÝURT

Eýýäm 13 ýyl öň­de­li­gi eýe­läp gel­ýän Hy­ta­ýyň gä­mi gur­lu­şyk se­na­ga­ty 2022-nji ýyl­da hem dün­ýä­niň iň uly gä­mi gur­lu­şyk­çy­sy bol­ma­gyn­da gal­ýar. Bu ba­ra­da ýur­duň Se­na­gat we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mi­nistr­li­gi ha­bar ber­di.
2022-nji ýyl­da ýurt­da je­mi ded­weý­ti 37,86 mil­lion ton­na deň bo­lan gä­mi­le­riň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy. Şeý­le­lik­de, bu Hy­ta­ýyň pa­ýy­na dün­ýä­de gur­lan gä­mi­le­riň 47,3%-iniň de­giş­li­di­gi­ni aň­lad­ýar, 2021-nji ýyl­da bol­sa bu gör­ke­zi­ji 47,2%-e deň bo­lup­dyr. Mun­dan baş­ga-da ge­çen ýyl Hy­ta­ýyň pa­ýy­na dün­ýä­niň gä­mi gur­lu­şy­gy ba­bat­da sar­gyt­la­ryň 55,2%-iniň de­giş­li bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Şeý­le hem mi­nistr­lik­de ge­çen ýyl 6 sa­ny hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä­niň iň uly 10 gä­mi gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ha­ta­ry­na gi­ren­di­gi­ni mä­lim edil­di.
Hy­ta­ýyň gä­mi­gur­lu­şyk se­na­ga­ty as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (CAN­SI) ýol­baş­çy­sy Sao Bo­nuň aýt­ma­gy­na gö­rä, su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz (STG) da­şaý­jy gä­mi­le­riň gur­lu­şy­gy ba­bat­da gör­ne­tin ösü­şiň ga­za­ny­lan­dy­gy ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le­lik­de, hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry STG da­şaý­jy gä­mi­le­riň 55-si­ni gur­mak bo­ýun­ça sar­gyt al­dy­lar, bu dün­ýä­de umu­my sar­gyt­la­ryň 30 gö­te­ri­min­den hem gow­rak­dyr.
HHR-de iri gä­mi­gur­lu­şyk­çy “Chi­na Sta­te Ship­buil­ding Corp.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gol­çur kär­ha­na­sy bo­lan “Hu­dong-Zhong­hua Ship­buil­ding (Group) Co.” kär­ha­na­sy şu ýyl­da STG da­şa­ýan tan­ker­le­riň do­ku­zy­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­ma­gy hem-de ola­ryň dör­dü­si­ni sar­gyt­çy­la­ra el­ýe­ter­li et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

GÖK GÖWHER SATUWA ÇYKARYLDY

«Sot­he­by’s» auk­si­on öýün­de ag­ra­my 11,16 ka­rat bo­lan örän seý­rek duş gel­ýän «Bul­ga­ri La­gu­na Blu» at­ly gök göw­her sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Onuň baş­lan­gyç ba­ha­sy 25 mil­li­on dol­lar. Bu tä­sin gym­mat ba­ha­ly daş 1970-nji ýyl­da dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri il­kin­ji ge­zek sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar.


KOSMOS ENJAMYNY SYNAGDAN GEÇIRDI

Ýe­re do­la­nyp gel­ýän we köp gezek ulanyp bolýan kos­mos en­ja­my­ny üs­tün­lik­li sy­nag et­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Ae­ro­kos­mos kor­po­ra­si­ýa­sy (CASC) ha­bar ber­di. Ha­bar­da Szýus­ýu­an kos­mod­ro­myn­dan do­la­nyp ge­ti­ril­ýän kos­mos en­ja­my­nyň or­bi­ta­da 276 gi­je-gün­diz bo­lan­dan soň Ýe­re gaý­ta­ry­lyp ge­ti­ri­len­di­gi aý­dyl­ýar.




Çeşme: zamantürkmenistan

90
197
Lilia_
Lilia_
10.05.2023 22:48
.
Lilia_
10.05.2023 19:45
Sebäplerni teswirde ýazmagy unutmaň!

Siziň pikiriňizçe kitap okamagyň minus tarapy barmy?

111
288
Lilia_
Lilia_
09.05.2023 21:59
Güller – ömrüniň ähli döwürlerinde adama ýoldaş tebigatyň ajaýyp döredijiligidir. Dürli gülleriň dürli nyşanlary bar, söýgi, wepalylyk, dostluk we hormat. Dünýädäki iň köne gül Germaniýada ösýär.
Lilia_
Lilia_
09.05.2023 18:13
LEBAP WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI Muzeý 1967-nji ýylyň noýabryndan bäri hereket edýär. Şol döwürde ol Türkmenabat şäheriniň merkezindäki, ozalky Hajy Mälik metjidiniň jaýynda
Lilia_
Lilia_
07.05.2023 18:53
Zergär Bir ussat özüniň köp ýyllap ýetişdiren şägirtleriniň biriniň ylymda ýeten derejesini barlap görjek bolup, onuň eline lowurdap duran, ýumruk ýaly üýtgeşik daşy tutdurypdyr-da – Oglum! Şuny
Lilia_
06.05.2023 21:29
HIÇ ZAT BOLASY ÝOK

Post

Gadym zamanlarda iki obanyň arasynda täsin bir bäsleşik guralypdyr. Her oba özüniň nähili baýdygyny subut etmeli eken. Bäsleşik hasam gyzgalaňly geçer ýaly her kim öz obasynda ullakan howuz salynmaly hem-de bir gijäniň dowamynda şoňa süýt eltip guýmaly edilipdir. Haýsy obanyň howzunda süýt köp bolsa, şol hem ýeňiji hasaplanýar eken. Şeýlelikde, iki obada hem howuz salnypdyr. Belleşilen gijede adamlar ýatman howza gatnapdyr, her kim getirenjesini döküp gaýdypdyr.


Ertesi gün irden görseler, howuz süýtden däl-de, suwdan dolumyşyn. Soňra idäp-sorapdyrlar welin, asyl her kim «Munça adam süýt guýup durka, meniň süýt däl-de, suw guýanymy kim biljek?!» diýip pikir eden eken. Şeýdip, howuza hiç kim süýt guýmandyr.

Adam özüniň ters bir iş edeni bilen «hiç zat bolmaz» öýdýär. Emma «hiç zat bolmaz» diýlip, soňuny saýman edilen işleriň «bolmasyz uly zatlara» sebäp bolýandygyny welin, ýatdan çykarmaly däldir.


KYSSAHAN



93
103
Lilia_
Lilia_
05.05.2023 22:08
Deňiz gözýaş dökýär, deňiz aglaýar, Üç gündür deňiziň hiç karary ýok Deňiz aýralyga bagryn daglaýar, Ol Aý ýaryn bagra basyp bilenok... Üç gündür asmany çal bulut büräp Deňziň bu halyna gülüp