PELLEHANADAN GEÇMEK GEREK
1968-nji ýylyň oktýabr aýynyň salkyn agşamlarynyň birinde
Mehikonyň olimpiýa stadionynyň tribunalarynda tomaşaçylar
selçeňläp, marafona gatnaşyjylaryň soňkularynyň gelerine garaşýan iň
bir sabyrly janköýerler galypdyr. Efiopiýaly Mamo Woldeniň
pellehanadan geçip, ylgawyň ýeňijisi bolanyna, tomaşaçylaryň
şowhunly minnetdarlygyna eýe bolanyna eýýäm bir sagatdan hem
gowrak wagt öten eken. Iňrik garalyp, agşam sowugam düşüp
başlansoň, pellehanadan ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisi geçendir diýip
pikir edýän tomaşaçylar kem-kemden dagaşýar ekenler. Şonda
duýduryş çyralaryny ýakyp gelýän polisiýa ulaglarynyň ugratmagynda
stadiona ýene bir türgen giripdir. Ol tanzaniýaly Jon Stiwen Ahwari
eken. Ol stadionyň içinde marafonyň tamamlaýjy 400 metr aralygyny
ylgap geçýän wagty tomaşaçylar onuň aýagynyň sargylydygyny, ondan
bolsa gan syrygýandygyny görüpdirler. Asyl ol ýolda bir ýerlerde
ýykylyp, şikes alan eken, ýöne bu ýagdaý ony saklardan ejiz eken.
Soňra ol bu ýagdaýy şeýle düşündiripdir: «Ýurdum meni Mehiko diňebir ýaryşa gatylmak üçin ugratmady. Men bu ýere pellehanadan geçmek
üçin geldim».
Ahwari öz gözýetimini agyrynyň yzasy bilen çäklendirmändir, ol has
çuňňur hem uzaga garapdyr, ol has uly kartinany: Olimpiada gatnaşmagyň düýp
manysyny görüpdir. Üstünlik ýolunda hereket edýän çagyňyz, berk belläň, siziň
maksadyňyz — pellehanadan geçmekdir, ýagny ukyp-başarnyklaryňyzy iň
ýokary derejede berjaý etmekdir.
Terjime eden: © Orazmyrat MYRADOW