Lilia_
14.07.2023 20:35
Manyly goşgy
93
111
Lilia_
14.07.2023 16:27
Kebelekler barada täsin maglumatlar


Kebelekleriň dilleri boýlaryndan 3 esse uzyndyr. Boýlaryndan 3 esse uzyn bolan dillerini gülleriň düýbündäki nektary içmek üçin ulanýarlar. Kebelekler bedeniniň gyzgynlygynyň derejesi 28 gradusdan pes bolsa uçup bilmeýärler.

Gara ganatly kebelekler Günüň şöhlesiniň kömegi bilen bedenleriniň gyzgynlyk derejesini artdyryp bilýärler. Bu bolsa olaryň uçmagyna ýardam berýär. Ýer ýüzünde kebelekleriň 100 müňden gowrak görnüşi bar. Olardan iň uly görnüşi Günorta amerika sowkasy ( Erebius agrippina) bolup, onuň ganatynyň ýazgyn haldaky uzynlygy 30 santimetre ýetýär. Asyl mesgeni Demirgazyk Amerika hasaplanýan şa kebelegi ýumurtgalamak üçin 4 müň kilometre çenli ýol geçýär.

Kebelekler dynç alýan wagtlary ganatlary ýapyk bolýar. Kebelekler howp abanýan wagty haýal etmän ganatlaryny açýarlar. Bilermenler kebelekleriň ganatlaryny açan wagtlaryndaky kölegesiniň baýguşa meňzeýändigi aýdýarlar. Şonuň üçin hem kebelege topulan guş ony baýguşa meňzedip, ondan el çekýär. Kebelekleriň reňkiniň köpdürliligi we dürli öwüşginliligi mör-möjekleriň hiç biriniňkä meňzemeýär.

Saparmyrat BABAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
85
131
Lilia_
13.07.2023 23:04
PELLEHANADAN GEÇMEK GEREK

1968-nji ýylyň oktýabr aýynyň salkyn agşamlarynyň birinde
Mehikonyň olimpiýa stadionynyň tribunalarynda tomaşaçylar
selçeňläp, marafona gatnaşyjylaryň soňkularynyň gelerine garaşýan iň
bir sabyrly janköýerler galypdyr. Efiopiýaly Mamo Woldeniň
pellehanadan geçip, ylgawyň ýeňijisi bolanyna, tomaşaçylaryň
şowhunly minnetdarlygyna eýe bolanyna eýýäm bir sagatdan hem
gowrak wagt öten eken. Iňrik garalyp, agşam sowugam düşüp
başlansoň, pellehanadan ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisi geçendir diýip
pikir edýän tomaşaçylar kem-kemden dagaşýar ekenler. Şonda
duýduryş çyralaryny ýakyp gelýän polisiýa ulaglarynyň ugratmagynda
stadiona ýene bir türgen giripdir. Ol tanzaniýaly Jon Stiwen Ahwari
eken. Ol stadionyň içinde marafonyň tamamlaýjy 400 metr aralygyny
ylgap geçýän wagty tomaşaçylar onuň aýagynyň sargylydygyny, ondan
bolsa gan syrygýandygyny görüpdirler. Asyl ol ýolda bir ýerlerde
ýykylyp, şikes alan eken, ýöne bu ýagdaý ony saklardan ejiz eken.
Soňra ol bu ýagdaýy şeýle düşündiripdir: «Ýurdum meni Mehiko diňebir ýaryşa gatylmak üçin ugratmady. Men bu ýere pellehanadan geçmek
üçin geldim».
Ahwari öz gözýetimini agyrynyň yzasy bilen çäklendirmändir, ol has
çuňňur hem uzaga garapdyr, ol has uly kartinany: Olimpiada gatnaşmagyň düýp
manysyny görüpdir. Üstünlik ýolunda hereket edýän çagyňyz, berk belläň, siziň
maksadyňyz — pellehanadan geçmekdir, ýagny ukyp-başarnyklaryňyzy iň
ýokary derejede berjaý etmekdir.

Terjime eden: © Orazmyrat MYRADOW
87
117
Lilia_
13.07.2023 20:40
Günüň dowamynda azyndan 1-2 sany alma iýmek hökmany hasaplanýar. Süýjülikleriň ýerine kakadylan alma ýa-da wagtal-wagtal alma pirogyny iýmek hem maslahat berilýär. Bu barada Moskwanyň Saglygy goraýyş departamentiniň Baş dietology Antonina Starodubowa habar berdi.

Antonina Starodubowa: «Alma — diňe bir lezzetli önüm bolman, eýsem, ol uzak möhletli saklanylýar, şeýle-de adam organizmi üçin zerur bolan witaminleriň, minerallaryň, antioksidantlaryň we süýümiň esasy çeşmesi» diýip belleýär.

Almanyň düzüminde B1, B2 hem-de С witaminleri, foliý kislotasy, karotinoidler bar. Alma gabygynda adamyň öýjük membranalaryny zeperlerden goraýan bioflawonoidler hem bardyr. Onuň süýümi, şeýle-de birnäçe iýmit süýümini özünde saklaýan gabygy, içegäniň mikroflorasyny deňagramly saklamak we lipid alyş-çalşygyny kadalaşdyrmak üçin örän möhümdir. Düzümindäki organiki kislotalar bolsa iýmit siňdirişini gowulandyrýar.

Lukmanlar alma allergiýasy bolan adamlara ony iýmezligi maslahat berýärler.

«TürkmenGazet».
77
35
Lilia_
12.07.2023 21:23
😁
102
510
Lilia_
12.07.2023 16:30
Ösüp barýan bedene ýokum, has-da mal ýokumy, şeýle-de aminoturşulyklar, kalsiý, kaliý we witaminler aýratyn-da gerek.

Hoz uglerodlaryň siňmegini peseldýär we güýç berýär. Hozy kaşalara we witaminli işdäaçarlara goşuň. Hozy içine ownadyp geçiniň süýdini ýatmakdan öň içseň örän peýdaly.

Towugyň ýumurtgalary hem energiýanyň derejesini beýikde saklamaga ýardam berýär. Bu arassa ýokum, şeýle-de olar B witamine baýdyr. Ýumurtga gaýnadylan görnüşide doly diýen ýaly bedene siňýär. Ertirlik wagty we agşam naharynda 2 ýumurtga iýiň.

Sygyryň çylka etinde köp demir we sink bar, olar ösüp gelýän beden üçin zerurdyr.

Şüle ýarmasy- kletçatkanyň we goşma uglerodlaryň iň baý çeşmesi bolup durýar. Ol süňk we myşsa dokumasynyň ösmegine ýardam berýär. Ol boýuň ösmegi üçin iň işjeň önüm bolup durýar. Bu kaşa kaliý, magniý, fosfor, hrom, železo, marganes, ýod, sink, kobalt, A,E,K, B toparynyň witaminlerine baýdyr. Oňa almanyň, bananyň bölejiklerini, azajyk ary balyny ýa-da hoz garyň.

Köpräk süýt içiň, kalsiý süňk dokumasynyň döremegi üçin zerurdyr. Iň peýdalysy-bu urkaçy eşegiň üýdidir. Onuň ýekeje bir ýetmezçiligi-ony satyn almak kyndyr. Ikinji ýerde geçiniň süýdi durýar. Sygyryň süýdi hem peýda getirýär.

Balykda fosfor köp, ol boýuň ösmegine we beýniň işlemegine ýardam berýär.

Günde 6-8 stakan arassa suwdan we miwe suwundan içiň. Miwe soklaryndan pyrtykkal, käşir, pomidor, greýpfrut miwe suwyny içiň. Kofe, energetiki içgiler, ajy gar çaý köp möçberde içilse, ol boýuň ösmegini çäklendirýär.

Güýzde we ýazda witaminleriň gowy hilli toplumyny içiň, iň gowysy lukman bilen maslahatlaşsaň, sebäbi bazarda galp zat köp. Nahary wagtly-wagtynda iýmeli, ertirlik sagdyn we möçberi boýunça ýeterlikli bolmaly.

Duz köp iýmäň, gündelik möçberden geçseňiz, bu süňk dokumasyny tükketýär we kalsiýiň bedenden çykmagyny tizleşdirýär.
74
34
Lilia_
11.07.2023 19:54
Gülleriň täsin görnüşleri.
Ýer ýüzünde gül açýan ösümlikleriň müňlerçe görnüşi bardyr. Tebigatdaky ösümlikleriň gülleri ýaz paslynda açylyp başlaýan bolsa, otag şertlerinde ösdürilýän ösümlikler ýylyň islendik paslynda-da gülleýär. Gülleriň köpüsi kiçi bolsa, käbiri has uly bolýar. Emma käbir güller düýbünden başga zada meňzeýär. Bu güller, esasan, orhideýalar maşgalasyna degişli bolýar. Ine, dürli janly-jandarlary ýada salýan gülleriň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Durna güli. Günorta Afrikada ösýän köpýyllyk ösümlik bolup muňa «jennetiň guşy» hem diýilýär. Ýylyň ähli paslynda gök öwsüp oturýar. Onuň boýunyň uzynlygy 10 metre çenli ýetýär. Gaty, ýasy ýapraklarynyň uzynlygy 30-200 santimetr, ini 10-80 santimetr aralygynda bolýar. Gunçasy gök-ýaşyl reňkli, güller sary, gök, seýrek ýagdaýda ak reňkli bolýar. Bu ösümligi 1788-nji ýylda iňlis botanigi Josef Banks tarapyndan tapylýar. Owadan gülleri üçin bulary medeni usulda hem ösdürilip ýetişdirilýär we seýilgähleriň, köçeleriň, howlularyň bezegi üçin hem ekilýär.

Dracula simia. Günorta Amerikada deňiz derejesinden 2000-4000 metr beýiklikdäki tropiki tokaýlarda ösýän bu ösümligiň gülleri maýmyny ýadyňa salýar. Orhideýalar maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik bahar paslyndan güýz paslyna çenli yzygiderli gülleýär. 110-dan gowrak görnüşi bolup bu ösümligiň gülleriniň pyrtykalyňky ýaly ýakymly ysy bolýar.

Ophrys apifera. Ýewropada ösýän köpýyllyk ösümlige «Ary orhideýasy» diýilýär. Uzynlygy 20-45 santimetre ýetýän ösümligiň 4-7 sany gök-ýaşyl ýapraklary bolýar. Merkezinde ýerleşýän gozada 3-8 aralygynda güli bolýar. Gozasynyň gyzyl, ak reňkli gülleri bolup, maý-iýun aýlarynda gülleýär. Gülleriniň reňki benewşe ýa-da agymtyl bolýar. Ösümligiň gülüniň ara meňzemegi olaryň tebigy ýagdaýda köpelmeklerine sebäp bolýar. Arylar bu güli başga ara meňzedip, onuň ýanyna barýar. Şeýlelik-de, gülüň tozgalary arynyň aýaklaryna ýapyşýar. Soňra beýleki güllere gonmagy bilen güller tozgalanýar we netijede tohumlanýar.

Impatiens psittacina. Günorta-Gündogar Aziýada – Taýlandda, Birmada we Hindistanyň käbir ýerlerinde ösýän bu ösümligiň boýy 50 santimetr çemesi bolýar. Beýleki «Impatiens» görnüşleri ýaly, onuň baldaklary galyň bolýar. Gülleri açyk gyzyl we gyzyl reňkli bolýar. Gülläninde emele gelýän şekili toty guşuna meňzeýär. Seýrek duş gelýän bu ösümlik goralyp saklanýar.

Şirinjemal HANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň mugallymy.
71
60
Lilia_
11.07.2023 04:02
Ar­tyk­maç ag­ram bir­nä­çe nä­hoş­luk­la­ra se­bäp bo­lup bil­ýär. Luk­man­lar ka­da­ly ag­ram­da bol­mak üçin bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler. Ag­ra­myň ka­da­ly ýa-da ar­tyk bol­ma­gy köp­lenç gün­de­lik en­dik­le­ri­miz bi­len bag­ly­dyr. Şol se­bäp­li go­wy en­dik­le­ri edin­mek ar­ka­ly sag­dyn we gör­me­geý sy­rat­a eýe bol­mak müm­kin. Be­ril­ýän mas­la­hat­la­ra gö­rä, il­ki bi­len her gün­de nä­çe­räk ka­lo­ri­ýa­ly zat iý­ýän­di­gi­mi­ze üns ber­me­li. Ge­re­gin­den ar­tyk iý­mit­len­mek se­miz­li­ge se­bäp bol­ýar. Iýil­ýän zat­la­ryň ka­lo­ri­ýa­sy ba­ra­da az­da-kän­de ha­bar­ly bol­mak kem däl. Ir bi­len li­mon­ly suw iç­mek hem be­de­niň me­ta­bo­liz­mi­ni, ýag­ny mad­da alyş-çal­şy­gy­ny art­dyr­ýar. Bu bol­sa be­den­dä­ki tok­sin­le­ri, ýag­ny zyýanly mad­da­la­ry aýyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Gü­nüň do­wa­myn­da bir wag­ty­na di­ňe mi­we we gök önüm­ler­den taý­ýar­la­nan iş­däa­çar­la­ry ýa-da ýe­ňil­räk ta­gam­la­ry iý­me­gi en­dik edi­niň. Bu hem si­ziň ar­tyk­maç ag­ram­dan sap­lan­ma­gyňyza ýar­dam eder. Şeý­le hem iş­däa­çar iý­mit siň­di­ri­şi aň­sat­laş­dyr­ýar.

Ma­ral HY­DY­RO­WA,
On­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň yl­my-kli­ni­ki dis­pan­ser-gö­zeg­çi­lik bö­lü­mi­niň mü­di­ri.
76
30
Lilia_
10.07.2023 12:22
Suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologiki hadysalaryň: dem alşyň, gan aýlanyşyň, iýmit siňdirişiň kadaly işlemeginde uly ähmiýete eýedir. Adam bedeni suwy yzygiderli kabul etmese, suwsuzlykdan beden tapdan düşüp başlaýar. Bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanyp, ganyň goýalmagyna getirýär. Şol sebäpli hem beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suwy içmegiň öz düzgünleri bar.

Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar.

Säher bilen turup, bir bulgur arassa suwy ajöze içmek iýmit siňdiriş agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Käbir adamlar limonly suwy içmegi halaýar. Bu bolsa adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Limonly suw bedendäki aşgar deňagramlylygyny saklamaga we bedeni artykmaç ýaglardan saplamaga kömek edýär. Şeýle-de, bedendäki gerek bolmajak suwuklygyň çykmagyna getirýär. Berhiz saklaýan döwrüňizde irden limonly suwy ajöze içseňiz we günüň dowamynda birnäçe limon bölejigini iýmegi endik edinseňiz, semizligiň öňüni alarsyňyz.

Özüňizi ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň!

Röwşen ÇERKEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň öwreniji mugallymy.
77
33
Lilia_
10.07.2023 06:14
Adamy hatyndan tanamak mümkinmi?
Ýazuwyň adamynyň häsiýeti bilen baglanyşygyny öwrenýän ylma grafologiýa diýilýär. Ylmyň bu ugry adamynyň zehinini, özüne erk etmek we özüne baha berip bilmek ukybyny we duýgy häsiýetlerini ýazuwyna görä kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Adamyň häsiýetlerini açmakda ýazuwyň görnüşi, hili, ýygylygy uly ähmiýete eýedir. Bulardan başga-da ýazuwyň görnüşi jemgyýetçilik durmuşynda adamlar bilen arasyndaky gatnaşygynyň ýagdaýyny görkezmekde möhüm görkeziji bolup durýar. Haty iri ýazýan adamlar aňsatlyk bilen töweregindäkiler bilen gowy aragatnaşyk saklap, olaryň dilini tapyp bilýär. Şeýle ýazuwly adamlaryň ýakynlary hem köp bolýar. Ownuk ýazuwly adamlar bolsa, ýapyk häsiýetlere eýedirler. Ýazuwda harplaryň burçlarynyň emele getirilmegi diňe özüni bilýän adamlara mahsus bolýar. Ýazuwynda dürli aýlawlary ulanyp ýazýan adam açyk göwünli bolýar diýlip hasaplanylýar. Hatyny has basyp ýazýan adamlarda güýçli erjelligi görmek bolýar. Gowşak basylyp ýazylan harplar bolsa, gowşak häsiýetli adamlaryň häsiýetli aýratynlygydyr. Takyk ýazuw asuda we häsiýeti durnukly bolan adamlara mahsuslyk edýär. Uly ýazuwlar janypkeş, bilesigeliji hem-de şadyýan adamlarda gabat gelýär. Düşnüksiz, bulam-bujar ýazuw işjeňlikden, biperwaýlykdan nyşan bolup durýar. Harplaryň biri-birine goşulmagy bilen emele gelen ýazuwlar logiki pikirlenişi güýçli bolan adamlaryň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Eger harplaryň arasy biri-biri bilen birikmeýän, üzülip ýazylan bolsa, onda ol adamyň duýgurlygynyň ösenligini aňladýar. Ýazuwda çep gyrada boşlugyň galdyrylmagy adamynyň maddy gymmatlyga bolan gatnaşygyny görkezýär. Eger ol dar bolsa, onda ol adamyň tygşytlylygyny görkezýär. Eger giň bolsa jomartlykdan habar berýär. Eger çep gyrasy aşaklygyna uzaýan bolsa, zady bisarpa ulanýandygy, yrýa edýändigi bilen baglanyşykly. Göni bolmadyk, egrem-bugram setirler bolsa, mekir adamlara mahsusdyr. Çyzyk şekilindäki hatlar bolsa duýguçyllykdan nyşan, eger çyzyk ýok bolsa, bu adamy akylly we ätiýaçly hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Adamyň ýazuwy onuň ýagdaýyna we beýleki şertlere baglylykda üýtgäp bilýär. Mysal üçin, adam güýçli joşgunly, hyjuwly wagtynda ol ýazuwy adatdakysyndan güýçli basyp ýazýar.

Görnüşi ýaly, adamyň ýazuwy onuň häsiýeti babatda köp zatlary açyp görkezýär. Adamyň ýazuwynyň esasynda onuň daş-töweregindäkilerden, hatda özünden hem gizleýän häsiýetlerini ýüze çykarmaga ýardam edýär.



Şemşat ŞYHMUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
95
499