Lilia_
11.05.2023 00:39
IŇ GARRY IT

Bobbi atly it dünýäniň iň garry iti diýlip ykrar edildi. Şeýle-de Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasyna görä, itleriň arasynda iň ýokary ýaş boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Bobbi 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda dünýä indi. 2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda 30 ýyl 268 gün ýaşady. Ol bütin ömrüne Leiria şäheriniň Konkeýros obasynda Kostanyň maşgalasynda ýaşaýar. Rekord eýesi öý haýwanlaryny goraýan Rafeýro do Alentežu tohumynyň arassa wekili. Bu itler ortaça 12-14 ýyl ýaşaýarlar.

IŇ ULY GÄMI GURLUŞYKÇT ÝURT

Eýýäm 13 ýyl öň­de­li­gi eýe­läp gel­ýän Hy­ta­ýyň gä­mi gur­lu­şyk se­na­ga­ty 2022-nji ýyl­da hem dün­ýä­niň iň uly gä­mi gur­lu­şyk­çy­sy bol­ma­gyn­da gal­ýar. Bu ba­ra­da ýur­duň Se­na­gat we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mi­nistr­li­gi ha­bar ber­di.
2022-nji ýyl­da ýurt­da je­mi ded­weý­ti 37,86 mil­lion ton­na deň bo­lan gä­mi­le­riň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy. Şeý­le­lik­de, bu Hy­ta­ýyň pa­ýy­na dün­ýä­de gur­lan gä­mi­le­riň 47,3%-iniň de­giş­li­di­gi­ni aň­lad­ýar, 2021-nji ýyl­da bol­sa bu gör­ke­zi­ji 47,2%-e deň bo­lup­dyr. Mun­dan baş­ga-da ge­çen ýyl Hy­ta­ýyň pa­ýy­na dün­ýä­niň gä­mi gur­lu­şy­gy ba­bat­da sar­gyt­la­ryň 55,2%-iniň de­giş­li bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Şeý­le hem mi­nistr­lik­de ge­çen ýyl 6 sa­ny hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä­niň iň uly 10 gä­mi gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ha­ta­ry­na gi­ren­di­gi­ni mä­lim edil­di.
Hy­ta­ýyň gä­mi­gur­lu­şyk se­na­ga­ty as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (CAN­SI) ýol­baş­çy­sy Sao Bo­nuň aýt­ma­gy­na gö­rä, su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz (STG) da­şaý­jy gä­mi­le­riň gur­lu­şy­gy ba­bat­da gör­ne­tin ösü­şiň ga­za­ny­lan­dy­gy ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le­lik­de, hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry STG da­şaý­jy gä­mi­le­riň 55-si­ni gur­mak bo­ýun­ça sar­gyt al­dy­lar, bu dün­ýä­de umu­my sar­gyt­la­ryň 30 gö­te­ri­min­den hem gow­rak­dyr.
HHR-de iri gä­mi­gur­lu­şyk­çy “Chi­na Sta­te Ship­buil­ding Corp.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gol­çur kär­ha­na­sy bo­lan “Hu­dong-Zhong­hua Ship­buil­ding (Group) Co.” kär­ha­na­sy şu ýyl­da STG da­şa­ýan tan­ker­le­riň do­ku­zy­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­ma­gy hem-de ola­ryň dör­dü­si­ni sar­gyt­çy­la­ra el­ýe­ter­li et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

GÖK GÖWHER SATUWA ÇYKARYLDY

«Sot­he­by’s» auk­si­on öýün­de ag­ra­my 11,16 ka­rat bo­lan örän seý­rek duş gel­ýän «Bul­ga­ri La­gu­na Blu» at­ly gök göw­her sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Onuň baş­lan­gyç ba­ha­sy 25 mil­li­on dol­lar. Bu tä­sin gym­mat ba­ha­ly daş 1970-nji ýyl­da dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri il­kin­ji ge­zek sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar.


KOSMOS ENJAMYNY SYNAGDAN GEÇIRDI

Ýe­re do­la­nyp gel­ýän we köp gezek ulanyp bolýan kos­mos en­ja­my­ny üs­tün­lik­li sy­nag et­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Ae­ro­kos­mos kor­po­ra­si­ýa­sy (CASC) ha­bar ber­di. Ha­bar­da Szýus­ýu­an kos­mod­ro­myn­dan do­la­nyp ge­ti­ril­ýän kos­mos en­ja­my­nyň or­bi­ta­da 276 gi­je-gün­diz bo­lan­dan soň Ýe­re gaý­ta­ry­lyp ge­ti­ri­len­di­gi aý­dyl­ýar.




Çeşme: zamantürkmenistan

90
197
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.