Lilia_
11.05.2023 14:00
Başarjaňlygyň we dostlugyň syry
Ol ýaşdygyna garamazdan, il arasynda ökde tikinçi hökmünde tanalýardy. Gün-güzeranyny aýlamak üçin ýekeje tikin enjamy bilen kiçijik dükanynda gije-gündiz zähmet çekýärdi. Ýöne bir gije dörän ýangyn dükanyňam, tikin enjamyňam külüni göge sowurdy. Nägehan bolup gelýän bu ýangyn munyň bilen oňmady, müşderileriň getiren gymmat bahaly matalaryny hem otly demine dartdy. Şunlukda, ol kör- köpüksiz, üstesine, birgiden berginiň aşagynda galdy.
Şondan soň iş tapmak üçin synanşyklarynyň hemmesi şowsuz boldy. Hammallyk edip alan gazanjy öýüniň kireýine-de ýetmeýärdi. Ahyrynda-da, öý eýesi ony öýünden kowdy ol gazaply gyşyň aňzagynda gidere ýeri bolmansoň köneje torbasy bilen daşarda digdenekläp durdy. Ahyry öýsüz-öwzarsyz adamalaryň edişi ýaly seýilgähe bardy. Açlyga, ýadawlyga, sowuga üstüni basdyryp, umytsyzlyk girdabyna çümüp otyrka, bir ulag gelip, seýilgähiň içinde saklandy. Ulagdan geýnüwli bir goja düşdi-de ýanyndaky hyzmatkärine azgyryldy:
-Men birsalym ýekelik küýseýän, hiç kim bimaza etmesin!
Gezim edip ýörkä, egni ýukajyk penjekli, sowukdan ýaňa digdenekläp oturan tikinçä gözi düşdi. Gojanyň egninde gymmat baha ýüňden tikilen palto bardy, sowugyň oňa täsir edip biljek täsiri ýokdy. Ýetginjegiň bolsa paltosyna seredip duranyny görüp ýaşulynyň ýüregi awady. Hälki gahar-gazabyndan nam-nyşan galmady. Ol öz ýanyndan: “Wah-eý, neresse, sowuk munyň süňňünden mazaly ötendir. Muňa nähili kömek etsemkäm!?” diýip oýlandy. Tikinçi bolsa düýbünden başga zat pikir edýärdi. Ol paltonyň ýylylygy halynda däl-de, galyň hem gymmat matadan tikilen-de bolsa, onuň eýesine uluryrak bolýandygy hakynda oýlanýardy.
Barjamly ýaşuly tikinçiniň ýanyna baryp:
— Köşek, bu sowuk howada doňup galarsyň. Al, bolmasa meniň paltomy geýäý! — diýdi. Emma ýetginjek onuň teklibini kabul etmedi.
— Ýok, ýaşuly, sag boluň! Men egniňizdäki paltony synladym, ol size görä tikilmändir. Matasy aşa galyň bolansoň, sizi birneme semiz görkezýär.
Tikinçiniň jogaby iki sebäpden ýaşulyny haýran galdyrdy, ilki bilen-ä, aňzakly howada digdenekläp oturan hem bolsa, bu ýetginjek daş-töweregini tikinçi gözi bilen synlaýardy. Ikinjiden hem, paltosynyň şu çaka çenli näme üçin tagaşyksyzdygyna indi düşünipdi.
Ýaşuly tikinçini öz ýany bilen äkitdi-de, onuň garnyny doyurdy soňam tikinçilik ukybyna bil baglansoň, dükan açmaga ýeterlik serişde berdi. Ýöne muňa derek ýaş tikinçiden geýjek eşiklerini tikip bermegini haýyş etdi. Mundan başga-da, ol barjamly dostlarynyň ýanynda-da onuň öwgüsini ýetirdi. Şeýde-şeýde, tikinçiniň işiniň çygry giňedi, soňabaka onuň kiçijik dükany meşhur nysak geýimlerini tikýän nusgalar öýüne öwrüldi. Tikinçi indi tanymal işewürleriň biri bolup, birnäçe ady belli şereketler üçin önüm öndürýärdi.
Emma ol kyn gününde Hydyr ata bolup maňlaýyndan dirän gojany ýatdan çykarypdy. Bir gün ýaşulynyň ýüreginden tutup, hassahana düşendigini eşitdi, emma ýagdaýyny soramaga barmady sebäbi şol gün möhüm iş bilen gyssagly daşary ýurda gitmelidi. Ol howa menzilinde dostluk bilen harsydünýäligiň arasynda iki jahan owarrasy boldy. Ahyrynda-da, nebsi öňe düşdi. Emma iş bilen känbir seri bolmady. Ýagşylyk eden dostundan geçip gitse-de, işi oňman, yzyna boş dolandy.
Gelenden soňam öz hysyrdysy bilen gojanyň halyndan habar almady. Wagt geçdigisaýyn tikinçi gojanyň ýanyna barmaga utandy, ýaýdandy. Şeýlelikde, olar ençeme wagtlap görüşmediler. Tikinçiniň söwdasy gün-günden pese gaçyp başlady. Ýöne munuň sebäbine düşünip bilmeýärdi. Ýeke-ýekeden fabrikleri ýapylyp ugrady. Indi, hamala, birwagtlar ony bagta ýetiren jadynyň güýji gaçyp barýan ýalydy. Ahyrynda-da, başdaky ýagdaýyna — şol öňki kiçijik ussahanada işleýän tikinçä öwrüldi.
Ol iň soňunda hormatly dynç alşa çykan gojanyň öýüne bardy. Ýaşuly oňa haýpygelijilik bilen seretdi. Häzir ýagdaýy gowy hem bolsa, kyn gününde goltugyndan gop beren dostunyň eňek atyp ýatyrka halyndan habar almazlygy oňa agyr degipdi.
Ýaşuly sesini çykarman, tikinçiniň bahanalaryny diňledi-de, bir hekaýaty gürrüň bereninden soň, çaltrak öýünden gitmegini haýyş etdi. Ine, ýaşuly oňa şu hekaýaty aýdyp berdi:
Gadym zamanda gün-güzeranyny zordan aýlap ýören odunçy bar eken. Ol tokaýda kiçijik külbede ýaşap, odun çapar eken. Günleriň birinde onuň külbesinde ýangyn döräp, bütin tokaýy oda berýär, şondan soň ol işsiz galýar, onsoň horjunyny eşegine ýükleýär-de, tokaýdan çykýar gaýdyberýär, gidip barýarka, agaçlaryň arasyndan ses eşidilýär. Seretse, bilbil bar eken.
Bilbil oňa: «Wah, wah-eý, saňa ýüregim awaýar. Häzir men jady ederin welin, eşegiň ýakymly owaz bilen aýdym aýtmaga başlar. Senem onuň bilen mähelläň öňünde çykyş edip, köp pul gazanarsyň» diýýär.
Hakykatdan hem, eşek şobada şirinden-şirin aýdymlar aýtmaga başlaýar. Odunçy eşegini yzyna tirkäp, obama-oba aýlanýar. Gysga wagtyň içinde at-owazasy äleme dolup, uly meşhurlyk gazanýar. Hemmeler ony diňlemek üçin yzanda-çuwan bolşup, eşegiň yzyndan eňýär eken.
Günleriň birinde odunçy ýene çykyş etmek üçin eşegi bilen alňasap barýarka, bilbiliň kömek soraýan zaryn sesini eşidýär. Görse, ýabany pişik ony tutupdyr-da, iýmäge hyýallanyp duran eken. Odunçy ilki kömek etjek ýalam edýär-de, birdenem aldyrany bar ýaly, ol ýerden arany açýar. Sebäbi görkezýän çykyşlaryndan gelýän weşeň-weşeň puluň köýmegine nebsi gol bermeýär. Emma çykyş başlanynda hemişeki owadan sesi bilen aýdym aýdýan eşek bu gezek adaty eşekler ýaly aňňyrýar. Tomaşaçylar odunçyny kezzaplykda aýyplamaga başlaýar. Ol obalylaryň elinden zordan sypýar ine, şonda bilbil öleninden soň, jadynyň güýjüniň gaçýandygyna düşünip galýar, ýaşuly howlukman hekaýaty gürrüň bereninden soň, tikinçä ýüzlendi:
— Menem seniň bilbiliňdim, köşek. Sen bolsa meni taşlap gitdiň. Çaky, sendäki jadylaryň güýji gaçyp, tozup galmagyňa-da şol sebäp bolan bolarly. Sen nebsiňe buýrup bilmän, öz dostuňy ýoldan çykardyň…
Tikinçi utanjyndan aýdara söz tapmady. Sessiz-üýnsüz ol ýerden gaýtmak bilen boldy.

Myrat Çiftkaya, türk ýazyjysy.

Türk dilinden terjime eden Zübeýda Amandurdyýewa, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby

85
360
sohxxx
12 May 2023
arzuv_shayymova, salam
Lilia_
12 May 2023
Aman_06, Salam. Ýoga 🤷🏻‍♀️
Ayesha
11 May 2023
seljukly, salam gic yagsy
Lilia_
11 May 2023
kowser, ýalňyşyp goýupdyryn soň düzedip bolmady
Ayesha
11 May 2023
Basda gyzyk daldir diyip okaman ence yerini gecrdim juda gowu yazylan.
Aman_06
11 May 2023
Salam sizde şuñ türkçe elektron kitaby barmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.