Lilia_
05.05.2023 22:08
Deňiz gözýaş dökýär, deňiz aglaýar,
Üç gündür deňiziň hiç karary ýok
Deňiz aýralyga bagryn daglaýar,
Ol Aý ýaryn bagra basyp bilenok...

Üç gündür asmany çal bulut büräp
Deňziň bu halyna gülüp gözleýär
Üç gündür deňiziň bagryn paralap,
Onuň gözel Aý ýaryny gizleýär.

Deňiz-de ah urup diýýär: «Eý, şemal,
Şu çal buldy kow-da, rehim et jana!»
Deňiziň nalyşyn eşidip şol hal
Şemal çal buludy kowýar ummana.

Gözel Aý asmandan deňize düşýär,
Deňiz ýaryn bagra basyp, köşeşýär.
87
57
camel.
6 May 2023
Ay nääätdiñaý
Dovlet Ashyrov
6 May 2023
👍👍👍....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.