Lilia_
07.05.2023 18:53
Zergär
Kyssallar
Bir ussat özüniň köp ýyllap ýetişdiren şägirtleriniň biriniň ylymda ýeten derejesini barlap görjek bolup, onuň eline lowurdap duran, ýumruk ýaly üýtgeşik daşy tutdurypdyr-da

– Oglum! Şuny al-da, bazarçylara birlaý görkezip çyk. Bazarçylar bu daşa näçe baha keserkäler, hany göreli bakaly! Iň soňunda zergäriň ýanyna-da baraý, onuň hem aýtjak bahasyny eşideli. Ýöne kim näçe berjek diýse-de, daşy hiç kime sataýmagyn, oglum! Aýdyşym ýaly, diňe her kimiň näçe berjegini bildejik, geläýgin! – diýipdir.

Şägirt daşy alyp, bazara barypdyr. Ilki bilen onuň öňünden gök önümlerini satýan adam çykýar. Ondan:

– Şu daşy näçe satyn alarsyň? – diýip soraýar.

Satyjy daşy eline alyp seredipdir-de:

– Bir tylla bereýin. Ogluma güýmenerlik üçin satyn alaýmasam – diýipdir. Soňra şägirdiň öňünden mata satýan sowdagär çykypdyr. Şägirt ondan hem daşy näçe satyn alyp biljegini sorapdyr. Sowdagär:

– Bäş tylla bereýin – diýipdir. Onsoň, şägirdiň öňünden ýonaçy çykypdyr. Ýonaçy hem daşy synlap:

– Ýonanyň gyrasyna nagyş salmak üçin ulansa boljak – diýipdir-de, oňa on tylla hödürläpdir.

Iň soňunda şägirt zergäriň ýanyna barypdyr. Zergär şägirdiň elindäki daşy gören badyna ýerinden böküp turupdyr. Daşdan gözüni aýyrman durşuna:

– Beýle gymmatbaha daşy nireden tapdyň? – diýip sorapdyr-da, sözüniň üstüni ýetiripdir: – Muny näçe satjak?

Şägirt bolsa ondan:

– Sen näçe aljak? – diýip sorapdyr. Şonda zergär:

– Diýen bahaňy bereýin, ýöne muny maňa sat – diýip ýalbarmaga durupdyr. Onsoň, şägirt daşy satyp bilmejekdigini, özüniň diňe «bahany bil» diýip goýberlendigini düşündirip, zergärden zordan sypypdyr. Gelibem, bu zatlaryň baryny ussadyna gürrüň beripdir. Şeýlelikde ussady ondan:

– Hany indi sen maňa düşündir, bu wakadan näme mana çykarmaly? – diýip sorapdyr. Şägirt ussadynyň soragyna jogap berip bilmändir. Ine şonda ussady oňa şeýle diýipdir:

– Zer gadyryny zergär biler, oglum! Bir zadyň gadyry şonuň gymmatyna düşünýän adamyň ýanynda aýrybaşgadyr. Her adamyň durmuşynda onuň ähmiýetlidigini özüne duýdurýan «zergärler» hökman bardyr! Şol zergärleriň üstünden barmaly. Ine, esasy mesele şol.

KYSSAHAN


Miras


Bir baý adamyň üç ogly bar eken. Günlerde bir gün ol ogullaryny daşyna üýşürip:

– Balalarym! Men ölenimde, meni ýyrtyk jorap geýdirip jaýlaň. Ýyrtyk jorabym sandygymda durandyr – diýipdir. Muny eşidip baýyň oglanlary ör-gökden gelipdir. Olar ýerli-ýerden:

– Daş edewersin. Kaka, sen entek biziň aramyzda köp gezersiň. Jorabam näme, geýdirmeli bolsa, ýyrtyk däl-de, gyzyl çaýylan ýüpden dokap geýdiris – diýip, kakasynyň sözüni kesipdirler. Ýöne baý barybir soň-soňlaram oglanlaryna özüniň wesýetini ýatladyp durupdyr:

– Men ölsem, meni ýyrtyk jorap geýdirip jaýlaň. Mirasymy nädip paýlaşjagyňyzy hem hat üstünde aýdyp giderin.

Ahyry bir gün baý aradan çykypdyr. Oglanlary kakalarynyň wesýetini berjaý etjek bolup ýaşulylara, mollalara şunça ýalbarsalaram, olar kes-kelläm muňa garşy bolupdyrlar. Ölen adama kependen başga zat geýdirmegiň günädigini aýdypdyrlar. Şonuň üçin olar kakalaryna ýyrtyk jorap hem geýdirip bilmän jaýlamaly bolupdyrlar. Soňra bolsa, kakalarynyň goýup giden hatyny tapyp okapdyrlar. Hatda şeýle sözler bar eken:

– Gördüňiz dälmi balalarym?! Men ýanym bilen o dünýä ýekeje ýyrtyk jorap hem alyp gidip bilmedim. Şonuň üçin o dünýä alyp gidip bolaýjak zatlar hakda köp pikir ediň. Başgaça aýdanymda, diňe pul däl-de, sogap hem gazanjak boluň. Ýogsam, mal-mülk diýdi, baýlyk diýdi, bularyň barynyň biderek zatdygyna iru-giç göz ýetirersiňiz!


KYSSAHAN


Zulum


Günlerden bir gün zalym häkim Hajjaj köşkünden daşaryny synlap otyrka, elleri pildir kerkili birgiden adamyň başagaý bolup ýer gazyp durandygyny görüpdir. Hajjaj geň galyp, olaryň ýanyna barypdyr-da:

– Siz bu ýerde näme edýäňiz? – diýip sorapdyr. Onsoň, ýer gazyp duranlaryň arasyndan ekabyrragy öňe çykyp:

– Hezreti Omaryň adalatyny gözleýäris – diýip jogap beripdir. Hajjaj muny eşidip, sesini çykarmandyr-da sen-men ýok özüne bir pil getirdipdir. Ýeňini çermäge-de piliň gulagyna zor salyp başlapdyr hem welin, indi bu sapar adamlar geň galyp, ondan:

– Seniň edýäniň näme? – diýip sorapdyrlar. Şonda zalym Hajjaj olara şeýle jogap beripdir:

– Hezreti Omaryň halkyny gözleýärin.



Sowal



Bir danadan:

– Seniň pikiriňçe, dünýäde iň gymmatly zat näme? – diýip sorapdyrlar. Dana:

– Umyt – diýip jogap beripdir.

– Ýeri onsoň, dünýäde iň aňsat zat näme? – diýip soranlarynda, dana şeýle jogap beripdir:

– Ile öwüt bermek.

Ýitgi

Nasreddin hoja howlusyny gurşap duran haýatyň daş ýüzünde nämedir bir zatlar gözleýärmiş. Muny gören goňşulary ondan:
– Näme, bir zadyňy ýitirdiňmi goňşy? – diýip soraýarlar. Ol goňşularyna:
– Ýüzügimi ýitirdim – diýip jogap berýär. Ýitigini tapmaga kömek etmekçi bolýan goňşulary ýene ondan:
– Takmynan nirräkde ýitirdiň? – diýip soraýarlar. Nasreddin hoja olara gara çyny bilen şeýle jogap berýär:
– Howluda ýitirdim.
Bu jogaba goňşulary geň galyp, Nasreddin hojanyň ýüzüne garaýarlar:
– Howluda ýiten zady näme diýip bu ýerden gözleýärsiň? – diýip soranlarynda, Nasreddin hoja hamana diýersiň hiç geň galarlyk zat ýok ýaly, şol bir durkuny üýtgetmän:
– Howly garaňky. Bu ýeri bolsa ýagty – diýýär.
* * *
Kim nämesini nirede ýitiren bolsa, şol ýerden hem gözlemelidir. Ony başga ýerlerden gözlemek manysyzdyr. Hawa, imana, älem kitabyna, ylma geleňsiz çemeleşmegimiz, medeni derejämiziň peselmegi sebäpli dünýä arenasyndaky sylagly ornumyzy ýitirdik. Ylym-bilim derejämiz peseldigiçe ondaky mertebämiz hem peseldi. Diýmek, biz ýitgimizi başga ýerden däl-de, eýsem iman, ylym, bilim, terbiýe ojaklaryndan gözlemeli.

KYSSAHAN
98
232
Dilberjan 🇹🇲🏆
8 May 2023
gulshatayewa97,salam
Myrataly
7 May 2023
"Zehin basleshigi" diyip bir prog bardy shondaky soraglardan owrenipdim in ansat zadyn akyl satmakdygyny
gulshatayewa97
7 May 2023
Zer gadryny zergär biler👌👌👌👌👌
ýakub
7 May 2023
👍👍👍👍👍👍👍
ideallider
7 May 2023
Birzat aljak bolamyzda şol ugurdan bilýän adamyň ýanyna barmaly👍
Rova
7 May 2023
Soñky has gowy🙂👍
dovliyevna
7 May 2023
Haladm👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.