HIÇ ZAT BOLASY ÝOK
Gadym zamanlarda iki obanyň arasynda täsin bir bäsleşik guralypdyr. Her oba özüniň nähili baýdygyny subut etmeli eken. Bäsleşik hasam gyzgalaňly geçer ýaly her kim öz obasynda ullakan howuz salynmaly hem-de bir gijäniň dowamynda şoňa süýt eltip guýmaly edilipdir. Haýsy obanyň howzunda süýt köp bolsa, şol hem ýeňiji hasaplanýar eken. Şeýlelikde, iki obada hem howuz salnypdyr. Belleşilen gijede adamlar ýatman howza gatnapdyr, her kim getirenjesini döküp gaýdypdyr.
Ertesi gün irden görseler, howuz süýtden däl-de, suwdan dolumyşyn. Soňra idäp-sorapdyrlar welin, asyl her kim «Munça adam süýt guýup durka, meniň süýt däl-de, suw guýanymy kim biljek?!» diýip pikir eden eken. Şeýdip, howuza hiç kim süýt guýmandyr.
Adam özüniň ters bir iş edeni bilen «hiç zat bolmaz» öýdýär. Emma «hiç zat bolmaz» diýlip, soňuny saýman edilen işleriň «bolmasyz uly zatlara» sebäp bolýandygyny welin, ýatdan çykarmaly däldir.
KYSSAHAN